Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ Garaşsyzlygymyz hakynda aýdanlaryndan:
— Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlyk arzuwyndan wysal bolan Garaşsyzlyk bu günki gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.
* * *
— Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy.
* * *
— Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllarynda ýurdumyzyň ýeten belent derejesini, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň gadyr-gymmatyny ýaýmaga ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, bagşy-sazandalar, artistler, medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleri uly goşant goşýarlar.
* * *
— Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr.
* * *
— Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.
* * *
— Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr.
* * *
— Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, biz Türkmenistany ynamly öňe alyp barýarys.
* * *
— Bu gün dünýä bileleşigi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýýar we biziň öňe sürýän möhüm başlangyçlarymyzy işjeň goldaýar.
* * *
— Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr.
* * *
— Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr!
"Zenan kalby" žurnaly, №9 2024