25.09.2024 Gollanma40

Halkara çäreleriň ähmiýeti


Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherindäki «Arman Dala» saglyk we güýmenje merkezinde «Jastar Generation — 2024» atly halkara çäre geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryny jemlän bu çärä ýurdumyzdan hem wekiller gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işgärlerinden we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlaryndan ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda taslamany dolandyrmak, medeniýetler arasyndaky aragatnaşyk, emosional intellekt, metbugat mahabaty we beýleki ugurlar boýunça ussatlyk sapaklary we okuwlar geçirildi. Onda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Maksat Bugraýew bilim ulgamyndaky täzelikler, dil başarnyklaryny ösdürmek we medeniýetler arasyndaky aragatnaşyk baradaky çärelere işjeň gatnaşdy. Olarda sanly tehnologiýalary okuw prosesine ornaşdyrmak we daşary ýurt dillerini okatmagy gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda sebitiň ýurtlary bilen ýaşlar syýasaty ugrundaky taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmekde hem-de öňe sürmekde netijeli işleriň alnyp barylmalydygy nygtaldy. Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda ýaş hünärmenler üçin okuw maksatnamalarynyň işlenip düzülýändigi bellenildi.

Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim we ýaşlar syýasaty babatynda özara täsirini çuňlaşdyrmak üçin möhüm taslama öwrüldi. Türkmen tarapynyň şeýle möhüm halkara taslamasyna gatnaşmagy hünär gözýetimlerini giňeltmäge, öňdebaryjy tejribäni we innowasiýa çözgütlerini ulanyp, häzirki zaman bilim çemeleşmelerini ornaşdyrmakda möhüm tejribe toplamaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem üznüksiz ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek islegini görkezdi.

«Mugallymlar gazeti».
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 25.09.2024

Tmpedagog