Jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrýan beýik özgertmeler
Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary astynda bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary depginler bilen sazlaşykly ösýän ýurdumyzda döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hem-de toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman bilim edaralaryny — çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurmakda, bütin dünýäde gazanylan iň gowy netijeleri bilim işine ornaşdyrmakda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, bilim tehnologiýalaryny, kompýuter we multimedia enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly bilim işi has-da döwrebaplaşdyrylýar. 2023 — 2024-nji okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi we onuň ähli derejeleriniň yzygiderliligi üpjün edilýär.
* * *
Türkmenistanda okuw we terbiýeçilik işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Döwrebap özgertmelere laýyklykda, bilim ulgamynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, mekdebe çenli terbiýe we bilim boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli bilim ulgamynyň ilkinji derejesi bolan mekdebe çenli bilim edaralarynyň işleri döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilip, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak boýunça dünýä tejribelerine salgylanmak bilen geçirilýän usuly işlere uly orun berilýär. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» esasynda mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalara milli ýörelgelerimiziň, taryhy we edebi şahslarymyzyň mysalynda edep-terbiýe bermek, zehinlerini ýüze çykarmak we ösdürmek, olary mekdebe taýýarlamak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Çagalar baglarynyň 1-3 ýaşly körpeler bakja toparlarynda, 3 ýaşdan 6 ýaşly çagalar bag toparlarynda körpeleriň okuw sapaklarynda öwrenenleri kompýuterlerde we interaktiw tagtalarda işjeň oýunlaryň üsti bilen berkidilip, kompýuterlerde surat çekmek, reňklemek, geometrik şekillerden binalary gurmak, sanlary goşup-aýyrmak, sözleri ýazmak öwredilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen bu ugurdaky gatnaşyklar has-da ýaýbaňlandyrylýar. Çagalaryň we ýaşlaryň hukuk goraglylygyny, olaryň ösüşini hem-de saglygyny üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar hem-de maksatnamalar amala aşyrylýar. Halkara bilermenler bilen bilelikde inklýuziw bilime, çaganyň irki ösüşine, täze usullaryň bilim işine ornaşdyrylmagyna bagyşlanan okuw maslahatlary, duşuşyklar geçirilýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri üçin howanyň üýtgemegine, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mekdep mugallymlaryna niýetlenen usuly gollanmalar taýýarlanylýar.
* * *
2024 — 2025-nji täze okuw ýyly bosagada dur. Täze okuw ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen işlenilip taýýarlanylýan hem-de taryhy Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda iň gowy dünýä we milli tejribeleri esasynda bilim özgertmeleri amala aşyrylar. Bu Konsepsiýa esasynda 2024 — 2025-nji okuw ýylynda:
— mekdebe çenli çagalar, umumybilim hem-de mekdepden daşary bilim edaralarynda bilimiň üznüksizligini we onuň derejeleriniň biri-biri bilen yzygiderli arabaglanyşygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler has-da kämilleşdiriler, çuň bilimli, watansöýüji nesli kemala getirmek, ýokary hünärli pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimi döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da giňeldiler;
— okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň döwrebap usullary, şol sanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, STEM, ýagny ylym, tehnologiýa, inžener hem-de matematika maksatnamasy, tematik maslahatlar arkaly okatmak giňden ornaşdyrylar;
— bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijileri milli bilim ulgamyna ornaşdyrylar;
— okatmagyň usulyýeti boýunça täze çemeleşmeleri öz içine alýan okuw-usulyýet toplumlar, milli programma üpjünçilikleri taýýarlanylar.
* * *
2023 — 2024-nji okuw ýylynda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň döwrebap ugurlary hem-de bilimiň mazmunyny kämilleşdirmegiň öňdebaryjy usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Bu ugurda dilleri öwretmek we dersleri çuňlaşdyryp okatmak boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň usulyýet binýady has-da kämilleşdirildi. Ýaş nesliň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerine möhüm orun berildi. Daşary ýurt dilleri boýunça döwrebap okuw-usuly toplumlar döredildi, elektron sözlükler düzüldi, kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerindäki halk döredijiligi eserleri esasynda bilim berildi. Ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň hepdelikleri hem-de festiwallar geçirildi, uzak aralykdan okuwlar guraldy.
