10.10.2024 Gollanma44

Oýlan, dostum, kitap dälmi?


Bu setirleriň sizi birbada oýlandyrmagam ahmal. Sebäbi, sözbaşy ornuna ýazylan bu setirleri öz ýandepderçämden göçürdim. Bu setirleriň ýandepderçämde duranyna gaty kän ýyllar geçipdir. Indi, bolsa, bu goşgy setirlerini okyjylar bilen paýlaşmagyň wagty ýeten hasap edýärin. Bu goşgy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň belli bolan “Kitap” atly goşgusyndan alyndy.

Goşgy barada gürrüňe başlamazdan ozal, türkmen edebiýatynda, ylmynda bitiren ylmy işleri, ajaýyp eserleri bilen öçmejek yz galdyran şahyr, alym, dil we edebiýat ylymlarynyň doktory, akademik Aman Kekilow barada käbir maglumatlary agzap geçsek, hakykatdan daş düşmesek gerek.

Ol Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew ýaly ägirtler bilen bilelikde XX asyr türkmen edebiýatynyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň hatarynda uly hormat bilen ýatlanylýar.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň ýiti zehininden dörän ajaýyp eserleri, türkmen ylmyna goşan saldamly goşantlary onuň şahsyýet aýratynlygyny özboluşly bezeýär. Döredileli bäri esli wagt geçen hem bolsa, “Söýgi” romany barada gürrüň edilse, zehinli şahyr biygtyýar göz öňüňe gelýär.

Bize belli bolan “Kitap” atly goşgy Aman Kekilowyň döredijilik ussatlygynyň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, bäşleme görnüşinde ýazylypdyr. Goşgynyň mazmuny hem şahyryň öz ýaşan döwrüniň meselelerine seslenmegi başarandygyny görkezýär.

Bu goşgy türkmen halkynyň ylma-bilime ýokary baha berýändigine, ylymly-bilimli adamlara aýratyn hormat goýýandygyna şaýatlyk edýär.

Goşgy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasap edilýän günlerinde täze öwüşgin bilen ýaňlanýar.

Döwletmyrat AKMYRADOW.
Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň mugallymy.


Aman KEKILOW.

Kitap


Dünýä inip, dil açaňda,
Many aňlap, dür saçaňda,
Ertir-agşam göz açaňda,
Ýan-ýoldaşyň, gürrüňdeşiň

Ýatla, dostum, kitap dälmi?
Ilki gezek irden galyp,
Sumkajygyň gola alyp,
Mekdep sary nazar salyp,

Ugranyňda agyr ýüküň
Ýatla, dostum, kitap dälmi?
Dürli-dürli many saçan,
Gözýetimiň giňden açan,

Kyn sowala duşsaň haçan,
Jogap gözläp, ýüz tutanyň,
Oýlan, dostum, kitap dälmi?
Zähmetiňde, söweşiňde,

Medetkäriň teşwüşiňde,
Alyp barýan her işiňde,
Kömekleşýän akyl öýüň
Oýlan, dostum, kitap dälmi?


"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 10.10.2024

Tmpedagog