30.08.2024 Gollanma33

Atlaryň görüş ukyby. Türkmen atlaryna degişli käbir maglumatlar.


Atyň gözleri hemişe özüniň çuňlugy we mähremligi bilen haýrana goýup beýleki jandarlardan tapawutlanýar. Atlaryň görüş ukyby, olaryň özüni alyp barşy we ýyndamlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Atyň gözi köp sanly iri jandarlaryň — gözlerinden has uludyr. Atlar arka tarapyndaky hereketi ýa-da zatlary hem görüp bilýärler. Atlaryň bu aýratynlygy olara duşmanyň daş keşbini öňünden duýmaga we halas bolmaga mümkinçilik berýär. Atlaryň gijelerine aýyl-saýyl görüp, güneşli günlere garanyňda, bulutly günlerde has gowy görýändigi bellenilýär.

Bulardan başga-da, atlaryň özboluşly reňk saýgaryş ukybyna eýedigi tassyklanyldy. Alymlar atlaryň alagaraňkyda hem dürli reňkleri saýgarmaga ukyplydygyny öňe sürýärler. Atlaryň reňki saýgaryşyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen hünärmenler atlarda synag geçiripdirler. Netijede, biologlar atlaryň gijäniň ümüş-tamşynda hem käbir reňkleri saýgarmaga ukyplydygyny anyklapdyrlar. Käbir alymlar bolsa, alagaraňkyda özüne tarap eňip gelýän ýyrtyjyny görmek ukybynyň reňki saýgarmakdan has wajyp bolanlygy üçin, atlaryň gijesine gara-ak reňkli görüşe geçýändigini tassyklaýarlar.

Ahalteke bedewleriniň juda joşgunly hüý-häsiýeti bolup, olar köplenç dor, çalmele, çypar, gyzylymtyl-goňur, açyk tylla we kümüş reňklere eýedir. Şeýle hem yssa we sowuga çydamly ahalteke atlary münüp gezmek üçin juda oňaýly, hereketleri çeýe we hiç hili ýadatmaýar. Aýratyn çemeleşme talap edýän bu atlar, dürli sport oýunlaryny görkezmäge hem ukyplydyr.

Maral BABAÝEWA,
Mary şäherindäki 8-nji orta mekdebiň mugallymy.




Türkmen atlaryna degişli käbir maglumatlar

Nal — atyň toýnagyna kakylýan ýarym aýlaw demir.

Myh — atyň toýnagyna nal kakylanda ulanylýan ýörite ýasalan çüý.

Uýan — atyň kellesine geýdirilýän agyzdyrykly, uzyn goşa gaýyş bagly esbap.

Simtaraş — atyň boýnuna dakylýan ýüzi kümüşli gaýyş ýa-da alaja görnüşli örülen ýüp.

Tekeltgi — eýeriň aşagyndan salynýan ýüzi gaýyşdan, aşagy keçeden edilen ýona.

Gaşaw — atyň endamyny gaşap arassalamak üçin çotga ýaly enjam, at daragy.

Irişme — esasan, atyň kellekisiniň alkym halkasyna baglanýan zynjyr ýa-da ýüp.

Käkil — atyň maňlaýyna dökülip duran ýal.

Ýorga — çapuw däl-de, müngi aty, ortaça gezerli at.

Taýpar — ýaňy münüş öwredilen taý.

Ýapaga — ýaşajyk taý.

Gulun — süýt emýän taý.

Taýçanak — bir ýaşynyň içindäki at.

Gunan — iki ýaşan erkek taý.

Dönen — dört ýaşynyň içindäki at.

Baýramgylyç HANOW,
Mary etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň biologiýa-himiýa mugallymy.



"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 29.08.2024

Tmpedagog