* * *
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen umumadamzat ähmiýetli taglymatlar, parasatly öwüt-nesihatlar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesliň bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine, döredijilige ugrukmagyna, Watana, halka, milli ýörelgelerimize ygrarly bolup kemala gelmegine ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiren umumy sapagy bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar we terbiýeçiler, ata-eneler, tutuş jemgyýetimiz üçin göreldelik we terbiýeçilik ähmiýete eýedir.
Täze okuw ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk işleriniň mysalynda ýaş nesle milli terbiýeçilik däpleriniň iň gowy nusgalary esasynda watançylyk terbiýesini kämilleşdirmek bilim ulgamynyň baş maksadyna öwrülip, bu babatda netijeli işler alnyp barlar.
* * *
Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz bina ediljek täze bilim edaralarynyň taslamalary bilen yzygiderli tanyş bolup, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmekleri barada gymmatly maslahatlaryny berýärler. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda hünäri çagalykdan saýlamak bilen baglanyşykly gymmatly pent-nesihatlaryny şeýle beýan edýär: «Men entek mekdep partasynda otyrka, okuwçylaryň hünär saýlamak meselesine üns berilmeginiň, olaryň belli bir hünäri saýlamagyny gazanmagyň tarapdary. Degişli ýolbaşçylardan işini şonuň ýaly guramagy talap hem edýärdim. Bu hatda diňe orta bilim berýän mekdeplere däl, eýsem, mekdebe çenli çagalar edaralaryna hem degişlidir». Gahryman Arkadagymyzyň bu asylly maslahatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçen okuw ýylynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň üç sany möwsümi geçirilip, onuň jemleri boýunça öňe saýlanan iň zehinli okuwçylaryň onlarçasy Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň beýleki abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary boldular. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň guramagynda geçirilýän «Oguz hanyň nesilleri» atly integrirlenen olimpiada hünäre ugrukdyryş işinde üstünlikli ädime öwrüldi.
* * *
Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Güneşli» ady bilen bina ediljek täze merkeziň taslamasy bilen tanyş bolup, täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri, aýratyn hem, çagalaryň zähmet endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düzümleri döretmek, bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklary, döredijiligiň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri hem-de olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, çagalaryň zähmete bolan höwesini artdyrmak bilen bagly beren gymmatly maslahatlarydyr möhüm tabşyryklary bagtyýar ýaşlar baradaky aladalara ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde garalýandygyny tassyk edýär.
Milli bilim ulgamynyň aýrylmaz bir bölegi bolan mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary tarapyndan geçen okuw ýylynda çagalaryň we ýetginjekleriň ukyplaryny, zehinlerini we ruhy talaplaryny kanagatlandyrmak, olaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklaryny guramak, dürli hünärlere ugrukdyrmak we hünäri oýlanyşykly saýlap bilmeklerini guramak arkaly goşmaça bilim berildi. Tebigy-ylmy we ekologiýa, ylmy-tehniki, dil, medeni miras we milli senetçilik, çeper döredijilik we durmuş, medeni-guramaçylyk, bedenterbiýe we sport ugurly gurnaklarda çagalaryň bilimleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen işler üstünlikli dowam etdirildi.
* * *
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň çagalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, şeýle hem welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mynasyp dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri hem-de wagtlaryny şadyýan, peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. 2024-nji ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky merkezlerde müňlerçe çagalar guramaçylykly dynç aldy. Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, sportuň dürli görnüşleri hem-de hereketli türkmen milli oýunlary boýunça gyzykly ýaryşlar geçirildi. Oglanlar we gyzlar üçin kesp-hünärlere ugrukdyryjy hem-de öwrediji häsiýetli okuwlar guraldy. Daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz boýunça öwrediji-ösdüriji häsiýetli okuwlar geçirildi. «Kim çalasyn?», «Surat çekesim gelýär», «Her çemenden bir gunça», «Bilesim gelýär», «Hünärli gollar» atly bäsleşikler ýazgy edilip, bular çagalaryň we ýetginjekleriň söýgüli gepleşiklerine öwrüldi. Halypa ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler, zergärler, sahna we kino ussatlary, halyçy we keşdeçi zenanlar bilen duşuşyklar guralyp, ýaş nesliň döredijilik we zähmet başarnyklarynyň ösdürilmegine uly orun berildi. Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, Arkadag binalaryna, Janly tebigatyň milli muzeýine, Arkadag seýilgähine, «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähine, «Ylham», «Ertekiler dünýäsi» seýilgählerine, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine, «Awaza» akwaparklar toplumyna, Awaza emeli derýasyna we seýilgählere, taryhy hem-de tebigy ýadygärliklere gezelençler guralyp, olar ýaşlaryň watansöýüjilik duýgusyny terbiýelemekde ähmiýetli çärelere öwrüldi.
