25.07.2024 Gollanma214

Şahyr. Şygryýet. Şygyr


Bu jümleler hakynda oýlananymda, her sapar Gurbannazar Ezizowyň:

Şahyryň ýüregem topraga meňzeş,
Ýöne başgarajyk berýän höregi.
Sen oňa çüý okla, tiken, awy saç,
Diňe gül döreder şahyr ýüregi —

diýen setirleri biygtyýar serime dolýar. Bu dürdäne setirler «Şahyr kim? Şygryýet näme?» diýen sowala berlen jogap ýaly ýüregimizde ebedilik ýer aldy. Hakykatdanam, dünýä, durmuş, özüni gurşap alan tebigat baradaky duýgularyny şahyr ýüreginiň töründen derýa bolup daşan setirlere siňdirip, ak kagyza galam bilen nagyşlaýar, döredijilik zehininiň datly miwesini — şygryny ynsan kalbyna bagyşlaýar. Şahyr ylhamly, ynamly, sünnä setirleri bilen aýdylyşy ýaly, dünýäniň göwnüni tapýar. Bu barada şahyr Kerim Gurbannepesow «Şahyra gerek zatlar» atly goşgusynda: «Göwün kiçi, ýürek ullakan gerek» diýip belleýär. Ol goşgularynyň birinde şahyr çyn şahyr bolanda, dünýäniň şu güni, geljegi bilen ykbalynyň örkli bolmalydygyny belleýär. «Ömrüme pent» atly goşgusynda bolsa:

Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git —

diýip, çyn şahyrlar hakyndaky garaýşyny okyjynyň ýüregine möhürleýär.

Hawa, Gurbannazar Ezizowyň belleýşi ýaly, «Şahyr şahsyýet bolmaly...». Ol umumadamzada nusgalyk mekdep, görelde bolmaly. Şeýle-de G. Ezizow: «Her şahyryň öz okyjysy bar. Bu — tebigy. Ýöne onuň okyjysy tutuş millete öwrülende, ol ýöne bir şahyr bolmaýar, oňa at goşulýar: beýik şahyr. Magtymguly...

Her gün stoluň başyna geçenimizde, bir zady unutmalyň: biziň gulluk edýän hünärimizde Magtymguly bardyr» diýip belleýär.

Adamzada nepis hem-de näzik duýgulary bagyşlaýan şygryýet tebigy zehiniň eýelerini — şahyrlary şahsyýet derejesine ýetirýär. Olaryň ajaýyp eserleri bilen halkyň ruhy dünýäsiniň gymmatly ýörelgeleri ebedileşýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halky edebiýata, şygryýete aýratyn gadyr-gymmat goýýan halkdyr. Şygyr sungaty mydama halkymyzyň ruhuny galkyndyrmaga hyzmat edýär» diýip belleýşi ýaly, nusgawy şahyrlarymyzdan gözbaş alýan şygryýetimiz asyrlaryň synagyndan geçip, häzirki döwrümize gelip ýetipdir.

Hawa, şahyr ýüregi mydama kämillige ymtylýar, goşgularyna okyjynyň nazary bilen seredip, onuň öňünde özüni hemişe borçly duýýar. Ol borç şahyry şahsyýet derejesine ýetirýär. Şygyrlaryny heňňamlaryň synagyndan geçirýär. Şahyryň ýoluny wasp eden şahyr Halyl Kulyýew öňündäki hatarma-hatar menzillerde ugradýanlaryň alkyşyny alyp, garaşýanlaryň paýyny getirmelidigi hakynda nygtaýar. «Mawy gözýetime sary uzaýan ýolda» şahyryň öňünden çykan adamlaryň gözlerinden arzuw-hyýalyny okap, begenjini, gynanjyny ýürekden-serden geçirip barýandygyny şahyr Italmaz Nuryýew okyjynyň göz öňünde janlandyrýar. Onuň bilen setirlerinde syrdaş hem söhbetdeş bolýar.

Şahyr, onuň sözi barada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa şeýle belleýär:

Sözden düzülýändir süňňi şahyryň,
Köňül joşa gelse eserdirin men

ýa-da:

Şahyrlygy Hudaý berse,
Sen galarsyň sözüň bilen.

Şahyryň sözüni mukaddeslige deňeýän şahyr Orazguly Annaýew: «Saýlap sözlerimiň mukaddesini, // Ýazýaryn ynanyp olaň päkligne» diýip bellese, şahyryň bagtlylygy barada şahyr Atamyrat Atabaýew: «Bagtlydyr ol ýüreginiň çuňundan // Syzyp çykan söwer goşgusy bilen» diýip taraşlaýar.

Hawa, şygryýetiň keramatly güýjünden ylham alýan şahyrlaryň bagty umumadamzadyň kalbyna ruhy gözelligi eçilýänligindedir. Umuman, şygryýete dahylly adamlar şu dünýäni has-da gözelleşdirýän ynsanlardyr.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
«Balkan».

"Balkan" welaýat gazeti, 25.07.2024

Tmpedagog