Kakra (Söz manysy)
Edebi dilimizde açyk howada Günüň astynda guramak manyda «kakamak» sözi ulanylýar. Gepleşikde munuň bir çekimsiziniň artdyrylyp aýdylyşyna — «kakramak» görnüşine gabat gelýäris. Ýagny «Güne kakradyp goýaýdyň-la», «Güne kakrap, bolup oturşyny», «Garaşyp-garaşyp, halys kakradym» kimin jümleler gepleşik dilimizde häli-şindi ulanylýar. Diýmek, kakramak — kölegesiz ýerde guramak. Elbetde, sesleriň artdyrylyp ýa-da düşürilip aýdylyşy, orun çalyşmasy dilimiziň fonetik aýratynlygyna mahsus häsiýetdir.
«Kakramak» işliginden «kakra» sözi emele gelipdir. Kakra gamyşdan diwarlary edilýän ýönekeý gurluşyk desgasydyr. Munuň üçin guran gamşyň kiçiräk baglanan desseleri diklenilip, düýpleri çukura gömülýär. Diwar berk bolar ýaly, her ýerden gamşyň boýuna deň ýogyn hadalardan öre edilýär. Otagyň dört burçuna ýogyn pürsden direg dikilýär. Soňra üç-dört ýerinden keseligine hada tutulyp, sim ýa-da ýüp bilen mäkämlenipdir. Taýyn bolansoň, samanly laý bilen diwaryň iki ýüzi hem birnäçe ýola suwalýar. Her suwagdan soň, birnäçe günläp Güne kakadyp guradypdyrlar. Kakranyň üçegi hem agaç, gamyş, saman bilen bir tarapa ýapgydrak edilip basyrylypdyr we birnäçe gezek samanly suwag edilipdir. Kakralarda aýna-gapy, howa çalşygy üçin ötükler, islege görä birnäçe otaglar bolupdyr. Atyz başynda günortan dynç almak üçin şu günlerem kakra gurulýar. Kakra tomsuna salkyn, gyşyna ýyly bolupdyr. Ýagny onuň diwarlary yssyny, sowugy içine geçirmändir.
Geçen asyryň segseninji ýyllarynda saý-sebäp bilen aşgabatly bir tanşymyňka myhman boldum. Şonda öýüň diwarlary ünsümi çekip, pitikläp göremde öý eýesi onuň kakradygyny, diwarlarynyň esasynyň gamyşdan däl-de, fanerden edilendigini aýtdy. Aşgabat ýertitremesinden soň, gyssagly jaý gurnandygyny, munda ata-babalaryň usulyndan peýdalanandygyny ýatlatdy. Görüp otursam, kakra diwaryň iç tarapy faner bilen gaplanypdyr, daşy bolsa sementli çäge bilen suwalyp, hek bilenem aklanypdyr.
«Kakra, kakramak» sözleri edebi dilimizde ýok hem bolsa, gepleşikde bar. Gepleşik dilimizdäki bu sözler hem edebi dilimiziň baýlaşmagy babatda örän uly hazynadyr.
Döwletmyrat SADYKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
44-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 12.09.2024