* * *
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny ornaşdyrmak boýunça il-ýurt bähbitli işlerine laýyklykda, ýaş nesliň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp baryldy. Bilim edaralarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler, ýörişler, görnükli türgenler bilen duşuşyklar geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Spartakiada we uniwersiada işjeň gatnaşyldy. Mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlar agyr atletika, küşt, kuraş, taekwondo, godju-rýu we adaty karate, sambo we söweş sambosy, dzýudo ýaly onlarça sebit we halkara bäsleşiklerinde, dünýä çempionatlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň at-abraýyny arşa göterdiler. Munuň özi köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportda ýokary netijeleriň gazanylmagynda ýaşlaryň aýratyn ornunyň bardygyna şaýatlyk edýär.
* * *
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen, mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalara kompýuterleri sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi hem-de bu asylly ýörelge hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň abadançylygynyň iň oňat görkezijisidir. 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda mekdeplerde ýakymly owazly ilkinji jaňlar kakylar, 1-nji synpa gelen 155 müň 641 sany çaga hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat beriljek milli önüm bolan «Bilimli» atly kompýuteri alyp, her bir güni gyzykly hem-de manyly wakalara baý mekdep durmuşyna ilkinji gadamyny basarlar. Bagtyýar çagalarymyz tutanýerlilik we erjellik bilen ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşarlar.
* * *
Ilkinji okuw gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp sowgat hökmünde çagalar baglary hem-de orta mekdepler dabaraly açylar. Ähli derejedäki bilim edaralarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda dabaraly baýramçylyk nyzamy we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň many-mazmunyna we ähmiýetine bagyşlanan ilkinji okuw sagatlary geçiriler. Bu dabaralar gujur-gaýratyny, zähmetini, zehinini gaýgyrmaýan bilim işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyran hem-de milli bilim ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň we ösüşleriň gazanylandygyny alamatlandyrýan wakalar hökmünde taryha girer.
* * *
Geçen okuw ýylynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde usuly-amaly maslahatlarynyň 7-si geçirilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle raýat-watançylyk terbiýesini bermegiň wezipeleri, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmegiň usullary, okuwçy gyzlarda asylly häsiýetleri terbiýelemek meseleleri, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň ýaşlarda milli mirasymyza buýsanjy terbiýelemekdäki hem-de olary hünärlere ugrukdyrmakdaky ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerindäki hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetlerinde, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda, Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky Hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde jemi 7279 bilim işgäri hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler. Okuw, okuw-usulyýet işleriniň kadalarydyr tertipleri işlenilip düzüldi. Hünärleriň we taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim standartlary, okuw meýilnamalary taýýarlanyldy.
* * *
Bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat bilim işgärlerini hem-de nusgalyk işler ýola goýlan göreldeli bilim edaralaryny ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, «Iň gowy orta mekdep», «Iň gowy çagalar bagy», «Iň gowy mekdepden daşary çagalar edarasy», «Iň gowy mekdep kitaphanasy», «Iň gowy okuw otagy», «Iň gowy topar otagy», «Iň göreldeli mekdep müdiri», «Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri», «Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary», «Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary», «Iň göreldeli terbiýeçi-usulçy», «Iň göreldeli synp ýolbaşçysy», «Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy», «Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy», «Iň gowy mekdep sport zaly» atly bäsleşikler, şeýle hem «Ýylyň mugallymy» we «Ýylyň terbiýeçisi» atly bäsleşikler guramaçylykly geçirildi. Zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşigi, mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça taslama we ders bäsleşikleri ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär.
