11.09.2024 Gollanma73

Garaşsyzlyk – dünýä dolan şöhratym


Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we çuňňur pähim-paýhasly syýasaty esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen köpugurly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatynda dünýäniň iň öňdebaryjy döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň beýik tutumlary ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalarda birin-birin beýan edilýär. Şol maksatlara ýetmekde biziň döwlet Garaşsyzlygymyz her birimize güýç-kuwwat, egsilmez gujur-gaýrat berýär. Hormatly Prezidentimiziň ideýalary milletimizi ruhlandyryp duran ajaýyplyk bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň hereketlendiriji güýjüdir. Milleti ruhlandyrýan, kämilleşdirýän hem-de ajap-ajap işleri, beýikden-beýik maksatlary amal etmäge iterýän güýje mukaddeslik hökmünde garap bolar. Şu nukdaýnazardan, şanly Garaşsyzlygymyz ähli türkmen üçin mukaddeslikdir.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyz asuda, ilimiz agzybir, bazarlarymyz bol, topragymyz bereketli, derýalarymyz joşly, öri meýdanlarymyz agyp-dönüp ýören mally, obadyr şäherlerimiz abadan bolup, halkymyz bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýar. Täze-täze ýollar, köçeler gurulýar, gazy, elektrik energiýasyny, arassa agyz suwuny geçirijiler her öý-ojaga eşret bulagyny akdyrýar. Ägirt uly köprüler, önümçilik toplumlary halka hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda çagalar baglarynyň, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriň, lukmançylyk merkezleriniň, teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, garaz, durmuşda gerek bolan hyzmatlaryň, gulluklaryň ählisiniň işleri ýokary derejede ýola goýuldy.

Garaşsyzlyk bize ýaşamaga, döretmäge höwes döredýär, ylham-hyjuw berýär. Häzirki döwürde halkymyz peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we taglymaty esasynda bütin dünýäde gurujy, dörediji halk hökmünde taryhy abraýyny dikeldýär. Gurulýan, ýola goýulýan ulag-üstaşyr geçelgeleri, iri sport çäreleri, türkmen telekeçileriniň daşary ýurtlarda guranu-gurýan binalary, ýurdy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde öndürilýän köp görnüşli harytlar, azyk önümleri, türkmen alymlarynyň oýlap tapmalary esasynda önümçilige ornaşdyrylýan täzelikler we beýlekiler milli jemgyýetimiziň ösüşdedigini, barha kämilleşýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäklerinde onuň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usulyýet we okuw-usuly binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ulgamyny ösdürmegiň milli ýörelgelerine hem-de oňyn halkara tejribesine laýyklykda, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalaryny gurluş we mazmun taýdan baýlaşdyrmak, bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär.

Ösüp gelýän ýaşlar baradaky aladanyň berkarar döwletimiziň syýasatynda öň hatarda goýulýandygy ýurdumyzda tassyklanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň, innowasiýa tehnologiýalaryň bilim we terbiýeçilik işlerinde giňden ulanylýandygynda hem aýdyň ýüze çykýar. Bularyň ählisi ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokary, mazmunynyň baý we döwrebap bolmagyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Garaşsyz döwletimiziň ýaş neslini dünýä ülňülerine laýyk bilimli, milli ruhumyza kybap edep-ekramly, kämil ynsanlar edip ýetişdirmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ileri tutýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyna «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby okanyňda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu ajaýyp kitabynda «Ýaşlarymyz Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy hem Bitaraplygymyzy başlarynyň täjine deňemelidirler» diýip sargyt edýän hormatly Prezidentimiz ertirlerimizi gurujy nesillerimize uly ynam bildirip, şeýle diýýär: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn». Garaşsyzlyk döwründe dünýä inip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň wesýet edişi ýaly kämil bilime, düýpli ylma, asylly terbiýä eýe bolan gujurly ýaşlar döwletimiziň we halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan ägirt işlere amal edýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, türkmen halkyna bagtyýar durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nargiza NARBAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 11.09.2024

Tmpedagog