20.09.2024 Gollanma61

«Ýagşy sözler jaý eýleýir dil içre»


Halkyň hakydasyna ornan sözüň yrýasy ýok. Jüpüne düşen nakyllaryň manysyny, hikmetini tirdigiň saýy, maňzyňa batyp duran pikirler bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Pederlerimiziň «Ilki oýlan, soň gürle!» diýen pähimli sözi hem nesillere pent bolup galypdyr. Bu pikiriň hikmetine Ýunus Emräniň: «Söz kylar gaýgyny şat, söz kylar tanyş-bilşi ýat» diýen setirleriniň üsti bilen has aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Söz ynsan kalbynda baharyň hoştaplygyny döredip, özgeleri mähir kuýaşy bilen çoýmaga ukyplydyr. Käteler bolsa hazan ýeli ýaly köwsarlap, kalplarda apy-tupan turuzýan, duýgularyňy aldym-berdime salýan hem sözdür. Söz dowasyz derdiňe em, synan göwnüňe seýikdir. Käte gubarsyz ýüregiňi para-para edýän hem sözdür. Käbir söz ejiz süňňüňe gurbat, göwnüňe ganat bolar. Negada şol söz guşjagazyň ganatyny syndyrjak zyňylan daşa meňzeýär.

...Gadym zamanlarda bir adam bilen ýolbars arasyndan gyl geçmeýän dost ekenler. Wagtyň synagyndan geçen dostluk kyýamatlyk doganlyga ýazyp, geçip duran aý-günler olary has-da ysnyşdyrypdyr. Emma günleriň birinde «Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny — söz» diýleni bolupdyr. «Ýedi ölçäp, bir kesmegiň» aýtjak sözüňe-de dahyllydygyny unudan adam dilinden ýoknasyz bir sözüň sypanyny duýman galypdyr.

Bir gezek ol aw-şikärden gaýdyp gelse, ýolbars gowagyň agzynda et iýip ýatan eken. Şonda ol:

— Ýolbars dost, senem edil it ýaly, süňki iki aýagyň arasyna salyp iýýän ekeniň-ow — diýipdir. Söz, edil hanjar ýaly, ýolbarsyň ýüregini ýaralapdyr. Sözüň yzasy etinden ötüp, süňňüne ýetipdir. Gözleri gan guýma gyzaran ýolbars ahmyr bilen arlap:

— Eý, adamzat, gylyjyňy syr-da, sal gerşimden! — diýip, haýbat atypdyr. Adam onuň öwzaýynyň bozukdygyny aňyp, ýolbarsyň diýeni bilen bolupdyr. Gylyç salyp, ýolbarsy ýaralapdyr. Soňam gorkusyna ökjäni göteripdir.

On-on bäş günden soň, diýen sözüne, eden işine ökünen adam ýolbarsyň halyndan habar almak üçin gowaga barypdyr. Görse, ýolbars tut ýalymyş, ýarasy-da bitipdir. Tygyň yzy çalaja bildirýän eken. Şonda ýolbars adama garap:

— Gördüňmi? Tyg ýarasy biter, dil ýarasy aňsat bitmez — diýipdir.

Bu rowaýatyň mazmunyny türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy: «Bir ýaman söz jana ýylan dişidir,//Soksa, zähri asan çykmaz iniňden» diýen setirlerinde has çeper beýan edýär.

Eý, göwün güzerim, senden suw ýaly susup alan sözlerim şerebe bolmasyn, zülal çeşmäniň suwy ýaly köňülleriň mähre teşneligini gandyrsyn! Eý, köňül bossanym, senden çemen deýin tiren sözlerim özge ýürekleri gülzara öwürsin!

Gülruh MÄTÝAKUBOWA,
Akdepe etrabyndaky 103-nji orta mekdebiň müdiri.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 19.09.2024

Tmpedagog