29.01.2023 Gollanma82 .

Öz ilimiň bagşysy (Gulbaba üç ýaşynda...)


Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda zehinli bagşy Gulbaba Akyýew barada ýandepderçämde galan käbir ýazgylary okyjylara ýetirmegi makul bildim.

 Gulbabanyň kakasy hem halypasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew ussat sazandalaryň biridi. Ol welaýat halk döredijilik öýüne ýolbaşçylyk edýärdi. Ogly Gulbabajygyň kiçiliginden aýdym-saza bolan höwesini duýup, oňa dutar çalmagy-da, sadaja goşgularyň sözlerine döredilen aýdymlary aýtmagy-da öwredýärdi.

 Gulbaba üç ýaşynda dutaryň perdelerini yzarlap başlaýar. Onuň aýdym-saza bolan ukyby, kämilligi, düşünjesi günsaýyn giňeýär. Ol dört ýaşynda ilkinji gezek konsert berýär. 1963-nji ýylyň tomsunda Moskwa şäherinde geçirilen Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günlerinde çykyş edýär. Şonda eli dutarly, egni gyrmyzy donly, başy akja telpekli körpe bagşa tomaşa edýänler uly hormat bilen ör turup, dowamly el çarpýarlar.

 1965-nji ýylda zehinli bagşymyz ýene Moskwada şol wagtky Halk hojalygynyň gazananlarynyň bütin soýuz sergisinde çykyş edip, tomaşaçylaryň göwünlerini awlaýar. Onuň aýdymlary Türkmen teleýaýlymynda, radiosynda yzygiderli ýaňlanýar.

 Gulbabanyň aýdymlaryny diňläniňde, Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasow, Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarow ýadyňa düşýär. Çünki körpe bagşy şol ussat halypalaryň aýdymlaryny, Durnazar Hudaýberenowyň şirinden-şirin sazlaryny gowy görüpdir. Zehinli bagşy gysga ömrüniň içinde tomaşaçylaryň öňünde 97 gezek konsert bilen çykyş edýär. Ol şonuň 30-syny häzirki Garagum derýasynyň gurluşykçylaryna bagyşlaýar.

 Bir gezek Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň öýüne telegramma gelýär. Onda Gulbabanyň türkmen kinofilmine surata düşmelidigi, özem onuň aýtjak aýdymlarynyň heniz ýaýlymda ýa-da toý-tomaşada aýdylan aý dym bolmaly däldigi nygtalýar. Han Akyýew Türkmengala etrabyndan ussat sazanda Durnazar Hudaýberenowy çagyrýar. Olar «Öz ilimiň bagşysy men» diýen aý dymyň üstünde işleýärler. Han Akyýewiň sözlerine dörän bu aýdymy Gulbaba «Daşgaladaky waka» diýen kinofilmde ilkinji gezek ýerine ýetirýär. Gulbaba bu kinofilmde öz iliniň hakyky bagşysy bolup çykyş edýär.

 Çagalygyndan tejribeli bagşylaryň hataryna goşulyp giden Gulbaba Akyýewiň ýerine ýetiren «Gelemen», «Akmaýa gerek», «Nowgül», «Begler», «Galmanam» ýaly aýdymlary halk arasynda hemişe söýlüp diňlenilýär.

Döwletmyrat AKMYRADOW,
Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 27.01.2023

Tmpedagog