17.10.2024 Gollanma39

Ekeremde baýlygyň bar


Bu ýerlere her sapar ýolum düşende, obadaşymyz, şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusowyň:

Ýok seriňde gaýgy-gamyň,
Sap howadan alýaň demiň,
Golaýyňda yşyk saçýar
Ýaňy dörän Ekeremiň.

Ekeremde baýlygyň bar,
Bol magdanly aýlagyň bar,
Halkym üçin zerur bolan
Gazyň, duzuň hem ýagyň bar... —

diýen setirler bilen başlanýan «Esenguly» goşgusy biygtyýar ýadyma düşýär. Baryp geçen asyryň ellinji ýyllarynda Esenguly etrabynyň Ekerem töwereklerindäki nebitgazly ýataklaryň özleşdirilip başlanmagy bilen, bu meýdança-da Ekerem ady goýlupdyr. Soňra bu ýerlerdäki nebitgazly ýataklaryň gözleg-burawlaýyş işleriniň geriminiň has-da giňelmegi bilen, täze bir nebitçiler şäherçesini döretmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şol şäherçäniň düýbüni gäminiň gidýän ugruny görkezmek üçin, suwuň ýüzünde çümmän durar ýaly edilip goýulýan belligi aňladýan älem sözünden gelip çykan, Hazar deňziniň kenaryndaky Älemli atly ýeriň golaýynda tutmak makul bilinýär. XX asyryň altmyşynjy ýyllarynda Ekerem meýdançasynyň 20 kilometre golaý günbatarynda, agzalan ýerde peýda bolan täze şäherçe Ekerem diýlip atlandyrylýar.

Ýerasty baýlyklary gözleýjileriň şäherçesi bolan Ekeremde häzir milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri hasaplanylýan ýangyç-energetika pudagyna degişli önümçilik birlikleriniň ençemesi bar. Bu ýerde ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda ösen tehnologiýalara daýanýan, deňiz suwuny süýjedýän desga, ähli amatlyklary bolan «Gara altyn» ýaşaýyş jaý, döwrebap we kämil enjamlar bilen abzallaşdyrylan bedenterbiýe‑sagaldyş toplumlary peýda boldy. Durky düýpli täzelenen şäherçe hassahanasynyň, «Tolkun» çagalar bagynyň binalary bolsa deňizýaka şäherçäniň görküne görk goşýar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň düzümine girýän, edara jaýy şu şäherçede ýerleşýän Ekerem buraw işleri müdirligi şu sebitde iri kärhanalaryň biri hasaplanylýar. Ýakynda özüniň ýarym asyrlyk toýuny toýlan müdirligiň zähmetsöýer burawlaýjylary häzir welaýatymyzdaky Uzynada, Demirgazyk Goturdepe, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije, Ekerem, Kemer, Keýmir, Şatut, Porsy ýaly nebitgazly meýdançalarda burawlaýyş işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar.

Kärhananyň işi barada Ekerem buraw işleri müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Arslan Annaseýidow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:

— Biziň müdirligimizde inžener-tehniki işgärleriň we işçileriň 870-den gowragy zähmet çekýär. Zähmetsöýer burawlaýjylarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen 9 aýynda dürli meýdançalarda 22 müň 613 metr ýer gatlaklaryny burawlamagyň hötdesinden geldiler. Netijede, guýularyň altysynda burawlaýyş işleri doly tamamlanyp, degişli nebitgaz çykaryş müdirliklerine tabşyryldy. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr.

Burawlaýjylaryň iş şertlerini gowulandyrmak barada yzygiderli alada edilýär, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän enjamlar, tehnikalar önümçilikde giňden ulanylýar. Bu bolsa iş öndürijiligini artdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.

Repbimberdi SAPARDURDYÝEW,
Esenguly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 17.10.2024

Tmpedagog