Mugallymyň ussatlygy başarjaňlyk çemeleşmesine baglydyr
Ýaşlara bilim we terbiýe bermekde, mekdepde okuw-terbiýeçilik işleriniň kämil bolmagynda mugallymyň orny uludyr. Çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, dünýä täzeliklerinden habarly, ylmy-barlag, döredijilik işlerini geçirmäge höwesli, başarnykly, medeniýetli şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek ata-ene bilen bir hatarda, mugallymlaryň paýyna düşýär. Orta mekdeplerde ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde, tapawudy ýok, okuwçy-da, talyplar hem mugallymyň şahsy göreldesine eýerýärler. Şonuň üçin mugallym öz geýnişinde, özüni alyp barşynda, ahlak taýdan arassalygynda, adalatlylygynda öz okuwçylaryna, talyplaryna nusga alarlyk bolmalydyr.
Okuwçylar ýa-da talyplar bilen işlemäge bolan höwes, olara söýgi, mähir, geçirimlilik, adamkärçilik, dogruçyllyk — ine, şularyň hemmesi mugallyma mahsus häsiýetler bolmaly. Şu häsiýetler aýry-aýry şahsyýetiň edil şu ruhda terbiýelenmegine kömek edýär. Geljege bolan ynam, Watana söýgi, ylmy we medeni dünýägaraýyş, ýokary durnuklylyk, özüňi medeniýetli alyp barmak, döredijilikli işlemek, pedagogik ussatlyk, öz hünäriňi yzygiderli kämilleşdirmek mugallymyň abraýynyň, mertebesiniň özeni bolup durýar.
Ylmyň, tehnikanyň güýçli depginler bilen ösmegi, innowasion tehnologiýalaryň durmuşyň ähli ugurlaryna, şeýle-de bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy mugallymdan täzeçe, häzirki zaman pedagogikasynyň talaplaryna laýyk işlemegi talap edýär.
Okuwçylar internetden, habar beriş serişdelerinden we beýlekilerden köp maglumatlary kabul edip alýarlar. Kabul edilip alnan maglumatlara okuwçylaryň dogry düşünmegini gazanmak üçin olaryň akyl taýdan ösüşini üpjün etmäge ýardam berjek okatmagyň netijeli usullaryny tapmak zerurlygy ýüze çykýar. Okuwçylaryň mekdepde berilýän bilimleri hem-de internetden we habar beriş serişdelerinden alýan täze maglumatlaryny özbaşdak, aňsat, ýeňillik bilen özleşdirip bilmek başarnyklaryna eýe bolmaklary gerek. Munuň üçin mugallymyň olarda okuw işine köptaraplaýyn çemeleşmäni başarmagy terbiýelemegi, okatmagyň işjeň (interaktiw) usullaryndan peýdalanmagy zerurdyr.
Okuw işine köptaraplaýyn çemeleşmäni başarmagyň esasy görnüşlerine: manysyna düşünip okamak, olary içgin öwrenmek, diňlenen tekstlerden, ulanylan çyzgylardan, tablisalardan we suratlardan özüňe zerur bolan bilimleri saýlap almak, şeýle-de, esasy hem-de goşmaça maglumatlary kesgitlemek, gözleýän maglumatlaryňy erkin tapmak, teksti düzmegiň kadalaryny göz öňünde tutup, dürli žanrlaryň tekstlerini düzmek degişlidir. Okuwçylarda okuw işine köptaraplaýyn çemeleşmäni başarmagy terbiýelemekde, olaryň gyzyklanmalaryny, bilesigelijiligini, ylmy döredijilige bolan höwesi ösdürmekde mugallymyň gözegçiliginiň aýratyn orny bar. Okuwçylarda öwrenýän bilimine, ylmy döredijilige bolan höwesi ösdürmek, olarda ilkinji ylmy-barlag işleri geçirmek başarnyklaryny we endiklerini kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu dersi okadýan mugallymyň ylym derejesiniň ýokary bolmagyna, ussatlygyna we döredijilikli işlemäge bolan ukybyna baglydyr. Her bir temany öwretmek üçin mugallymyň ony özüniň içgin bilmegi, sapagyň maksadyny, wezipesini, sapak wagtynda okuwçylaryň ünsüni özüne çekip, olary her bir geçilen tema bilen gyzyklandyryp bilmegi zerur. Ol mydama gözlegde bolup, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde bilimiň, ylmyň gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyş bolmaly. Mugallym sapak geçende nämäni öwretmelidigini we nähili usulda öwredilende berilýän bilimi okuwçynyň aňyna ýetirip, berk özleşdirip bilmeklerini gazanyp boljakdygyny bilmelidir.
Häzirki zaman pedagogikasynda ulanylýan okatmagyň işjeň usullary, internet maglumatlary şu wezipeleri çözmäge mugallymlara ýakyndan kömek berýär. Didaktiki maglumatlardan ýerlikli peýdalanmak, okuw-terbiýeçilik işlerine innowasion pedagogik usullary giňden ornaşdyrmak mugallymyň başarjaňlygyny artdyrýar, okuwçylara berilýän bilimiň içgin özleşdirilmegine, olarda başarnyklarynyň kemala gelmegine, alan bilimlerini geljekde durmuşda ulanyp bilmek ukyplarynyň ösmegine ýardam berýär. Mugallymyň esasy wezipesi diňe bir öz okadýan dersini öwretmek däl, okuwçynyň gowy endiklerini, zehinini, aň taýdan, adamkärçilik, ahlaklylyk we raýatlyk häsiýetlerini hem ösdürmekdir. Diňe şu meseleleriň ählisi dogry çözülende, pikirlenmek we jogapkärçiligi duýmak bilen, okuwçylar jemgyýetiň üstünlikli ösüşini ýola goýmaga kömek edip biljek ýaşlar bolup ýetişerler. Bu bolsa mugallymdan öz hünärini söýmegi, ony üznüksiz, yzygiderli kämilleşdirmegi, döredijilikli işlemegi talap edýär. Döwrüň talaplaryna laýyk işlemek, biziň geljegimiz bolan ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermek mugallymlaryň mukaddes borjudyr.
Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
tebigy we takyk bilimler bölüminiň baş ylmy işgäri,
biologiýa ylymlarynyň doktory.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.10.2024