11.07.2024 Gollanma65

Bagban babanyň bellikleri


Günortanyň garaňkysynda pagta güpbüli gawunyň goluny gaýtarýan kakama haýpym gelip «Kaka...» diýdim welin: «Salkynda biýara ter bolýar. Sen gowusy bagdaky çatma baryp, mis tüňçäni oda goý-da, bagbanyň bellik depderini oka! Belki peýdalanarsyň» diýdi. Okadym. Ine, olardan käbiri:

At eýesini aýak sesinden, ekin eýesini aýak basyşyndan tanarmyş.

***

Nahal ese-boýa galýança igli çaga ideden ýaly. Ýetişensoň şol bagyň kölegesi özge daragtlaryň saýasyndan salkyn hem sapaly.

***

Gepe gidip ajydäne erigi aýranyma baý, bir gynandym-a. Asyl, onuň kişdesi ýüregagyra, maňzy süýji kesele derman eken.

***

Garry baglar guransoňam olary odun edesiň gelenok. Belki, olar bol miwe getiren ýaş baglara direg,söýget bolar.

Ogultäç ANNAÝEWA,
Baýramaly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 11.07.2024

Tmpedagog