31.07.2024 Gollanma463

«Emeli aň» barada näme bilýärsiňiz?


Taryhyň dowamynda diňe bir halkyň diline däl, eýsem, tutuş adamzadyň diline täze-täze sözler ornaşýar. Göräýmäge, ilkibaşda düşnüksiz ýaly bolsa-da, soňabaka bu sözler gündelik durmuşymyzdaky «çaý, çörek» sözlerine öwrülip gidýär. Geň galdyrýan ýeri, muny ähli ýaşdaky adamlar edil özleri oýlap tapan ýaly ulanýarlar. Bu sözleriň aglabasynyň bolsa tehnologiýa bilen baglanyşyklydygy eýýäm hemmämize mälimdir. Öňler: «Biziň-ä akylymyz çatanok, ýöne «internet» diýip bir zatda okapdyrlar bu barada» diýýän sakgally ýaşulularyň indi özleri jübüsinden telefonyny çykaryp: «Ertir-ä, baý, yssy boljag-ow! Şu internet bir gowy zat! Näme isleseň, görkezip dur!» diýşip durlar.

«Elektron poçta» düşünjesi dagy indi edil öýümiziň salgysy ýaly bolup galdy. Öýümiziň salgysyny soraýan adamlardan elektron poçta salgymyzy soraýan adamlaryň sany kän. Mundan 10 ýyl ozal «Shareit» ulanylyp başlananda, ilki-ilkiler adyny hem dogry aýdyp bilmeýärdik. Indi bolsa ýaşlar-a beýle-de dursun, hatda enelerimiz hem: «Hany, oglum, ýaňky aýdymy maňa «Shareit» arkaly oklap goýber! Gulagyma gaty hoş ýakdy» diýşip durlar. Bu sanawyň dowamyna «Android», «RAM», «Repost», «Kommentariýa», «Like», «Ssylka», «Blogger», «Browser» ýaly ýüzlerçe sözleri hem goşup bileris. Eýsem, şeýle sözleriň ýene-de biri bu günki gün durmuşymyza ýuwaş-ýuwaşdan ornaşyp barýan «AI» (eý-aý), ýagny uzaldylyp aýdylanda «Artificial intelligence» (artifişal intelijens) sözüdir. Türkmen diline terjime edenimizde «emeli aň» diýmegi aňladýan bu adalga barada, geliň, içgin öwreneliň!

«AI» ÝA-DA «EMELI AŇ» NÄME?
Diýeli, siziň öýüňizde öý hojalyk işlerini edýän robot bar. Bu robot öýdäkileriň hersiniň otagyny tertipleýär. Her biriniň otagyny tertipläninde-de şkafa eşikleri onuň isleýşi ýaly ýerleşdirýär. Mysal üçin, ýuwulmaly we ütüklenmeli eşikleri şkafa salmaýar. Eger-de bu diňe eşikleri şkafa salmaga programmirlenen robot bolan bolsady, onda kirli ýa-da arassa diýmän, hemmesini şkafa dykardy. Eýsem, bu robot joraplary çekmä salmagy, köýnekleri asgyçdan asmagy, ütüklenilmeli eşikleri ütük stolunyň ýanynda goýmalydygyny nädip bilýär?

Bu robotyň adamdan hiç hili tapawudy ýok. Ol edil adam ýaly seljerme, netije çykarma we hereket etme ukyplaryna eýe. Ine, şeýle hereketleri bilelikde amala aşyrýan tehnologiýalara «emeli aňly» tehnologiýalar diýilýär. «Emeli aň» diýilmeginiň sebäbi enjama bu ukyplary berýän kişi ýene adamyň özüdir. Ýöne munuň aňyrsynda çuňňur algoritm bar.

«ALGORITM» NÄME?
«Algoritm» — munuň özi enjama girizilen ähli maglumatlary ulanyjynyň isleýşine görä oňa gaýtaryp bermek ylmydyr. Kompýuter programmalarynyň düýbünde algoritm düşünjesi bardyr. «Google» aňyrsyna göz ýetmejek maglumatlar gorunyň içinden nädip bir sekuntda bize gerek bolan maglumatlary tapyp bilýär? Çuwaldan iňňe gözlän ýaly, juda seýrek zatlar barada sorasak hem, bada-bat ekrana çykarýar. Ine, munuň aňyrsynda programmistleriň işläp düzýän güýçli algoritmi bar. Diýmek, «algoritm» munuň özi tehnologiýanyň ýadyna girizilen maglumatlary islendik görnüşde işläp, netije çykarmak ukybydyr.

