Gyzym gözel — edebi ozal
Halkyň içinde biri bilen guda bolunjak bolsa: «Enesini gör-de, gyzyny al» diýilýär. Sebäbi gyz maşgala enesiniň görüm-göreldesine eýerip kemala gelýär, oňa enäniň edep-ekramy, hüý-häsiýeti, hereketleri geçýär. Gyzyň enesiniň hereketlerini gaýtalasy gelýär. «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» bolanda, enäniň perzendine bolan söýgüsi, mähri gyz maşgalanyň durmuşyna şamçyrag bolup şöhle saçýar.
Biz maşgalada bäş gyz bolup ulaldyk. Ejem agşamlaryna, el işlerini etmäge üýşenimizde geçmişimiziň hakyky edep mekdebine degişli «Melike Danyşment ýa-da müň sowal» atly dessandan gürrüň bererdi. «Dessanda «Gelin-gyzlara näme ýaraşar?» diýlen sowala: «Gelin-gyzlara utanç-haýa ýaraşar» diýlip, jogap berilýär. Gyz maşgalanyň gözelligi, esasan, onuň gylyk-häsiýetinde, edebinde jemlenýär. Edepli-ekramly, mähir-mylakatly, asylly gelin-gyzlarymyz mydama görüm-göreldäniň nusgasy bolup ýaşamalydyr» diýip, käbäm ýagşy gylyk-häsiýetlere ünsümizi çekerdi.
Ejem bizi özüniň mähremligi bilen durmuşa taýýarlardy. Ol hiç wagt käýemezdi, her bir zady inçelik bilen öwrederdi. Gelin bolup düşen öýüňde ýanýoldaşyň, gaýynlaryň, daş-töweregiň bilen özüňi alyp barmagyň ýollaryny ündärdi. Sebäbi pederlerimiz öýüň bezegi, mukaddes ojagyň eýesi bolan gelin-gyzlarymyzyň edepli-ekramly bolmagyny gazanypdyrlar. Bu barada biz gadymy dessanlarymyzdan okap, Leýlidir Şasenemden, Mahymdyr Zöhreden, Hüýrlukgadyr Agaýunus periden gelýän söýginiň, mertligiň, yhlaslylygyň, maşgala wepadarlygynyň türkmen gelin-gyzlarynyň gylyk-häsiýetiniň gönezligi bolup, biziň günlerimize gelip ýetendigini bilýäris.
Atalarymyzyň pendi, enelerimiziň göreldesi biziň hem durmuşda şol enelere eýermegimize itergi bolýar. Gelin bolup düşen öýüňde ataň öýüňde alan göreldäňe, hereketiňe daýansaň, bu maşgala agzybirliginiň, asudalygyň gözbaşy bolup, şol öýüň rysgal-döwletiniň, berekediniň artmagyna getirýär. Öz perzentleriň hem saňa meňzäsi gelýär. Şeýle gelinlere: «Türkmen gözelleri peri-peýkerdir» diýip, guwanasyň gelýär. Guda bolunjk gyza: «Gyzym gözel – edebi ozal» diýilse, gör, nähili buýsançly!
Mähriban ÖWEZMYRADOWA,
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy.
"Zenan kalby" žurnaly, №9 2024