28.08.2024 Gollanma1082

2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçiriler


Milli bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim berilmeginiň we maglumat alyşmagyň ýola goýulmalydygy, pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň milli we dünýäniň oňyn tejribeleri esasynda kämilleşdirilmelidigi bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde üstünlikli işler alnyp barylýar. Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde ata Watanymyza, merdana halkymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de

Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we wepalylygy terbiýelemek, uly ösüşlere, guwandyryjy üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak, milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesle akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän mekdeplerinde, hünär-tehniki, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen geçiriler.

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen geçiriljek ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek işine her bir bilim işgäri döredijilikli çemeleşmelidir. Ilkinji okuw sapagynda ulanyljak okuw-görkezme esbaplary we sanly didaktiki serişdeler, goşmaça maglumatlar we multimedia enjamlary öňünden taýýarlanylyp, okuw otaglary döwrebap enjamlaşdyrylmaly. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän we halkymyza peşgeş beren kitaplarynyň, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylarynyň hem-de akyldar şahyryň ömrüne we döredijiligine, baý medeni mirasyna hem-de 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» Änew şäheriniň şöhratly taryhyna, onuň döreýşine we dünýä beren medeni gymmatlyklaryna bagyşlanyp neşir edilen kitaplaryň, makalalaryň sergilerini guramagy maslahat berýäris. Ilkinji okuw sapagyny talabalaýyk guramakda öňdebaryjy we kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan hem-de hormatdan peýdalanýan pedagoglaryň baý iş tejribesinden ýerlikli peýdalanmak maksadalaýyk bolar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäginde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher hasaplanýan

Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda we etraplarymyzda medeni-durmuş maksatly desgalaryň — döwrebap çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, beýleki bilim ojaklarynyň ençemesiniň gurluşygy depginli alnyp barylýar, täze bilim ojaklary yzygiderli ulanylmaga berilýär. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ony halkara ülňüleriniň derejesine çykarmak maksady bilen kabul edilen Döwlet we Milli maksatnamalaryny, bilim Konsepsiýalaryny — «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde dünýäniň we milli bilim ulgamynda gazanylan iň öňdebaryjy tejribeleri okuw-terbiýeçilik işlerine yzygiderli ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm resminamadyr. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, olaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli möhüm çäreler göz öňünde tutulandyr. Täze Konsepsiýada bellenilen anyk maksatlaryň we aýdyň wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi okatmagyň usulyýeti boýunça täze, döwrebap okuw-usulyýet toplumlarynyň, milli programma üpjünçilikleriniň işlenilip taýýarlanylmagyna, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyna, okatmagyň usulyýetiniň milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam eder. Täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda kesgitlenenleri durmuşa geçirmek babatynda pedagogik işgärleriň öňünde uly we örän jogapkärli wezipeleriň durýandygyny bellemek gerek.

Ilkinji okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny, nesil terbiýesindäki orny barada giňişleýin söhbetleri etmek örän ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly çuňňur mazmunly ajaýyp şygrynyň gymmaty, nesil terbiýesindäki ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak, ony doganlyk halklaryň arasynda wagyz etmek işleri ýokary gerime eýe boldy. Ilkinji okuw sapagynda bular barada anyk mysallar arkaly çuňňur mazmunly bilim-terbiýeçilik, wagyz-nesihat häsiýetli täsirli söhbetler guralmalydyr. Şol söhbetleriň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygryny okuwçylaryň we talyplaryň labyzly okamaklaryny guramak maksadalaýyk bolar.

Akyldar şahyryň iňňän baý we çuňňur many-mazmunly edebi mirasyna hormat-sarpa diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem barha artýar. Munuň aýdyň mysallary hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegini, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegini hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagyny bellemek bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Gündogaryň beýik akyldar şahyry, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň gymmatly medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Kanun jemi 4 bapdan we 18 maddadan ybarat. Ilkinji sapakda bu möhüm Kanun, onuň many-mazmuny we ähmiýeti barada zerur bilimleri öwretmegi hem maslahat berýäris.

Şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda — gojaman Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy taryhy waka boldy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň tebigy belentlikde gurlan ýadygärliginiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi 25 metre deňdir. Bu medeni-seýilgäh toplumynda Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar. Bu ynsanperwer ýörelgeleri beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy öz ajaýyp şygyrlarynda ündäpdir.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere götermekde, ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjiligi hem-de milli mirasymyza hormaty we buýsanjy, dost-doganlygy terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji sapakda bular barada giňişleýin maglumatlary berýän elektron tanyşdyrmalar (prezentasiýalar), audio-wideo ýazgylar, fotosuratlar arkaly täsirli söhbetleri guramagyň ähmiýeti uly bolar.

Ýeri gelende ýatlasak, beýik akyldar şahyryň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen geçýän toý-dabaraly şu ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandy nazara alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu ýokary sylag bilen sylaglanyldy. Ol bu hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik oglunyň filosofik pikirleriniň ähmiýetini nygtady. Nusgawy şahyr öz goşgulary arkaly tutuş dünýäde agzybirlige, dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylygyň dabaralanmagyna çagyrypdyr. Munuň özi BMG-niň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlygy täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Şunuň ýaly çemeleşmäniň, şeýle-de eziz Watanymyzyň daşary syýasat ugrunyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň ykrarnama eýe bolandygyny bellemek buýsançlydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda şu ýylyň sentýabr aýynda işe başlajak 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyzyň bu halkara guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna hem birnäçe gezek saýlanylandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. Ilkinji sapakda baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň many-mazmuny we ähmiýeti baradaky maglumatlary hem beýan etmegi maslahat berýäris.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy we medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz dünýä jemgyýetçiliginiň egsilmez hazynasy hökmünde ykrar edildi. Döwlet syýasatynda dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklaryň ýokary depginli ösüşine möhüm ähmiýet berilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi merdana halkymyz bilen birlikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerini hem buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda şeýle belleýär: «Änew şäheri gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 12 km uzaklykda ýerleşýär. Syýahatçylyk ulgamynda giňden tanalýan Änew özüniň şöhratly taryhy geçmişi hem-de müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeni mirasy bilen meşhurdyr. Bu gün ol uly depginler bilen özgerýän häzirki zaman şäheridir. Änewiň uly meşhurlyga eýe bolmagyna, gürrüňsiz, baryp XX asyryň başynda üsti açylan we «Änew medeniýeti» ady bilen giňden ykrar edilen eneolit zamanyna degişli arheologik medeniýet sebäp boldy».

Ilkinji sapakda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly geçirilýän giň gerimli medeni çäreleriň meýilnamasy, Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň şöhratly taryhy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby, bu gadymy şäheriň şu güni barada buýsançly gürrüňleri etmek maksadalaýyk bolar.

Belli bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Munuň özi döwletimizde milli demokratiýanyň döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekdir.

Ilkinji sapakda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, onuň işi we ýörelgeleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň kabul edýän çözgütleri we olaryň ähmiýeti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada söhbetleriň edilmeginiň uly ähmiýeti bar.

2024 — 2025-nji okuw ýyly düşümli we rowaçly bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň
hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri,
biologiýa ylymlarynyň doktory.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 28.08.2024

Tmpedagog