25.01.2023 Gollanma142
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok...
Adam arzuwçyl bolýar. Çagalaryň arzuwy ulalmak, ýaşlaryň arzuwy talyp bolmak maksady myradyna ýetip, göwün söýen kärinde zähmet çekmek, söýgüden pürepür bolup ýörenler biri-birine gowuşmagyň arzuwynda, ýaş çatynjalar täze jaýyň, akja bäbegiň arzuwynda, kimdir biri öz hyýalyndaky işleri amala aşyrmagyň arzuwynda... «Guş ganatsyz, adam arzuwsyz bolmaz» diýlişi ýaly, adam elmydama arzuw bilen ýaşaýar. Bu barada Halyl Kulyýew şeýle belleýär:
Biziň ömrümiziň iň bir baý zady
Arzuwlardyr Baý biz dostlar arzuwa.
Eger bolmasady arzuw diýen zat,
Ýaşaýyş bolmazdy Geçýärin güwä.
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.
Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň gowulaşmagyny isleýän bolsak, durmuşymyzy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz bolar. Ýaşaýşyň maksady has gowusyna ymtylmak, şoňa tarap hereket etmekdir. Her kim öz gämisiniň kürekçisi. Gämiçiniň maksady gämini sag-salamat kenara çykaryp bilmekdir. Saga, çepe, öňe, yza öwürmek öz eliňde. Esasy zat tupana duşaýan ýagdaýymyzda-da, amansag galyp bilmekdir. Durmuşda her bir kynçylykdan baş alyp çykarmagy başarmaly. Kynçylyk täze bir mümkinçilikdir. Her bir zadyň hökman oňyn tarapany tapmagy başarmalydyr. Arzuwlarymyza barýan ýolda her birimize döreýän kynçylyklardan saplanmak nesip etsin. Maksatdyr myradyňyza ýetmekde äden ilkinji gadamlaryňyz batly bolsun! Arzuwlaryňyz hasyl bolsun, mähribanlar!
Gülälek SÖÝEŞOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň magistranty, pedagog.
«7/24.tm: «Türkmenistan Sport»
halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 23.01.2023