18.10.2024 Gollanma27

Ömrüň paýhas ölçegi


Paýhasly pederlerimiziň nesillere miras goýan asylly ýörelgeleriniň biri-de kitap okamakdyr. Kitap okamagy ata-babalarymyz sogaply işleriň hatarynda goýupdyrlar. Aýratyn hem, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde kitabyň uly ähmiýeti bardyr.

Kitap ömrüň paýhas ölçegidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Kitabyň okalýan ýerinde, ynamyň bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär, maksatlary amala aşyrmaga uly mümkinçilik döreýär, giň gapy açylýar, ýurt binasy berkeýär. Kitap okamak islegi halkyň dowamatyna dowam gatmak bilen barabardyr» diýip belleýär. Şundan hem ata-babalarymyzyň kitaba, söze belent hormat-sarpa goýandygyny aýdyň görmek bolýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem özüniň ajaýyp goşgularynda: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip ýazýar. Kitap durmuşyň, ömrüň manysyny açyp görkezýär. Kitap bizi döwürler bilen ýüzleşdirýär, alymlar, ulamalar, ussat ýazyjy-şahyrlar bilen söhbetleşdirýär. Häzirki döwrüň innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza giňden ornaşmagy kitaba bolan elýeterliligi has-da artdyrdy. Bu bolsa islendik kitaby okap, manysyny tirmäge ajaýyp mümkinçilikdir.

Bilim işgäri hökmünde şu ýerde durmuşymda bolup geçen bir wakany gürrüň bereýin. Mugallym bolup, ilkinji işe gelen ýyllarymda kitaba höwesli bir okuwçym bardy. Her gün sapakdan soňra deň-duşlary öýlerine gaýtsa, ol mekdebiň kitaphanasyna barardy. Bu ýagdaýa yzygiderli syn etdim. Bir gün sapak wagty gutarandan soň, ol okuwçyny ýanyma çagyryp, nähili kitaplary okaýandygyny soradym. Şonda ol: «Mugallym, men her günde kitaphanamyza baryp, gyzykly çeper eserleri okaýaryn. Atam pahyr maňa çagalykdan kitap okamagy maslahat bererdi. Men atama köp kitap okap, geljekde bilimimi, dünýägaraýşymy artdyrjakdygyma söz berdim. Şondan bäri her gün okuwdan soňra kitap okaýaryn» diýdi. Soňra ondan: «Sen okuwdan soň ýadaňokmy? Öý işleriňe nähili ýetişýärsiň?» diýip soradym. Şonda: «Mugallym, men kitap okasam dynç alýaryn. Dürli wakalar, durmuşdaky dürli hadysalar bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn. Kitap okamak meň üçin edil kino gören ýaly. Şonuň üçin günde kitap okamaga galýaryn» diýip jogap berdi. Men şol okuwçynyň ähli derslerden ýokary baha alýandygyny bildim. Soňra men onuň bilen okaýan kitaplary, çeper eserleri hakynda pikir alşyp başladym. Şeýlelikde, ol okuwçym mekdebi üstünlikli tamamlady. Özüniň bilime teşneligi, giň dünýägaraýşy bilen tapawutlanan okuwçymyň yhlasy ýerine düşüp, mugallymçylyk ugrundan ýokary okuw mekdebine girip, ony tamamlansoň öz mekdebimize türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe geldi. Men şonda kitaba bolan höwesiň, yhlasyň hijem ýerde galmajagyna aýdyň göz ýetirdim.

Kitap diňe bir ylym-bilim çeşmesi bolman, durmuşyň, döwrüň keşbini açyp görkezýän, ynsany watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän gymmatlykdyr. Kitap nesilleriň we döwürleriň ruhy baglanyşygyny üpjün edýän hazynadyr.

Arazsoltan ÖWEZOWA,
Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň müdiri.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 17.10.2024

Tmpedagog