28.08.2024 Gollanma44

Gymmatly hazyna


«Kitap okan magnydan dok», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen ýaly parasatly jümleleri miras goýan ata-babalarymyz kitaba uly hormat bilen garapdyr. Halkymyzda kitap bilimleriň çeşmesi, görelde mekdebi, ruhy baýlyk hökmünde görlüp, türkmeniň durmuşynda onuň orny uly bolupdyr. Hatdatlaryň, bilimdarlaryň, hat-ýazuwdan başy çykýan adamlaryň yhlasy bilen asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirilen milli we medeni mirasymyzyň dürdäneleri ilat arasynda aýawly saklanyp, olar gymmatly baýlyk hasaplanypdyr. Toý-tomaşalarda, meýlislerde adamlaryň ruhuny galkyndyrýan aýdyşyklar, aýdymdyr şygyrlar, dessandyr kyssalar, pähimdir paýhas siňen setirler dilden dile geçip, many-mazmuny goýazy golýazmalara siňip, nesillere ýetirilipdir. Alym-ulamalarymyzyň kitaplary, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri häzirki günlerde hem uly höwesden peýdalanyp, ürç edilip okalmagy halkymyzda okamak medeniýetiniň asylly ýörelgä öwrülendigini görkezýär.

Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, kemally, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde kitabyň uly ähmiýeti bar. Dünýäniň ylym-bilim babatdaky ähli gazananlaryny özünde jemleýän kitap bilimlilik derejäňi artdyrmakda iň zerur gollanmadyr. Çünki adamzadyň ýaşaýyşda ýeten üstünlikleri, açyşlary, taryhy geçmişiň beýany, ylmy mowzukly teswirlemeleri kitapda şöhlelenýär. Kitap okamak öwrenmekdir, özleşdirmekdir, durmuş atly akabada öz ornuňy tapmaga gadam basmakda ýakyn maslahatçydyr. Kitap hünär eýesi bolmakda tejribeli halypaň berýän maslahatlary deýin ýakyn ýardamçydyr.

Kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek kyn. Adamlar asyrlarboýy kitaby ýoldaş edinip, onuň pähim-paýhasyndan ugur alypdyr. Edil wagt ýaly, kitap hem adamzat üçin ebedi gymmatlykdyr. Kitap ynsan durmuşynyň aýnasydyr, hakydadyr. Kitap ýamany ýazgarmagy, ýagşa uýmagy öwredýär, dost-doganlygy, agzybirligi, wepadarlygy ýaýmagy ündeýär. Onda adam ykbalyndan söz açýan duýgular, gatnaşyklar, durmuşy wakalar, arzuw-maksatlar beýan edilip, ynsanyň ruhy dünýäsi, göwün küýsegi açylýar. Kitap ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemekde esasy serişde bolup durýar. Çagalygyndan kitap okamagy halaýan adam, wepaly dost gazanan ýalydyr. Okamak kitaby ýazan adamyň dana pikirlerinden susup almakdyr. Okan eserinden täsirlenip, öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmekde goldaw alan ýaly bolmakdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Diýarymyzda ýaşlaryň kämil bilim almagy, kitaplar dünýäsine aralaşmagy üçin giň şertler döredilýär. Döwrebap tilsimatlar esasynda gurulýan okuw merkezlerinde, umumybilim berýän mekdeplerde, şeýle-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda kitap gory ýeterlik bolan kitaphanalar hereket edýär. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ösmegi bilen, islendik kitaby diňe okamak däl, eýsem diňlemek mümkinçiligi hem döredi. Türkmen kitapsöýüjileri üçin internet ulgamy hem-de sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron kitaplary okamak we diňlemek usullary üstünlikli amala aşyrylýar.

Adamzadyň öz üstünde işläp, mydama ösüşlere ymtylmagy tebigydyr. Bu ösüş ýolunda ugur görkeziji bolup kitap hyzmat edýär. Çünki kitap biziň üçin iň kämil gollanmadyr, iň tejribeli mugallymdyr, ussat halypadyr. Kitapdaky akyl-paýhas dürdäneleri egsilmezdir. Ondan niçeme nesil edep-terbiýe alyp, bilim öwrenipdir we bu ebedi baýlykdan ýene niçeme nesle gymmatly miras hökmünde geçirer. Pähimler ummany bolan kitap görelde mekdebi bolup, Watany söýmegi, päk zähmet çekmegi, ýagşylyklary ýaýmagy, söze ygrarly, ynsaply bolmagy ündeýär, halal ýaşamagy, adamkärçilikli ýaşamagy öwredýär. Şan-şöhratly geçen taryhymyza, bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere gadam basýan mähriban Diýarymyzyň bagtyýar döwür-döwranyna, eşretli zamanamyza buýsanjymyzy artdyrýar.

Jahan ÖWEZOWA,
Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen
42-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 28.08.2024

Tmpedagog