Düýe maly — dünýe maly
Lukman hekime: “Sen bolmasaň, biz nädip syrkawlykdan saplanaly” diýseler “Düýe saklaberiň” diýipdir...
...Ora çopan goş üçin iner däl-de inen alyp: “Saza haýwanlaryň içinde at bilen düýe düşünýändir” diýip, ýaňy botlan düýäň beýleräginde oturyp dutar çalardy. Aslynda, köşegini almaýan düýäniň ýanynda dutar, gopuz çalynsa mukama meýmireýän maýa abşaryp emdirer eken. Şeýle waka Kasym Nurbadyň: “Dilim gyrk” kitabynda hem bar. Garry çopanyň düýe sagyp, çal tutuşyny ilki geňleseňem, çölüň epgeginde çaldan doýansoň oňlaýaň.
Maljanly çopan serkäň jaňyny hepdede bir barlasa, ineniň owsaryny howudyny, düňküni günaşa barlap: “Düýäň howudy bolmasa, Weýis baba neýlesin” diýerdi. Keýpi kök wagty: “Bota, köşek, torum, taýlak, ogşuk, maýa, inen, iner, atan, göhert, lagar, dürek, jöň, duluç, gaýan” diýip sanaýşyna: “Düýäň gowusy arwana, ýüküň ýetmez kerwene” ýa-da “Kejebäň çekmäge ak maýa gerek” diýibem hiňlenibererdi. Iki örküçli iner bilen bir örküçli inenden boýny uzyn, syratly, süýtlek, butlak ak maýa, düşbüden daýaw, çydamlydan namysjaň, ýüňlekden etlek äpet boz ineriň alynýanyny, ýöne, şol ineriň höwre goýulmaýanyny, säwlik bolaýsa-da, ondan ýurdagaýdan, ýalta, bagyrak, jöň düýäniň emele gelýänini nygtardy.
“Biz oglankak düýesiz obany göz öňüne getiribem bolmazdy. Diş-diş tigirli “STZ” traktor, durşuna tagta tonýarymlyk maşyn gelensoňam: “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýip, ýer sürmek, ýük çekmek, argyşa gitmek, kejebeläp gelin getirmek düýäň boýnunady. Agzy jäheksiz jandar düýe bilen ýylandyr. Halaýan höregi şora, garak, syrkyn ýandak bolansoň, “Düýe gyrda, gözi şorda” diýilýär.
Bir sapar uly wezipeli, daşary ýurtly myhmanyň Murgapda düýe çalyndan doýup: “Düýä iým bolýany üçin ýandagy köpräk ekiň” diýenini eždatlarmyz ýylgyryp ýatlaýarlar. Burny gurtlan düýä üzärligiň tüssesini üfläp öwretseň tüssäň ysyna höltüldäp geläýýär. “Düýäni gotur, goýny titir” alýany üçin janawary alaň-açyklykda, ir ikindin tüsse edilýän ýerde saklamaly. Eşek: “Üstümden ýykylan toýnagymdan gaty ýere”, düýe: “Paşmagymdan ýumşak ýere ýykylsyn” diýermiş. Ýöne “Düýe — çaman, üsti — aman” diýilse-de, yranyp oturmaly bolýany üçin: “Atdan düşen — timar, düýeden düşen — bimar” diýip kän bir düýä münesimiz gelmezdi. Ýüňi, süýdi, çaly, hatda paşmagynyň kirem müň bir derde derman düýe 1954-nji ýylda Moskwada Halk Hojalygynyň Gazananlarynyň Sergisinden altyn medally dolanyp, Sakarçägäniň Düýedarçylyk obasyny äleme äşgär edipdi” diýýän Ora çopan Lukman hekimiň pendini tutýan bili düýeýüň guşakly, egni agar çäkmenli. Süňňi sagdyn, mal bilen, çöl bilen bagry badaşan watandar türkmen gojasy bolup kalbymda galypdyr.
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 05.122024