16.08.2024 Gollanma385

Tam üstünde tamymyz, goşadyr eýwanymyz...


Hazar deňziniň kenarýakalaryndaky oturymly ýerler barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu ýerleriň aýakly, ýagny sütünli tamlary göz öňüňe gelýär.

Hazarýaka töwereklerinde, esasan-da, Esenguluda we oňa golaý obalarda agaçdan gurlan üýtgeşik gurluşly aýakly tamlar bärden barýarkaň seleňläp görünýär. Olar daşdan synlanyňda, ýüzüp barýan gämini ýa-da uçup barýan guşy ýadyňa salýar. Esenguly özüniň şeýle jaýlary bilen diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, tutuş Orta Aziýa halklarynyň arasynda hem uly meşhurlyga eýedir. Tam üstünden tam salnyp, goşa eýwan çekilip gurulýan bu jaýlar göreni haýrana goýýar. Şeýle aýakly tamlar bu ýere gelen myhmanlaryň, syýahatçylaryň, bilermenleriň hem nazaryny özünde egläpdir. Muňa taryhy maglumatlara, ylmy çeşmelere ser salanymyzda hem anyk göz ýetirýäris. 1963-nji ýylda Moskwada çap edilen «Dünýä halklary» atly etnografik oçerkler tapgyrynyň «Orta Aziýanyň we Gazagystanyň halklary» diýen 2-nji jildinde bu barada şeýle maglumat berilýär: «Hazar deňziniň kenarýakalarynda, Esenguly etrabynyň balykçylyk şäherçelerinde sütünleriň üstünde agaçdan aýakly jaýlary gurýarlar. Olaryň sütün-aýaklarynyň beýikligi 1,5-2 metrden ybarat. Şol tamlaryň ýer bilen ýokarky böleginiň dalagynyň aralygyny tagtalar bilen ýapyp, ony köplenç hojalyk hajatlary üçin ulanýarlar. Şeýle jaýlaryň kenarýakalarynda ýüze çykyp başlamagy geçen ýüzýyllygyň 80-nji ýyllaryna degişlidir».

Bu maglumatlar görnükli edebiýatçy alym, halkymyzyň milli mirasyny içgin öwrenen Ahmet Ahundow-Gürgenliniň golýazmasynda Esenguluda ilkinji aýakly tamlaryň döräp başlan seneleri barada berýän maglumatlary bilen gabat gelýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan, gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Esenguly türkmenlerine degişli materiallar» atly golýazmada Esenguluda salnan ilkinji aýakly tamlar barada söhbet edilýär. Bu maglumatlary belli türkmen alymy, edebiýatçy Ahmet Ahundow-Gürgenli esengululy ýaşululardan eşidip ýazypdyr. Golýazmada beýan edilişine görä, «Esengulynyň jemagaty ýokarky obada oturýan wagty (takmynan, 40 ýyl mundan öň) ýomutlaryň garinjik taýpasyndan Mämi Hajy diýen bir söwdagär Hajy arap atly bir parsa tam saldyrypdyr. Şol Esenguluda salnan ilkinji tamlaryň biri hasap edilýär».

Golýazmanyň ýazylan senesi 1936-njy ýyl diýlip görkezilýär. Şondan hem, takmynan, kyrk ýyl çemesi öň salnan tamlar, baryp 1896-njy ýyllara gabat gelýär. Diýmek, şol döwürlerden başlap Esenguluda agaçdan tamlar salnyp başlanypdyr diýip çaklamak mümkin.

Şol golýazmada getirilýän maglumatlara görä, esengululy ýaşulular agaçdan salnan tamlarda ýaşaman, öňki edähetlerine görä, ak öýlerde ýaşapdyrlar. Agaçdan salnan tamlar aýakly bolandygy üçin, oňa basgançak bilen münüp-düşüpdirler. Ýokaryk münüp-düşmegiň bolsa, elbetde, ýaşuly adamlara aňsat bolmajakdygy belli. Şol sebäpli tamda köplenç ýaş çatynjalar ýaşapdyrlar.

Hazaryň kenarýakalarynda ýaşaýan ilatyň arasynda jaýyň gurluşygy bilen bagly däp-dessurlaryň, yrym-ynançlaryň birnäçesi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Jaý salnyp, onuň ýerli ilat tarapyndan çaty diýlip atlandyrylýan üçegi galdyrylanda, tamy salynýan ýigidiň ejesi tarapyndan garry öýde pişme bişirilýär. Ýigidiň hossarlary: doganlary, ýeňňeleri, ýakyn garyndaşlary galdyrylýan çata ýaglyk, mata ýaly zatlary dakýarlar. Muny gören goňşy-golamlar hem üýşüp gelip, jaýyň çatysynyň galdyrylmagy bilen öý eýelerini gutlaýarlar we çata ýaglyk dakýarlar. Umuman, bu dessur özboluşly toýy ýadyňa salýar.

