10.10.2024 Gollanma39

Bereket kesegi


Bu hakda maňa babam gürrüň beripdi. Mekdebe gatnap başlan uçurlarymdy. Bir gün agşam şamlyga palaw bişirilipdi. Ana, şol palawyň üstündäki et bölegi hem bu söhbediň gep başyna öwrüldi. Babam:

— Palawyň etini dograşdyryp, iýiberseňiz bolmaýarmy?! Ýa ony bereket kesegi etjek bolýarsyňyzmy?! — diýip, biziň tabagymyza tarap ümledi. Babamyň nämä kakdyrýandygyny aňsak-da, onuň «bereket kesegi» diýýänine düşünmändik. Muny soragly nazarlarymyzdan aňan babam:

— Harman atylyp, çäji harpykdan saýlanylandan soň, arassa ýere üýşürilen dänäniň depesinde yrym edilip, ýumruk ýaly gaty kesek goýulýandyr. Ana, şoňa-da «bereket kesegi» diýilýär. Däne çuwallara gaplanylyp bolunýança, şol kesege el degrilmeýär. Harman ýygnalyp bolnandan soň, bereket kesegi tohumlyk däne salnan çuwallaryň birine ýa-da ura salynýar. Togsan dolup, ýere ýyly girenden soň, daýhan pelleri ekişe taýýarlaýar. Her bir dänäň müň bolmagy dileg edilip, topraga tohum sepilýär — diýip, gadymdan galan bu täsin dessuryň hikmetini düşündirdi.

Pederlerimiziň daýhançylyk dessurlarynyň biri bolan bereket kesegi hem geçen ýylky bol hasylyň rysgalyndan teperrigi, paýy alamatlandyryp, bugdaý ekilen peliň içine oklanylýan eken.

Selbi ORAZGELDIÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 103-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 10.10.2024

Tmpedagog