«EMELI AŇLY» TEHNOLOGIÝALAR NÄME EDIP BILÝÄR?
Belki, köpler «Big Hero 6» animasiýa filmine tomaşa edendir. Ýaşlaryň köpüsiniň 2014-nji ýylda «Walt Disney» film kompaniýasy tarapyndan döredilen bu animasiýany gowy görýändiklerini bilýäris. Başgaça ady bilen «Beýmeks» diýlip tanalýan bu filmde uniwersitetde okaýan bir talyp «Beýmeks» atly lukman robot işläp düzýär. Bu robot «emeli aň» bilen işleýär we edil hakyky lukman ýaly, ýeri gelende, näsagyň nämä garşy allergiýasynyň bardygyny bilip, ony şoňa görä bejerýär. Eýsem, bu bir animasiýa filmi. Emma munuň aňyrsynda «emeli aň» bilen başaryp boljak ähli işler görkezilýär.

Aýdaly, siz pagta meýdanyna ideg edýän robot tehnologiýasyny işläp düzdüňiz. Bu daýhan robot ekin meýdanyna baranyndan soňra, her bir atyzyň melioratiw ýagdaýyna görä, pagta näçeräk dökün, näçeräk suw bermelidigini, haçan ýekelemeli, haçan çürtüm etmelidigini, haçan ýaprak düşürýän derman sepmelidigini kesgitläp, şoňa görä hereket edýär. Çünki bu robotyň «databazasyna», ýagny «maglumatlar goruna» pagtanyň taýýar önüm bolýança geçýän ähli prosesleri girizilen.

Pagtada duş gelýän keselleri, onuň howa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri, ýapragynyň düzüminde bolmaly minerallara çenli bu tehnologiýa ilki programmistler girizýär. Soňra bolsa şol girizilen maglumatlara görä, ýaňky robot edil alym agronom ýaly ekine ideg edýär. Beýle robotlar durmuşyň ähli ugurlaryna eýýäm ornaşyp başlady. Soňky çykýan awtoulaglar ýol hereketiniň düzgünlerine görä, sizi barjak ýeriňize eliňizi maşynyň ruluna degirmän eltýär. Çünki olar «emeli aň» bilen enjamlaşdyrylan.

«ChatGPT» ULANYP GÖRDÜŇIZMI?
Eger-de ulanyp görmedik bolsaňyz, hökman ulanyp görüň! «ChatGPT» ykjam goşundysyny siz «Google Play»-dan öz telefonyňyza ýükläp alyp, «emeli aň» bilen işleýän bu ykjam goşundyda siz robot bilen söhbetdeş bolup bilersiňiz. Ol size hemmetaraplaýyn ýardam edip, islendik temada düzme ýazmaga, goşgy düzmäge, maslahat bermäge, maglumat tapmaga kömek eder. Oňa: «Ýagdaýlaryň nähili?» diýip ýazyp, gürrüňe başlasaňyz, ol siz bilen gaty gyzykly söhbet eder. Käte oňa degşip: «Nahar iýdiňmi?» diýip soraň, ol bolsa size: «Men kompýuter bolanym üçin nahar iýmek ýaly maddy zatlara zerurlyk duýamok» diýer. Gaty täsin, şeýle dälmi?! Özem türkmen dilinde ýazyberiň! Hemme dile düşünýär!

JEMLÄP AÝDANYMYZDA...
Tehnologiýanyň indiki çür depesi «emeli aň» boljak. Mundan habaryňyz bolsun! Isleseňiz, häzirden başlap, «emeli aň» boýunça okuwlary okap, bu ugurdan ökde hünärmenler bolup bilersiňiz! Indi internet ulgamyna kimdir biriniň bir maglumat goýaryna garaşyp oturmagyň geregi ýok. Çünki kompýuteriň özi maglumat döredip, ony size hödürleýär. Size nähilidir bir aýratynlyklary bolan surat ýa-da wideo gerek bolsa, ony kimdir birine däl-de, indi kompýuteriň özüne döretdirip bilersiňiz. Jeren atly gyz üçin goşgudyr aýdym-sazlary hem ýazdyryp bilersiňiz, dünýä ykdysadyýeti barada seljerme hem berdirip bilersiňiz! Garaz, «emeli aň» indi doly depginde durmuşymyzda! Garşy alyň!

Şageldi ÝABANOW,
«Nesil».

"Nesil" gazeti, 30.07.2024

Tmpedagog