* * *
Dostlugy, parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak, medeniýetleri we sungatlary, bilimleri hem-de ylymlary ýakynlaşdyrmak halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgeleridir. Şu asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly ýaşlaryň arasynda ylmy-döredijilik gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Ilkinji «akylly» şäher, ýaşlaryň, bilimleriň hem-de geljegiň şäheri hökmünde şöhraty dünýä dolan Arkadag şäherinde ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryna bolan höweslerini artdyrýan, aň-paýhas, zehin-başarnyklaryny ösdürýän mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy hem muny aýdyň görkezýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygyna gabatlanyp hem-de bu gaznanyň ýakyndan ýardam bermeginde 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy milli bilim ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň subutnamasy boldy. Ýokary döredijilik joşguny, bahar paslynyň gözellikleri, bagtyýar döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlar, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň gözel ýerlerine, muzeýlerdir seýilgählere guralan gezelençler, täze tanyşlyklar bu halkara olimpiadasynyň ähmiýetini has-da artdyryp, özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Halkara matematika olimpiadasynda gazanylan medallar boýunça 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň topary Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna awgust aýynyň 1-10-y aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç aldy. Gyzykly dynç alyşlar, Awazanyň gözel keşbi, täze tanyşlyklar we dostluk duýgulary iň gowy ýatlamalary galdyrdy.
* * *
Geçen okuw ýylynda beýik maksatlar üçin yhlasly okaýan, öwrenýän, döredýän okuwçylarymyz:
— Bolgariýa Respublikasynyň Warna şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda 41-nji Balkan Matematika olimpiadasynda;
— Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen 20-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda;
— Litwa Respublikasynyň Wilnýus şäherinde geçirilen Wilnýus halkara taslama olimpiadasynda;
— Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Ýaş mekdep okuwçylarynyň arasynda 28-nji Balkan matematika olimpiadasynda;
— Hytaý Halk Respublikasynyň Şenžen şäherinde geçirilen 58-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasynda;
— Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Muhammed Al-Horezmi adyndaky matematika olimpiadasynda hem-de Buhara şäherinde geçirilen «Avicenna» adyndaky halkara biologiýa olimpiadasynda;
— Russiýa Federasiýasynyň Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen Halkara ylmy fizika olimpiadasynda;
— Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen 65-nji Halkara Matematika olimpiadasynda;
— Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy Halkara himiýa olimpiadasynda we beýleki halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etdiler. Hususan-da, 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 14 altyn, 32 kümüş, 52 bürünç medal, halkara internet bäsleşiklerinde 93 altyn, 99 kümüş, 99 bürünç medal gazandylar, 5962 sany diplomlara mynasyp boldular.
Bu döwürde talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda jemi 44 altyn, 104 kümüş, 177 bürünç, toparlaýyn bäsleşiklerde 5 altyn, 11 kümüş, 17 bürünç, şeýle hem 450 sany diplomlara mynasyp boldular.
* * *
2023 — 2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynda ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda IV Açyk Halkara matematika olimpiadasy, «Materiallaryň garşylygy» dersinden III halkara Açyk internet olimpiadasy, «Iňlis dili» dersi boýunça III halkara internet olimpiadasy, «Makroykdysadyýet» dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasy, II Açyk Halkara informatika olimpiadasy, «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy, «Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy» dersi boýunça II halkara Açyk internet olimpiadasy, «Dünýä ykdysadyýeti» dersi boýunça II halkara Açyk internet olimpiadasy, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary», «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri», «Binagärlik-gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahatlar, «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara onlaýn ylmy maslahaty, «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat-goldawlary hem-de gymmatly maslahatlary bilen ýokary derejede geçirilen bu halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar dünýäniň bilim, ylym, tehnologiýalar merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, täzeçillige, gözleglere, açyşlara höwesli ýaş zehinleri ýüze çykarmak ugrundaky möhüm ädimlerdir.
* * *
Ylym we bilim babatda gazanylan halkara ylalaşyklara laýyklykda, bilelikde ylmy taslamalar amala aşyrylyp, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işgärler kuwwaty berkidildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça onlarça täze hünärler açylyp, ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 926, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 850 talyp kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda hünär bilimi ulgamynyň geriminiň barha giňelýändigini, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerimiziň ylym-bilim berijilik, hünär öwredijilik mümkinçilikleriniň ýokarlanýandygyny tassyk edýär.
* * *
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bilimiň we ylmyň ornuny ýokarlandyrmak we özara baglanyşygyny berkitmek, tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlaryň ylmy-döredijilik işini has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-önümçilik merkezlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde döredilen «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezinde ylmyň düýpli we amaly ähmiýetli öňdebaryjy ugurlaryndan ylmy-barlag işleri alnyp baryldy.
