Halallyk — ömrüň diregi
Adamzat durmuşynda halallyk diýen düşünje kalplara, aňlara siňip galypdyr. «Halala hasap bar» diýen halk pähiminde hem halallyk ýaly häsiýetiň durmuşymyza giňden ornaşandygyny görüp bilýäris. Halallyk — ömrüň diregi, eliň rysgaly. Hikmetli kitaplaryň gatlarynda danalaryň, ulamalaryň halallyk barada edýän wesýetleri durmuş hakykatyndan üzňe däldir. Ata-babalarymyz halallyga ýanalýan dört häsiýeti wesýet edipdirler. Olar: lebzi halallyk, süňňi halallyk, zandy halallyk we kesbi halallykdyr.
Halallyk düşünjesiniň durmuşymyzda galtaşmaýan nokady we gurşamaýan giňişligi ýok. Bu giň düşünje däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, aň-pikirlerimize reňki solmajak nagyşlar deýin sünnälenipdir. Her işde, hereketde, her ýagdaýda halallyga gol bersek, käteler birbada göwnejaý netijäniň göze ilmeýändigine garamazdan, hemişe soňunyň düz bolup gutarýandygy hak. Halkymyzyň örki halallykda.
Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Abdylla ibn Mübärek hezretleri söweşe ugramazynyň öňüsyrasynda bedewine atlanjak bolup duran eken. Birdenkä ol öz malynyň goňşy atyzdan bir agyz maýsa iýenine gözi kaklyşypdyr. Ol: «Watan goragy mukaddes zatdyr. Beýle mukaddeslige ugrajak bolup durkam, her zadymyň halallygy wajyp. Men bu maly şol goňşyma sowgat bersem, halalladygym bolar» diýipdir we pikir edişi ýaly hem ýerine ýetiripdir. Alym watansöýüjiligi iň mukaddes duýgy hasaplap, Watana dahylly bir iş etjek bolsa, süňňüniň we köňlüniň hemişe halal, arassa bolmagyny ileri tutupdyr.
Adam näçe halal boldugyça, onuň ýüzi nurlanyp, ýüregi barha röwşenlik tapýar. Halal gazanjyň berekedi hiç haçan egsilmeýär. Pederlerimiz aýtmyşlaýyn, egninde halallyk lybasy bolan adam halkyňam, Hakyňam sylagyna mynasyp bolar. Halallyk hakynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem jaýdar jümlelere gabat gelmek bolýar. Şahyryň: «Bir görüp gitse daşymdan» atly goşgusynda:
Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere,
Tutuldygyň bilgil, nan-u aşymdan —
ýa-da «Mätäç eýleme» goşgusynda:
Namart köprüsinden ölsem geçmez men,
Kerwen bolsam, halal işden gaçmaz men —
diýen ýaly setirlerde halallygyň ähmiýeti wagyz edilýär.
Arassa, halal, Watana wepaly, lebze ygrarly ýaşamak durmuşymyzyň ajaýyplygyny we gözelligini üpjün edýär. Adamzadyň bagtly ömrüniň we dowamatynyň özenini düzýän halallyklar hakda söz açmak diňe bir gyzykly bolman, eýsem, wajypdyr.
Bahar BEGELEKOWA,
Boldumsaz etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 08.08.2024