Magtymguly Pyragy ýaş nesil terbiýsinde nusgalyk mekdepdir!
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlaryny ulgamlaýyn ösdürmegiň taryhy maksatnamalary durmuşa ornaşdyrylýar. Täze durmuş gurluşygynyň esasynda türkmen ylmy belent sepgitleri eýeleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi bilen türkmen ylmy günsaýyn kämilleşýär. Häzirki günlerde ylmyň netijeliligi ösüşiň baş şertine öwrülýär. Adamlaryň aňyýetini ösdürmekde, olaryň ruhu-belentligini gazanmakda öz mynasyp goşandyny goşan beýik şahsyýetleriň, şol sanda, Gündogaryň beýik söz ussady, akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi öwrenilýär
Her bir halkyň sežde edýän simbol-nyşanlarynyň bolşy ýaly, biziň halkymyzyňda seždegähleriniň biri Magtymgulydyr. Sebäbi, ol halkymyzyň ynsap ölçegidir. Şol päk ynsabyň ölçegine sygýan her bir adam öz beýik şahyrynyň ruhuna sygynmalydyr, beýik şahyrlaryň ruhy her zaman öz halkynyň üstünde ganat ýaýyp, oňa ýagşy güni arzuwlap ýörendir. Hut şonuň üçinde Akyldaryň sarpasy has-da belent tutulýar. Şahyryň kitaplary türkmen-rus dillerinde yzly-yzyna neşir edildi. Şeýdip biz öz şahyrymyzy ýagşylykda ýatlap durýarys. Beýik Magtymguly bize - öz kowmuna şeýle wesýet edipdir:
Magtymguly binowa, biçäre andalyby,
Bir parça gam döwrany bolmuş onuň nesibi.
Ýygylsa, kylmaz çäre oňa dähriň tebibi,
Her mejlisde, söhbetde ýat ediň men garyby,
Eý, ýaranlar, şat ediň haýry-dogada bizni!
Magtymguly Pyragynyň sözlerinden, setirlerinden, şygyrlaryndan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň adamlary ynsansöýerligi, adamyň ýaradylşynyň, ýaşaýşynyň düýp matlabynyň belentligini öwrenýärler, ynsanlyk mertebesiniň manysynyň beýikligine akyl ýetirýärler. Hormatly Gahryman Arkadagymyz: “Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny höküminde berk we aýawly tutupdyr. Hut şoňa görä, şahyryň ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly, umumadamzat bähbitli pelsepe-garaýyşlary Baş Kanunymyza siňdi” diýip belleýär. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň agzybirlik hem jebislik baradaky wesýetlerine hemişe wepaly bolmak her bir türkmeniň mukaddes borjudyr.
Howa, biz bu gün öz beýik akyldarymyzy, şahyrymyzy haýry-dogada ýatlaýarys. Onuň synmaz ruhuny biz öz päk ahlagymyz bilen agzybirligimiz, jebisligimiz bilen şat edýäris. Magtymguly ahlak mizany, ynsap ölçegi hökmünde halkymyza iki ýarym asyrdan bäri hyzmat edýär, onuň şygyrlary il-günümize ruhy baýlyk hökmünde mydama hyzmat edýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň aň-düşünjesiniň artmagynda şahyryň şygyrlarynyň ähmiýeti diýseň uludy. Akyldary hormatlap doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze “Magtymguly Pyragy” medeni –seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Mundan başgada 2024-nji ýylyň 12-sentýabrynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihamnasy Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu kitaby Gryziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makawala Gonaşwili terjime etdi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy dana atamyzyň mertebesini ýene bir gezek arşa galdyrdy. Milli Liderimiziň goşgy setirlerinde aýdyşy ýaly, Magtymguly atamyzyň «Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr». Ol ýollarda dörän eserler ýene-de öwreniler, ýene-de okalar, dünýä ýüzüne ýaýylar. Biz mähriban Arkadagymyzyň:
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýakymly pikirine-küýüne
—diýen ýürek owazyna goşulyp, köňüllerimiziň ruhy çyragy bolan Magtymguly atamyzyň adyny arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Jeren ALTYÝEWA,
Türkmenisatnyň Medeniýet minstrliginiň
“Watan mukaddesligi” muzeýiniň
muzeý işini guramak bölüminiň
uly ylmy işgäri.