* * *
Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeleriň wajyp ugry hökmünde bilim ulgamyny umumy ykrar edilen halkara kadalaryna, milli ýörelgelere hem-de tejribelere laýyklykda kämilleşdirmäge möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde döredilen sanly bilim portallarynyň elektron maglumat gorlary yzygiderli baýlaşdyrylýar hem-de olaryň elýeterliligi üpjün edilýär. Döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny we elektron maglumatlary işläp düzmek, toplamak, saklamak bilen bagly tehniki-programmalaýyn şertler has-da ýeňilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan döredilen «Zehin» internet synag, «Şekil» wideoaragatnaşyk, «Ukyply» multimedia, Elektron kitaphana ulgamlary, «Çagalar bagy» töleg programmasy hem-de «e-mekdep» portaly ýaşlara berilýän bilimiň netijeliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. «e.gov.tm» döwlet hyzmatlar portalynda bilim ulgamyna degişli maglumatlar hem-de hyzmatlar ilata hödürlenýär.
Mugallymlar, işgärler hem-de talyplar üçin elektron kitaphana, elektron sapak, elektron giriş programma üpjünçiliklerini bilim edaralaryna ornaşdyrmaga, bilim edaralarynda köpdilli wizual sözlük arkaly daşary ýurt dillerini özbaşdak öwrenmegiň innowasion usullaryna, reýting, hil görkeziji, bilim maglumatlary dolandyrmaga, bilim edaralarynda STEM we robototehnika tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşyna bagyşlanan iş maslahatlary yzygiderli geçirildi.
SCAFFOLD 102 kartdan ybarat bir usulyýet toplumy bolup, mugallymlara okuw çärelerini meýilleşdirmekden başlap, baha bermäge çenli giňişleýin gurmaga we geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu usulyýet toplumy Ýewropa Bilim Gaznasy we Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki Barlaglar Merkezi tarapyndan işlenilip düzüldi. Ol mugallymlara okuw maksatlaryna, bar bolan serişdeler, okuw meýdany we dowamlylygy boýunça okuw netijelerini kesgitlemäge we toparlamaga kömek edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa okuw gaznasynyň DARYA taslamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde SCAFFOLD usulyýetini ýurdumyzyň bilim edaralarynyň mugallymlaryna öwretmäge bagyşlanan okuwlar geçirildi.
* * *
Geçen okuw ýylynda okuw kitaplaryny we gollanmalaryny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynda beýan edilýän taglymatlara uly orun berlip, esasy gollanma hökmünde peýdalanyldy.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp bilim edaralarynda kitap sergileri, säherlikler, göreldeli okuw sapaklary, synp sagatlary, «Açyk gapylar» günleri, breýn-ringler, çeper okaýyş bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklary, sportuň görnüşleri, milli we hereketli oýunlar boýunça ýaryşlar geçirildi. Ylmy-amaly, döredijilik maslahatlaryna işjeň gatnaşyldy, tele we radioýaýlymlarda çykyşlar edildi, metbugat sahypalarynda makalalar çap edildi.
* * *
2024-nji ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-sy Times Higher Education Bütindünýä reýting guramasynyň «Young University Rankings 2024» (döredilenine 50 ýyldan köp bolmadyk dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň reýtingi) atly reýtingine habarçy agza hökmünde girizildi. Şeýle hem, 2024-nji ýylyň iýun aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny amal etmegiň netijeleri boýunça «University Impact Rankings — 2024» (uniwersitetleriň täsir etme reýtingi) atly reýtingiň sanawyna käbir görkezijiler boýunça girizildi.
* * *
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň ylym-bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijesinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary açyldy. Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylyk dilleri» hem-de Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klublary açyldy.
Döwletara we pudagara ylalaşyklara laýyklykda, 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bilim işgärleriniň 447-si daşary ýurt döwletleriniň 33-sine ugradylyp, özara tejribe alyşdylar we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdylar. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, maslahatlaryň, okuw sapaklarynyň, ylmy maslahatlaryň 178-si geçirildi.
2024-nji ýylda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň Soka uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Awstriýanyň Graz tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Bilkent uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar oba hojalyk we tokaýçylyk uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Kawasaki senagat ösüş institutynyň Nanomedisina innowasiýa merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Ka Foskari uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Ka Foskari uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021— 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna» gol çekildi.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de barha kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler bilim ulgamynyň işgärlerini gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzy ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 21.08.2024