07.08.2024 Gollanma85

Çaga bilesigelijiligi


Bilesigelijilik adamyň ganyna siňen häsiýetdir. Eger-de daş-töweregimizi gurşap alýan zatlarda bize näbelli bir zat gabat gelse ýa-da täsin ses eşitsek, biziň aňymyzda «bilesigelijilik düwmejigi» basylýar. Şonda bilmeýän zadynyň üstüni dolmak üçin ynsanda bilmek islegi artýar.

Bilesigelijilik bilmeýän zadyňy öwrenmäge bolan aşa islegdir ýa-da ýetmeýän maglumatyň üstüni dolmakdyr. Bilesigelijilik adamy kämilleşdirýän hereketdir. Ol durmuşda maksadyňy tapmagyň ýol çelgisidir. Bilesigelijilik Ýer togalagyndaky islendik jandara mahsusdyr. Ýöne täze-täze zatlary bilmegi köpler dowamly ürç edinmeýärler.

Psihologlar bilesigelijiligiň birnäçe peýdaly taraplaryny ýüze çykardylar. Esasan, 3-11 ýaş aralygyndaky çagalarda bilesigelijilik aşa ösendir.

Çaga bilesigelijiligi tebigydyr. Olar has kiçiliginden gözüne ilen zatlary elläp, tutup, dadyp, dişläp, ysgap... görýär. Ýöne ulularyň kömegi bolmasa, körpelere daş-töweregindäki zatlara akyl ýetirmek kyn düşýär.

Çaga bilesigelijiligi düşünmäge, öwrenmäge, gyzyklanmaga bolan tebigy islegdir. Körpejäniň tükeniksiz «näme üçinleri» çyndan gyzyklanmanyň köküdir. Alymlaryň pikiriçe, çaga bir zady zoraýakdan öwredenden olarda bilesigelijilik bilen akyl ýetirmä itereniň has peýdalydyr. Çaga bilesigelijiligi olaryň artykmaçlygydyr. Munda ene-atanyň borjy — dünýäni, durmuşy öwrenmegi hiç haçan togtatmaly däldigini, elmydama bilmäge ymtylmagy çaga düşündirmekdedir.

Bilesigelijilik çaganyň sagdyn ösüşine, pikirlenişine täsir edýär. Bu häsiýet çagada maksada okgunly bolmagy, özbaşdak bellibir netijä gelmegi terbiýeleýär. Çaga bilmeýän bir zadyny öwrenip, özüçe açyş edende, onuň beýnisinde dofamin — lezzet alma gormony bölünip çykýar. Çaga bildigiçe köp bilesi, öwrendigiçe köp öwrenesi gelýär. Gyzyklanýan zadyna öz-özi akyl ýetireninde bu geljekde onuň kynçylyklardan aňsat baş alyp çykmagyna peýdalydyr. Şonda kynçylyklar oňa bökdençlik däl-de, mümkinçilik bolup görner.

Meşhur hindi pedagogy Sugata Mitra «Öwrenmek sorag bermekden başlanýar» diýip belleýär. Bu hakda türkmende hem «Bilmedigini sorap öwrenen alym» diýen aýtgy bar. Çaga bir zat bilen gyzyklansa, sorag bermäge başlaýar. Şonda bilýäniňizi düşündirmekden gaçmaň. Eger özüňizem bilmeýän bolsaňyz, öwreniň.

Çaganyň köp soramagyna garşy çykmaň. Bilmeýän zadyna çaganyň özbaşdak akyl ýetirmegine mümkinçilik dörediň. Onuň bilen dürli öwrediji häsiýetli oýunlar oýnaň. Çaga ýalňyşlarynda öwrenmegi öwrediň.

Oguljemal JUMAŞOWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň müdiri.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 07.08.2024

Tmpedagog