23.08.2024 Gollanma26

Keýikler hakynda söz


Golaýda goňşy obada, bir alada-da otyrkak, keýikler hakynda edilen, haýran galdyryjy gyzykly gürrüňleri diňledim.

Tebigatymyzyň bezegi keýikleriň sanynyň azalýanlygy gynandyryjy waka. Olaryň höwür döwri oktýabr aýlary bolmaly. Ol ýagdaý çopanlaryň synçy nazaryndan sypmandyr.

Ömrüni çölde geçiren obadaşlarymyzyň galdyryp giden maglumatlaryna görä, keýikler her ýylyň aprel aýynyň 14-17-si aralygynda owlaklaýar ekenler. Özüne-de, owlaklar bolandan soň, enelerini bir gezek emip ýetişseler ýeterlik bolýar. Ondan soňra tebigatyň kanunyna laýyklykda, owlaklar enesi nirä nähili tizlikde gitse, ylgasa yzyna eýerip bilýärler diýen gürrüň bar.

Keýikler ýatanlarynda hemişe şemalyň ugruna ýatar ekenler. Şemal ugurdan gelýän yslardan howpy duýmak üçin şeýdip ýatýan bolara çemeli.

Beýleki jandarlaryň hiç birine Allatagala suw içmek üçin ýörite gap döretmändir, ýöne keýikler üçin keýigokaralaryň tebigatda ösümlik hökmünde ýaradylandygy täsinlik.

Köp ýyllar sürüji bolup işlänler, çölde keýikleriň ulaga gabat gelseler, otlap ýören ýerlerinden ylgaşlap, bäsleşip, özleriniň ýyndamlygyny subut etjek bolýan ýaly, eger şol ýagdaý janawaryň janyna barabaram bolsa, ulagyň öňüni kesip geçme häsiýetleriniň bardygyny aýdýarlar.

Çopan goşlaryna, guýulara, gijelerine keýikleriň suw içmäge gelýändikleri hem belli. Olar gijäniň bir wagty, gaty assyrynlyk bilen çopan goşlaryna geler ekenler.

Çopanlaram özleriniň örüleriniň golaýynda keýikleriň barlygyny bilseler, agşamlaryna goýunlaryň suwa inýän howuzlaryny suwdan dolduryp goýýarlar.

Ýene bir gürrüňe görä, ençeme keýikden bir keýigiň göbeginde suwuklyk ýygnanyp, şol keýik belli bir ýagdaýlarda beýlekilerden saýlanar eken. Şeýle keýikleriň göbeginde bolan suwuklygy ýörite soraglapdyrlar. Şeýle täsin hem ýiti ysly bu suwuklyga anbar diýilýär. Anbary gyz-gelinler hoşboý ysy üçin ulanýarlar.

Magtymguly atamyzyň pähim-paýhasa ýugrulan setirlerinde:

Al-ýaşyl geýinip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy... —

— diýşi bu aýdylanlary subut edýär.

Şeýle täsin, Allatagalanyň nazary düşen, tebigatymyza gözellik berýän keýiklerimizi we beýleki sany azalyp barýan jandarlarymyzy, guşlarymyzy halk köpçüligi bolup goramak biziň hemmämiziň borjumyzdyr.

Saparmyrat HOMMODOW,
Murgap etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň rus dili mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 22.08.2024

Tmpedagog