Iň irki türkmençe «Futuwwetnama»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we goldawy netijesinde adamzadyň medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan akyldarlarymyzyň edebi mirasy, döreden dürdäne eserleri töwerekleýin öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda çapa taýýarlanyp, neşir edilen şeýle eserleriň biri hem Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» atly kitabydyr. Kitapda XIII — XIV asyrlarda Kiçi Aziýa sebitlerinde ýaşan türkmen akyldary Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» eseri hem-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täjigözel Hojageldiýewanyň «Futuwwetnamaçylyk däbi we Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnamasy» atly monografiýasy ýerleşdirilipdir.
Futuwwetnamaçylyk barada türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda edilen işler ýeterlik däldir. Alymyň bu ylmy işi orta asyrlar türkmen taryhyny, edebiýatyny we onda öňe sürülýän ynsanperwer ideýalaryň jemgyýetçilik ähmiýetini yzarlamaga, öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bu eser şol döwürde kämilleşen türkmen edebiýatynyň soňraky asyrlardaky ösüşiniň binýady bolup hyzmat edendigini aýdyň ýüze çykarýar. Elbetde, häzire çenli ady bize mälim bolmadyk türkmen akyldarynyň ajaýyp «Futuwwetnama» eserini ilkinji bolup häzirki zaman türkmen diline geçirip, ondaky parasatly pikirleri halka ýetirmek we bu babatda ylmy pikirleri aýtmak uly iş. Munuň özi, orta asyr türkmen jemgyýetçiliginiň medeni-aň derejesini aýdyňlaşdyrmak bilen birlikde onuň düýp çeşmelerine, ösüşine baha bermegi aňladýar.
Futuwwetnamaçylyk däbi orta asyrlarda giň gerime eýe bolup, türki, arap, pars dillerinde ýazylan «Futuwwetnamalaryň» dürli görnüşleri ýüze çykýar. Ýahýa ibn Halylyň ýigrimi bir bapdan ybarat bolan bu kitaby türkmençe ýazylan «Futuwwetnamalaryň» iň irkisi hasaplanylýar. Onda ylym, bilim, edep-terbiýe, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly islendik döwür üçin hem derwaýys meseleler gozgalýar. Eserde «Gül bilen ýoldaş bolup, onuň bilen bile duran toprak hem güle meňzär, ondan gül ysy geler; yhlas bilen seretseň, ýönekeý bir daş hem lagl bolar; ylym deňizdir, oňa gutarma ýokdur» diýen ýaly ýokary çeperçilikde beýan edilen paýhasly pentler ündelipdir. Halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary, ahlak-edep ýörelgeleri bilen baglanyşykly 124 edebiň berilmegi eseriň terbiýeçilik gymmatyny artdyrýar. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, dogry naharlanmagyň medeniýeti, ynsan saglygyny goramak barada eserde aýdylýan öwüt-ündewler hem ähmiýetlidir. Jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen bagly ýörite toparlara bölünip görkezilýän hassany soramagyň möhümligi, ýas ýerine barmagyň däp-dessurlary, sözleýiş medeniýeti, geýinmegiň, myhmançylyga barmagyň edebi baradaky nesihatlaryň hut häzirki döwürde-de gymmaty uludyr.
Öňe sürülýän pentleriň türkmeniň gadymy däp-dessurlary, halk döredijiligi eserleri bilen deňeşdirilip yzarlanmagy kitabyň gyzykly tarapydyr. Alym şeýle çemeleşmek bilen, umumadamzat, ynsanperwer ideýalary ösdürmegiň wajyplygyny tekrarlaýar. Ata-babalarymyzdan galan şol gymmatlyklary toplamak, ylmy esasda öwrenmek we olardaky paýhasly pikirleri halka ýetirmek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir.
T.Hojageldiýewa kitapda ýerleşdirilen monografiýasynda diňe bir Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnamasy» barada ylmy seljerme bermek bilen çäklenmän, şol döwürlerde ýazylan «Futuwwetnamalaryň» esasynda orta asyrlarda futuwwetnamaçylyk däbiniň döremeginiň taryhy şertlerini we ýaýraýşyny, olardaky umumylyklary ýüze çykarypdyr. Monografiýada futuwwetnamaçylygyň daşary ýurt alymlary tarapyndan köp işlenendigi, Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnamasyna» bagyşlanan ýörite ylmy işleriň birnäçesiniň bardygy barada giňişleýin durlup geçilýär. Halypa alymyň bu ylmy işi Ýahýa ibn Halylyň döredijilik özboluşlylygynyň, edebi gurşawynyň, olaryň garaýyşlaryndaky umumylyklaryň we çaprazlyklaryň, ussadyň eserleriniň jemgyýetçilik gymmatynyň, olaryň öz döwrüniň edebi mekdebi bilen baglanyşygynyň ylmy nukdaýnazardan derňelýändigi bilen aýratyn täsirlidir. Şeýle hem kitabyň futuwwetnamaçylygyň nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine täsiri barada gyzykly pikirler beýan edilýän bölümleri has-da özüne çekýär. Şonuň üçin-de bu kitap diňe bir dil, edebiýat ylmynyň wekilleri däl, eýsem, giň halk köpçüligi üçin-de ähmiýetlidir.
Maral ATDAÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat
we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 13.09.2024