03.07.2024 Gollanma113

Hem dynç alalyň, hem goranalyň!


Uly-kiçi hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan tomus pasly dowam edýär. Tomusyň beýleki pasyllara garanyňda has köp söýülmeginiň sebäpleriniň başynda deňiz ýakasyna gurnalýan dynç alyşlar durýar.

Deňiz... Özüniň mawy reňki, mylaýym tolkunlary, salkyn şemaly we depesinde parlap duran günüň gyzgyn çogy bilen bütin ýadawlygyňy zym-zyýat edýär. Şonuň üçin bütin ýyly okap tomusky dynç alyşa ýeten çaganyň, zähmet rugsatyna çykan her bir adamyň aklyna gelýän ilkinji dynç alyş ýeri deňiz kenary.

Elbetde, dynç almagyň, ruhyňy tämizläp şähdiňi açmagyň zerur bolşy ýaly, dynç alyşda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek hem örän zerurdyr. Isle deňiz ýakasynda, isle howuzda suwa düşülende berjaý edilmeli birnäçe düzgünler:

• Suwa düşmek üçin gün şöhlesiniň adam bedeni üçin amatly wagty saýlanylyp alynmaly;
• Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin ýörite çalgy kremlerini ýa-da E witamini ýagyny bedene çalmaly;
• Güneş üçin niýetlenen äýnekler dakynmaly we baş gap geýmeli (esasanam kiçi çagalar);
• Açyk reňkli, ýeňil geýimler geýinmeli;
• Kiçi ýaşly çagalary özbaşdak deňize ýa-da howuzlara ibermeli däl;
• Ýüzmegi doly bilmeýän bolsaň öwrenjeler üçin niýetlenen ýörite suw şarlaryny ulanmaly;
• Deňizde bellenilen çäkden aňyrda suwa düşmeli däl;
• Howuzlara, deňize baş aşak gelip bökmek ýa-da dürli akrobatik hereketleri edip girmek siz we töwregiňizdäkiler üçin howplydyr;
• Gark bolup barýan birine kömek etmek isleseň iň amatly ýol golundan çekip çykarmak we ýörite halasgär toparlara habar bermekdir ;
• Her wagt, her ýerde bolşy ýaly deňiz kenarynda we howuzlarda hem daş-töwregiň arassaçylygyny goramaly;
• Deňiz jandarlaryna howp saljak hiç bir herekete baş goşmaly däl!

Ine şu düzgünleri doly we dogry berjaý etseňiz siziň dynç alyşyňyz hem gyzykly, hem-de saglykly geçer. Saglyk bilen, şatlyk-şowhun bilen, lezzet alyp dynç alyň eziz ildeşler!

Şabibi AGÖÝLIÝEWA,
Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy,
TGÝMJ-niň meýletinçisi.



Tmpedagog