24.10.2024 Gollanma20
Aýdym - saza köňül beren
Ýurdumyzda türkmeniň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan adamlary hormat bilen ýatlap, olaryň bitiren hyzmatlarynyň nesilleriň aňynda ebedi galmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine saldamly goşant goşanlaryň biri-de bütin ömrüni sungata bagyş eden Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Gurban Gummanowdyr.
Gurban Gummanow 1946-njy ýylda Mary etrabynyň Egrigüzer obasynda dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary milli opera sungatymyzyň uly ösüşleri başdan geçiren döwrüne gabat gelýär.
Olaryň maşgalasy Murgap etrabyna göçüp gelýär. Şeýlelikde, Gurban Gummanow heniz Murgap etrabyndaky şol wagtky 14-nji orta mekdepde okuwçy mahaly doganoglan agasy Orazberdi Akyýew bilen “Leýli-Mejnun”, “Zöhre-Tahyr”, “Şasenem-Garyp” ýaly operalaryň aýdymlaryny uly höwes bilen aýdar ekeni. Onuň çyn zehinine sarpa goýýan obadaşy Töre Haýdarow Gurbana öz ugrundan bilim almagy maslahat berýär. Gurban orta mekdebi tamamlap, aýdym-saz ugrundan bilim aljakdygyny kakasy bilen ejesine duýdurýar. Muny kakasy Gumman aga birbada göwnemeýär, ejesi Orazgözel daýza oňlansoň, kakasy hem oglunyň bu ugurdan bilim almagyna razylyk berýär. Şeýlelikde, Gurban Gummanow 1963-nji ýylda belli opera aýdymçysy Hojaw Annadurdyýewiň gatnaşmagynda geçirilen döwlet synagynda ýokary baha alyp, paýtagtymyzdaky şol wagtky Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Sazçylyk mekdebinde okaýarka, ony şol wagtky Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň halk saz gurallary ansamblyna aýdymçy-solist edip işe alýarlar. Ol bu ýerde ençeme ýyllap işleýär.
G. Gummanow 1982-1986-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini gaýybana okap, bilimini çuňlaşdyrýar.
Filarmoniýada işe başlan ilkinji günleri Gurbany Ukraina döwletine guralan döredijilik saparyna goşýarlar. Ol Ukrainanyň birnäçe şäherlerinde üstünlikli çykyş edýär. Soňra Gazagystan, Täjigistan, Russiýa, Belarus, Moldowa we beýleki döwletlere guralan döredijilik saparlaryna gatnaşýar. Estrada aýdymçylarynyň Bütinsoýuz bäsleşigine gatnaşyp, onda “Gämiçiniň jany bir” atly kinofilmdäki aýdymlary we Baýram Hudaýnazarowyň “Seni gözleýän”, Orazgylyç Gurbanýazowyň “Boýlaryňa” diýen aýdymlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirýär.
Şu günki ýaly ýadymda. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda biz welaýatymyzyň türkmen dili we edebiýat mugallymlary bolup, Mary şäheriniň mähellesi egsilmeýän şowhunly medeniýet köşgünde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap, edebi çäre geçirenimizde sungat ussatlary — ýazyjy-şahyrlar, artistler bilen bir hatarda Mämi Çaryýew, Gurban Gummanow dagy hem gatnaşypdy. Şonda Gurban Gummanow akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen “Boýlaryňa”, “Paş eder seni”, “Janyna degmez”, “Aýa döndi” ýaly aýdymlary ussatlyk bilen aýdanda mähelle haýran bolup, zal tutuş gulaga öwrülipdi.
1970-nji ýylyň ýazynda filarmoniýada işleýärkä ol Murgap etrabynda döredijilik saparynda bolýar. Öz obadaşlarynyň öňünde Gurban joşup aýdym aýdýar. Konsert mahaly onuň öňki hatarda oturan bir gyzda gözi eglenýär. Çykyş tamamlanansoň, ol çeper höwesjeňleriň gurnagynda aýdym aýdýan şol Gülnabat atly gyz bilen ýakyndan tanyşýar. Şol tanyşlyk hem olaryň durmuş gurmaklaryna getirýär.
Gurban Gummanow Gülnabat daýza bilen otuz bäş ýyl ýaşaşdy. Olaryň agzybir maşgalasynda bäş çaga kemala geldi. Bu günki günde bäş doganyň bäşisem ylymly-bilimli bolup ýetişdi.
Gurban Gummanow dürli aýdymlary tebigy zehini bilen ýerine ýetirip, sungat ugrundan bilim berýän mugallymlarynyň sagbolsunyna mynasyp bolýar. Kompozitor Aşyr Kulyýew bolsa onuň zehinine ýokary baha berip: “Gurban türkmen estradasynyň taýsyz zehini bolar” diýip, onuň geljegine umyt baglaýar.
Sungat älemine gelip, öz ýoluny tapan bu aýdymçy öwrenen aýdymlarynyň haýsy birini hem aýtsa, göýä, ol aýdym onuň özüniňki ýaly bolup hakydaňa dolýar. Ýogsa, ol aýdymlary diňe onuň özi däl, başga aýdymçylar-da aýdyp ýörendirler.
