10.08.2024 Gollanma75

Gülli keçe — ak öýüň görk-zynaty


Biz nepis sungatyň ussady mugallym zenan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň mugallymy Bazargül Annaýewa bilen söhbetdeş bolup, onuň keçe sungaty we onuň döreýiş aýratynlyklary baradaky gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegii makul bildik.

— Keçe taýýarlamak üçin saýgyç, ýüňdarak hem keçe gamşy ýaly gurallar ulanylýar. Keçe senetçiliginde ulanylýan her bir guralyň özüne görä ýerine ýetirýän işi bar. Keçe senetçiliginde gaýratly we başarnykly zähmeti talap edýän esasy işleriň biri hem ýüň saýmak. Ýüňi saýmak üçin saýgyç guraly ulanylýar. Saýgyç tebigatymyzda ösýän gyzyl ýylgynyň çybygyndan taýýarlanylýar. Onuň üçin gyzyl ýylgynyň iň uzyn we göni ösen çybygy saýlanyp alynýar. Çybygyň daşky gyzyl gabygy gyrlyp arassalanýar we ýüň ilişmez ýaly, ýanyp sönen oduň goruna gorsalýar. Saýgyç inçe we ýogyn görnüşde taýýarlanylýar. Inçe saýgyç gytyk ýüňleri hem-de kiçi saýymlary saýmak üçin, ýogyn saýgyç bolsa, ösgün ýüňleri hem-de uly saýymlary saýmak üçin ulanylýar. Keçe üçin, esasan, güýz ýüňi saýlanyp alynýar. Olaryň arasyndan ösgün, gytyk, guzy hem-de baýzy ýüňleriň hersi aýratynlykda saýylýar. Toklynyň güýz gyrkymyndan alnan ýüňe «baýzy» diýilýär. Saýanyňda ösgün ýüňleriň uçlary tiz ýazylýar, gytyk ýüňlere bolsa saýgyjy köpräk urmaly bolýar. Bir saýym ýüňi gowy saýmak üçin azyndan ýüz, ýüz elli saýgyç urmaly bolýar. Ýüň saýyp oturan zenana: «Elleriňe gaýrat, saýgyjyňa kuwwat!» diýilýär.

Keçe basmakda ulanylýan gurallaryň ýene biri hem, ýüňdaragy. Ýüňdaragy tut agajyndan ýörite ussalar tarapyndan ýasalýar. Oňa demirden temenler berkidilýär. Ýüňdaragy ýüňi daramak üçin ulanylýar. Goýnuň ýaz we güýz ýüňleri aýratynlykda daralýar. Ýaz ýüňüni daramak üçin ol, ilki bilen, tüýdülýär. Tüýdülen ýüň gowy daralýar. Daralan ýaz ýüňüniň baş ýüňlerinden pişge edilýär. Pişgelerden keçä gül çyzmak üçin sümek çekilýär. Darakdişi bolsa keçä çyzylan gülleriň içini doldurmak üçin ulanylýar.

Keçe gamşy hem bu senetçilikde ulanylýan gurallaryň biri. Keçe gamşy tebigatymyzda suwly ýaplaryň boýunda biten gamyş ösümliginden taýýarlanylýar. Daşy ýylmanak bolansoň, oňa ýüň ýapyşmaýar, ol ýüňüň berkemegi, jebisleşmegi üçin amatly. Keçe gamşyny dokamak üçin gamşyň iň uzyn we göni ösenleri saýlanyp alynýar. Daşky gabygy aýrylansoň gamşyň daşy ýaldyrap durýar. Keçe gamşyny dokamak üçin arasy dokaljak gamşyň uzynlygyna görä edilip, haçjaly agaçdan iki sany gazyk kakylýar. Haçjaly agaçlaryň üstünden keseligine edilip orta ýogynlykda bolan göni agaç goýulýar. Şol keseligine goýlan agaçdan hem daşyna ýüp saralan daşlar asylýar. Keçe gamşy ýüpli daşlary çalşyryp durmak arkaly dokalýar. Her asyljak ýüpüň goýuljak ýeri gädilýär we şol gädigiň içinde hem ýüpler goýulýar. Munuň özi gamyş dokalanda çalşyrylyp dokalýan ýüpleriň göni gitmegi üçin edilýär. Keçe gamşyň ininiň uzynlygyna görä daş asylyp dokalýar. Mysal üçin, ini 2 metrlik gamyş dokaljak bolsa, oňa 21 sany ýüpli daş asylýar. Keçe gamşy dokalyp başlananda, ilki bilen, ýylgyn çybygy goýulýar. Dokalanda hem berk bolmagy üçin gamyşlaryň arasyna her bir garyşdan ýylgyn çybygy goýlup durulýar. Gamyş dokalyp bolnandan soň ýüpleriň uçlary berk daňylýar. Ujunda artan ýüpler keçe gamşyň daşyny daňmak üçin goýulýar. Taýýar edilen keçe gamşy düýrlenip goýulýar.

