13.09.2024 Gollanma44

Edep bagjygy


Türkmen milli lybaslary, şaý-sepleri taryhymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatlyklaryň hatarynda durýar. Ýeňli-ýanly köýneklerimiz halkymyzyň milli aýratynlyklaryny alamatlandyrýan lybaslarymyzyň naýbaşylarynyň biridir. Bu lybaslar agraslyga ýugrulan biçüwli, reňkleriň hem nagyşlaryň sazlaşygy bilen tapawutlanýar.

Geýinmek babatda milli däplerimizi ösdürip, şu günlerimize ýetiren ene-mamalarymyzyň el işleri şu döwürde has döwrebaplaşdyrylýar. Gelin-gyzlaryň köýnekleriniň ýakasy ýapyk bolsa, olar has asylly, edepli görünýär. Asyllylygyň, edepliligiň nusgalyk kadalaryny döreden ene-mamalarymyz zenan maşgalanyň boýun çukanajygy görünmese gowy görüpdirler.

Köpügören enelerimiziň gürrüňine görä, öňki döwürlerde zenan maşgalalar ýakasyna iki bagjyk edipdirler. Ýakanyň ýokarsyndaky bagjyk hakyky bolmaly bagjyk. Ondan bir sere aşagyna dakylan bagjyga «edep bagjygy» diýilýän eken. Ony, köplenç, ýaş çagaly gelinler dakypdyrlar. Olar aşaky bagjygyny açyp çagany emdiripdirler. Beýle bolanda ýaka ýapyk bolýar we gelniň ezenegi agyp durmaýar. Gelniň ýaşmagy onuň ýakasyny ýapýar. Bu edepliligiň, asyllylygyň aňrybaşydyr. Milli lybaslardaky sazlaşyk türkmen zenanynyň ajaýyp dünýäsini, edebini, uýat-haýalylygyny, näzik duýgularyny, belent mertebesini görkezýär.

Nurjemal GOÇMEDOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 12.09.2024

Tmpedagog