Şan-şöhrat getiren şahsyýetler
Bu toprakda ençeme halklaryň taryhy ykbalyna täsirini ýetiren alymdyr beýik şahsyýetler ötüp geçipdir. Şeýle görnükli şahsyýetleriň biri hem Abusagyt Abulhaýyrdyr. Onuň gadyr-gymmaty Magtymguly Pyragynyň “San bolsam” goşgusynda hem öz ornuny tapýar. Alymlaryň durmuş ýoluny öwrenmek ylym-bilim, medeni gatnaşyklarymyzyň baýlaşmagyna we täze ylmy çeşmeleriň ýüze çykarylmagyna getirýär.
Halklaryň ruhy dünýäsini birleşdiriji Abusagyt Abulhaýryň ömür-beýanyny öwrenmekde gymmatly çeşmeleriň biri Jemaleddin Abu Rauh Lutfullah ibn Abu Saidiň “Halat we sohanan-e Abu Sagyt” atly eseridir. Bu eseri çuňňur öwrenen alymlaryň biri-de Muhammed Ryza Şafi Kadkanidir. Şeýle çeşmeleriň ýene biri hem Muhammet Münewweriň “Esrar at towhyd” kitabydyr. “Halat we sohanan-e Abu Sagyt” atly eser Muhammet Münewweriň kitabynyň esasy çeşmeleriniň biridir. Muhammet Münewweriň “Esrar at towhyd” kitaby orta asyr pars sufizm edebiýatynyň parlak nusgalarynyň biri bolup, kitapda dini-filosofiki aspekt, sufizmiň aýratyn ýagdaýlary we görnükli wekilleri, döwrüň sosial-taryhy gurluşy, däp-dessurlary, şol bir hatarda taryhy şahsyýetler, alymlar, filosoflar dogrusynda gymmatly maglumatlar getirilýär.
“Esrar at towhyd” kitabynyň aýratynlygy Abu sagyt Abul haýyr hakynda täze maglumatlaryň üstüniň ýetirilmegindedir. Oňa goşulan täze durmuş hekaýatlarynyň köpüsi Abu sagydyň müritlerine degişlidir. “Esrar at-towhyt” kitabynda getirilýän maglumatlaryň köpüsi hakykata ýakyn bolup, onda wakanyň kim tarapyndan beýan edilýändigi näbelli bolanlary azdyr. Bu çeşme ylmy-barlag esasynda öwrenijilere we Gündogaryň edebiýaty bilen içgin gyzyklanan daşary ýurt ýazarlaryna şan-şöhrat getiren işleriň biri hasaplanýar. Bu eser hem Zukowskiý tarapyndan 1899-njy ýylda Peterburgda çap edilýär, şeýle-de Ahmedi Behmenýaryň we Zehibullah Safanyň zähmeti bilen Tähranda neşir edilipdir. Bu kitap 1966-njy ýylda arap, 1974-nji ýylda fransuz, 1976-njy ýylda nemes, 1992-nji ýylda iňlis, 2003-nji ýyl datürk, 2010-njy ýylda bolsa rus diline terjime edilipdir. Häzirki günde dünýäniň dürli ýerlerinde Türkiýäniň kitaphanalarynda, Sankt-Peterburgyň Gündogary öwreniş institutynda we Saltykow-Şedrin adyndaky kitaphanasynda, Daniýa Korollygynyň kitaphanasynda, Kair şäheriniň «Darul — kitap» kitaphanasynda, Kanadanyň Magkilu niwersitetiniň professory Herman Landoltyň şahsy arhiwinde, Daşkendiň Biruny adyndaky Gündogary öwreniş merkezinde golýazma nusgalary saklanylýar.
Çeşmelerde berlişine görä, bu kitap Abusagydyň ölüminden 120 — 150 ýyl soň ýazylan bolmagy mümkin diýen pikirler bar.
Ýokarda agzalanlardan görnüşi ýaly, onuň durmuş ýoluny öwrenmegiň halklaryň arasynda dostluk-doganlyk köprüsi boljakdygyny we umumadamzat bähbitleri bilen arabaglanyşýandygyny görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Haka we halka päk ýürekden gulluk eden beýik şahsyýetlerimiziň asylly işlerini, edebi miraslaryny çuňňur öwrenmäge halka hem-de dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Medeni miras — bu türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjydyr, şu gününe söýgüsidir, ertirine ynamydyr.
Ýusup ÖWEZNEPESOW.
Mary şäherindäki 26-njy orta mekdebiň mugallymy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 26.01.2023