Keçäniň güli üçin ýaz ýüňi ulanylýar. Ýaz ýüňi ýuwlup, arassalanyp, dürli reňklere boýalýar. Soňra tüýdülip, daralyp, pişge edilýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, pişgelerden sümek süýlüp, keçäniň ýüzüne nagyş çyzylýar. Keçe nagşynyň ortasyna «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gelinbarmak» we başga-da birnäçe nagyşlar çyzylýar. Gyrasyna «sary içýan» goçagy aýlanýar. Nagyşlaryň içi dürli reňkdäki darakdiş ýüňler bilen doldurylýar. Keçäniň güli üçin ýaz ýüňüniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi ol sütükli bolýar. Ýüňi darap, ösgün bölegini kakyp alanyňda sütük ýüňdaragyň dişlerinde galýar. Şonuň üçin hem oňa «darakdiş» diýilýär. Darakdiş ýüňleri gülüň içini doldurmak üçin amatly bolýar. Keçäniň güli doldurylyp bolnandan soňra onuň gyrasyna gyragara aýlanýar. Gyragara gara goýnuň ýüňünden ýa-da gara reňke boýalan ýüňden ýüzlenýär. Keçe nagyşlarynyň görki-görmegi tebigatyň gözel keşbinden alynýar. «Tüýnük nagşy» ak öýleriň tüýnügini, türkmeniň maşgala ojaklaryny alamatlandyryp, päkizeligiň, agzybirligiň, döwletliligiň nyşany hökmünde salynýar. Keçäniň daş-töweregine aýlanyp salynýan «sary içýan» goçagy tebigat aýratynlyklaryny, Garagum sährasyny, türkmeniň goç ýigitleriniň edermenligini, ýurduň daşynyň goragyny alamatlandyrýar. Gyragara jebisligiň, daşymyzyň galasynyň nyşany.

Keçe güllenip bolnandan soňra onuň arkasyna üç gat edilip güýzlük ýüňi ýüzlenýär. Birinji gatyna ýumşak, ýagny «gaýmak» ýüňler ýüzlenýär. Ikinji gatyna «aragatlak» diýilýär. Aragatlaga gytyk ýüňler ýüzlenýär. Üçünji gatyna bolsa, ösgün, ýagny baş ýüňler ýüzlenýär. Keçe ýüzlenip bolnandan soňra onuň arka tarapyna gyragara aýlanyp, «pişik basdy», «emzik», «gazaýak» ýaly dürli nagyşlar bilen bezelýär. Keçe taýýar bolandan soňra, ussat zenanlar tarapyndan, emaý bilen keçe gamşa dolanýar. Keçe gamşa dolanan wagtynda, «keçämiz berk bolsun» diýen yrym bilen öňünde oglan çaga oturdylýar. Dolanan keçe gamşy, ilki bilen, gamşyň özündäki ýüpler bilen daňylýar. Soňra gamşyň ortasyndan ýüp bilen iki taraplaýyn berk daňylýar. Keçe çekiljek ýer öňünden taýýarlanylmaly. Saman ýa-da gamyş düşelse, keçe ýeňil çekilýär. Keçe gamşy dik goýlup, iki tarapyndan gyzgyn suw bilen suwlanýar. Suwlanan keçe gamşynyň ortasyndan ýüp aýlap, çekmäge başlamaly. Bu işi ýetginjek oglanlar ýerine ýetirýärler. Bir ýarym sagada golaý çekilenden soň keçäniň çekimi ýetip, gurap başlan gamyş jygyldap ses edip başlaýar. Şondan soň gamyş çözülip, içindäki keçe dolanyp alynýar we basmaga başlanýar. Basylan wagtynda keçäniň iki gyrasy gowy girip, berk bolar ýaly, gamyş degip durmaly. Keçe, ilki bilen, uzynlygyna, soňra inine basylýar. Basymy ýeten keçe çydamly hem-de berk bolýar.

Birnäçe günden soň üstüne gyzgyn suw guýlup, keçe gaýtadan basylýar. Oňa «keçe bişirmek» diýilýär. Keçe bişirilende üstünden gyzgyn suw sepip, dört burçundan düýrläp, aýratynlykda basmaly. Muňa «owmak» diýilýär. Owulyp basylan keçe gowy girýär we süňk ýaly berk bolýar. Şeýle inçe hem irginsiz zähmetiň, zenanlaryň çeper elleriniň ussatlygynyň netijesinde hem nepis türkmen keçeleri döreýär. Türkmen zenanlarynyň çeper el işleriniň nepisleriniň hem-de naýbaşylarynyň biri bolan keçe senetçiligi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyndan orun almaga mynasypdyr.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

"Zenan kalby" žurnaly, №8 - 2024

Tmpedagog