Onuň hoş owaza ýugrup aýdýan aýdymlary Nury Halmämmedow, Weli Muhadow, Çary Nurymow, Aşyr Kulyýew, Daňatar Hydyrow, Baýramdurdy Hudaýnazarow ýaly kompozitorlarda uly täsir galdyrýar. Ol bu aýdymçy kompozitorlar bilen döredijilik gatnaşygynda bolup, ençeme aýdymlary ýerine ýetirýär.
Elektrodutaryň ýanynda ilkinji bolup aýdym aýdan hem Gurban Gummanow bolmaly.
Şu ýerde, bir zady belläp geçmek möhümdir, ol hem Gurban Gummanowyň aýdan aýdymlaryny iki ugurda — Türkmenistanyň at gazanan artistleri Sapar Mämiýew we Wladimir Sapeginiň sazandarlyk etmeginde elektro dutardyr pianinonyň gapdalynda hem-de estrada-da ussatlyk bilen ýerine ýetirenligidir.
1972-nji ýylda režissýor Kakow Orazsähedow ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” powesti esasyndaky filmi surata düşürmegi meýilleşdirýär. Ol filmiň “Japbaklar” diýen aýdym bilen başlanmagyny makul hasaplaýar. Şeýlelikde, Kakow Orazsähedowyň teklibi bilen kompozitor Nury Halmämmedow Berdi Kerbabaýewiň goşgusyna döredilen “Japbaklar” aýdymynyň sazyny ýazýar we aýdymy Gurban Gummanowyň ýerine ýetirmegini göz öňünde tutýar. Gurban Gummanow özüne bildirilen ynamy ödemek üçin aýdymyň üstünde irginsiz işleýär. Şeýlelikde, ajaýyp aýdym döreýär. Film başlanan dessine:
Biz pyýada, nan atly,
Arzuwymyz ganatly, japbaklar,
japbaklar, japbaklar —
— diýlip, aýdylýan bu şowhunly aýdym ýaňlanyp, şadyýan japbaklar hem her hili oýunlar edip, tomaşaçylary gyzyklanmalara atarýar.
Sungat äleminde öz ýoluny goýan Gurban Gummanow bütin ömrüni türkmen milli aýdym-sazynyň pajarlap ösmegine bagyşlady. Ol paýtagtymyzda döredilen “Lälezar” aýdym-saz toparyna ýolbaşçylyk etdi. Onuň halypalyk etmeginde estrada aýdymçylarynyň birnäçesi ösüp ýetişdi. Olaryň hatarynda Rahmet Arnagylyjow, Suhanberdi Orazberdiýew, Akjagül Annanowa, Leýli Weliýewa, Ogulbossan Rahymowa, Berdi Geldiýew ýaly onlarça zehinleri görkezmek bolar. Zehinli ýolbaşçynyň “Lälezar” aýdym-saz topary Diýarymyzyň dürli künjeginde, şeýle-de, daşary döwletlerde — Hindistanda, Hytaýda, Kiprde Wýetnamda geçirilen medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, uly at-abraýa eýe boldy.
Tanymal kompozitor Daňatar Hydyrow Gurban Gummanow hakynda şeýle diýýär:
— Gurban irginsiz işleýän aýdymçylardandy. Bir aýdyma saz ýazyp, onuň eline berersiň welin, soň oňa düzediş girizmek gerek däldir. Edil ussat zergäriň elinde şaý-sepiň nur saçyşy ýaly, onuň aýdymy göwnüňi joşduryp durandyr. Sungatda öz ýoluny goýmak her kime başartmaýar. Gurban Gummanow öz ýoluny tapan ussatdy. Şonuň üçin onuň şirin owazy hemişe gulaklarda ýaňlanyp dur.
Şu ýerde, tanymal aýdymçynyň gyzy — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Güljahan Şükürowanyň kakasy hakynda aýdanlaryny ýatlap geçeliň.
— Kakam eline aýdym bolmaly goşgyny alyp, käte uzak gije taýýarlanardy. Oňa hijimiz päsgel bermeli däldik, öýümiziň düzgüni şeýledi. Çünki, ol aýdymyň dünýäsinde ýaşaýardy. Siňdiren yhlasy ýerine düşende bolsa, onuň ruhy al-asmana galardy. Şeýle günlerde ol şol aýdymy ýazan kompozitora ir bilen jaň edip, aýdymyny aýdyp bermäge howlugardy. Ilki bilen bolsa: «Gülnabat, diňle!» diýip, hoş owazy bilen täze aýdymyny ejeme aýdyp berip, öýümizi ala-ýaz ederdi. Kompozitorlardan Çary Nurymow, Nury Halmämmedow, Rejep Allaýarow, Rejep Rejebow, Aşyr Abdyllaýew dagy öýümize ýygy--ýygy gelip, ony diňlärdiler, maslahat bererdiler. Bu ýagdaý bizde häli-şindi gaýtalanar durardy. Biz şeýle ojakda kemala gelipdik...
Hawa, tanymal aýdymçy Gurban Gummanowyň aýdan aýdymlary türkmen milli aýdym-saz sungatynyň baýlygydyr. Haçan-da, zehinli aýdymçy ýerine ýetirýän aýdymlaryny şirin owaza ýugrup aýdanda, göwünler ganat ýaýyp, asmana galýar. Munuň özi belent ussatlygyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan halypalara belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Akmyrat REJEPGULYÝEW,
Ýolöten etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 24.10.2024