Jaýyň gurluşygy doly tamamlanandan soň märeke üýşürilip, tam toýy edilýär. Tam toýunda ýerine ýetirilýän ýaglyga towusmak toý dessurynda hem çata dakylan şol zatlar bilen birlikde, başga-da birnäçe sowgatlar baýraga goýulýar. Ýene-de bir gyzykly zatlaryň biri-de, Hazar sebitlerinde, esasan hem, Esenguly, Garadepe, Ajyýap, Garadegiş, Çekişler ýaly oturymly ýerlerde ozallar tam toýunda berjaý edilýän ýaglyga towusmak toý dessurynyň iň ilkinji baýragy hökmünde ak pişge baýrak goýlupdyr. Onuň ýanyna ak ýaglyk hem goşulypdyr. Muňa bolsa halkymyzyň «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen pähiminden gözbaş alnyp, jaýa girjek ýaşlara aklyk, päklik arzuw edildigi diýip düşünmek bolar.

Hazarýaka obalarynyň ilaty geçen asyryň başlaryndan şu günlere çenli hem-ä toý şowhunyny artdyrmak üçin, hem-de öz oturymly mesgenlerini wasp etmek maksady bilen:

Tam üstünde tamymyz,
Goşadyr eýwanymyz.
Sen ondan çyk, men mundan,
Kör bolsun duşmanymyz —

diýen gazaly uly hyjuw bilen ýerine ýetirýärler. Bu küştdepdi gazalyny eşideniňde ýa-da onuň setirlerini okanyňda, seniň aňyňa bada-bat Esengulynyň we onuň töwereklerinde ýerleşýän obalaryň eýerlenen ata meňzedilip salnan, bärden barýarkaň seleňläp görünýän tamlary göz öňüňde janlanýar.

Hawa, Esengulynyň, onuň golaý-goltumyndaky Çekişler, Ajyýap, Çaloýuk, Garadegiş obalarynyň aýakly tamlary barada eşitmedik az-az bolsa gerek. Geçen asyryň ortalarynda tutuş Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana syýahat eden rus ýazyjysy Pýotr Skosyrýow Esengula-da baryp görüpdir. Şonda ýazyjynyň ünsüni, ilkinji nobatda, Esengulynyň aýakly tamlary özüne çekipdir we ol bu täsin binagärlik sungatyna haýran galypdyr. Ol Esengulynyň sap agaçdan gurlan ýerdigini belläp: «Beýle agaçdan şäher diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Orta Aziýada hem ýeke-täkdir» diýip ýazypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandan soňky ilkinji iş saparyny 2007-nji ýylyň 2-nji martynda hut şol ýerden — Esenguly etrabyndan başlapdy. Şondan soňra bu etrap täze galkynyşy başdan geçirdi, bu ýerde ençeme desgalardyr binalar gurlup ulanmaga berildi. Şonuň bilen bir hatarda hem etrap merkezinde ozalky bar bolan aýakly tamlaryň hem durky täzelendi, öňki gumaksy köçeler asfaltlanyldy...

Bu günki gün Esengulynyň ilaty durmuş toýlarynda, tam toýlarynda we beýleki toý-baýramlarda ýerine ýetirýän gazallarynda ýürek joşgunlaryny uly hyjuw bilen beýan edenlerinde, öz ýaşaýan ýerleriniň ozalky we häzirki binagärlik keşbini hem ussatlyk bilen wasp edýärler. Esenguluda iş saparynda bolanymyzda ýazyp alan şol küştdepdi gazallarymyzyň birnäçesi bilenem ýazgymyzy jemlemegi makul bildik:

Esengulyň tamlary,
Saýawanly çar ýany.
Aşakdan kän synlaýaň,
Mende göwnüň bar ýaly.

* * *

Asmandadyr Aýymyz,
Bagtdandyr paýymyz.
Arkadag gurdurdygy —
Ak mermerden jaýymyz.

* * *

Öýüňiz gutly bolsun!
Toýuňyz gutly bolsun!
Täze jaýdan öý alan,
Ýaşlar bagtly bolsun!

Gülälek HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky
Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

"Balkan" welaýat gazeti, 15.08.2024

Tmpedagog