02.07.2024 Gollanma7002

Bilim işgärleriniň 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hakynda şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr. Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredildi. Olaryň hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine ähli zerur şertler bardyr. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatynda işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermegiň öňdebaryjy tejribelerini bilim işine ornaşdyrmaga, döredijilikli we halal zähmet çekmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmaga ähli şertler döredilýär. 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2024 — 2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary 2024-nji ýylyň 12 — 17-nji awgustynda, öňdebaryjy pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary 19-njy awgustda, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň pedagogik işgärleriniň maslahatlary bolsa 20-nji awgustda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen geçiriler.

Usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara, Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna», Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmaly. Şeýle hem bilim edaralarynda ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary (ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýeleri) boýunça işleriň guralyşyny we geçirilişini; okuw dersleri boýunça okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişiniň üpjün edilişini, ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde öňdebaryjy iş tejribeleriň ulanylyşyny, sapaklarda sanly serişdelerden, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan, okuw-görkezme esbaplardan netijeli peýdalanylyşyny, sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan degişli Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylyşyny ara alyp maslahatlaşmaly. Usuly-amaly okuwlarda mekdebe çenli ýaşly çagalaryň başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hiliniň ýokarlandyrylyşy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň, hormatly Prezidentimiziň çagalara sowgat beren şahsy kompýuterleriniň sapaklarda netijeli peýdalanylyşy, başlangyç synplaryň okuwçylaryny okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary barada maslahatlaşmaly.

Pedagogik işgärleriň awgust usuly-amaly okuwlarynda we maslahatlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin durlup geçilmelidir.

Aşgabat we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň hem-de etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýolbaşçylary bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryny guramaçylykly, ýokary derejede geçirmek üçin iş çäreleriniň meýilnamasyny düzmelidirler hem-de olaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamalydyrlar.

Usuly-amaly okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli bolmalydyr. Usuly-amaly okuwlar işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirilmelidir, olar boýunça anyk netijelere gelinmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede çuňňur bilim we asylly edep-terbiýe bermek baradaky parasatly sözleri, gymmatly sargytlary we nesihatlary usuly-amaly okuwlaryň geçirilýän ýerlerinde görnükli ýerde ýazylyp goýulmalydyr. Döredijilikli we döwrebap işleýän bilim işgärleriniň iş tejribeleri boýunça hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän sergiler guralmalydyr. Sergilerde okuw işiniň — sanly serişdeleri ornaşdyrmaga, okuw-görkezme esbaplary ulanmaga degişli işleriň, bilim edaralaryň ýolbaşçylarynyň, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň, pedagogik geňeşiň döwrebap taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň, sapak ýazgylarynyň, talabalaýyk ýöredilýän synp žurnallarynyň, gündelikleriň, ýazuw-barlag we okuwçylaryň iş depderleriniň nusgalarynyň hem görkezilmegi maksadalaýykdyr.

Geçirilýän maslahatlara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny, alymlary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekillerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, zähmet weteranlaryny, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlary, hormatly il ýaşulularyny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ata-eneleri çagyrmak ähmiýetlidir. Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirliklerine, Arkadag şäher bilim müdirligine, etrap, şäher bilim bölümlerine maslahatlarda, usuly-amaly okuwlarda berlen teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutyna ibermek maslahat berilýär.


BILIM IŞGÄRLERINIŇ AWGUST USULY-AMALY OKUWLARYNA HÖDÜRLENILÝÄN TEMALAR

I.UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN:

1. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdiriniň wezipeleri.

2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdiriniň wezipeleri.

3. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde mekdep müdirleriniň işiniň esasy ugurlary we olaryň guralyşy.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen tassyklan bilim Konsepsiýalaryny we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny amala aşyrmakda mekdep müdiriniň öňünde durýan wezipeler.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligiň ýola goýluşy.

6. Pedagogik işgärleriň okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýeti babatdaky tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagyň iş tejribesinden.

7. Umumybilim edaralarynyň okuw ýyly üçin ýyllyk iş meýilnamasynyň taýýarlanylyşy we ony ýerine ýetirmegiň iş tejribesinden.

8. Umumybilim edaralarynda usuly işleriň ýola goýluşyna, okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, saýlama we ugurly okuwlaryň guralyşyna hem-de geçirilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy.

9. Umumybilim edaralarynda okuw meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi.

10. Umumybilim edaralarynda buýruklar kitaplaryny ýöretmäge bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişiniň iş tejribesinden.

11. Umumybilim edaralarynyň müdiri tarapyndan bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekdäki iş tejribesinden.

12. Umumybilim edaralarynda hünär taýýarlygy boýunça hünär ugurly dersleri öwretmekde okatmagyň döwrebap usullarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylyşy.


II.UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINIŇ OKUW IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN:

1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.

2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.

3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdep müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunyny okuw-terbiýeçilik işlerinde ýaş nesliň aňyna siňdirmekde mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.

5. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň romanlarynyň, ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň many-mazmunynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligiň ýola goýluşy.

6. Umumybilim edaralarynda usuly işleriň ýola goýluşyna, okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, saýlama we ugurly okuwlaryň guralyşyna we geçirilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy.

7. Umumybilim edaralarynda okuw işini kämilleşdirmekde sapaklaryň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň alnyp barlyşy.

8. Umumybilim berýän mekdepleriň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň işini kadalaşdyryjy resminamalar we olar bilen işlemegiň usullary (iş tejribesinden).

9. Umumybilim berýän mekdepleriň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň mekdepde okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakdaky orny.

10. Umumybilim edaralarynda saýlama okuwlarynyň we hünär taýýarlygy boýunça hünär ugurly dersleriň okadylyşyna gözegçiligiň amala aşyrylyşynyň we mugallymlara usuly kömegiň berlişiniň iş tejribesinden.

11. Mugallymlaryň okuwçylary dürli derejedäki zehin bäsleşiklerine taýýarlamagyny gazanmakda mekdep müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.

12. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň okuw maksatnamalaryny doly özleşdirişlerini barlamagyň we bahalandyrmagyň iş tejribesinden.


III.UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINIŇ TERBIÝEÇILIK IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.

2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.

3. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanylyşynyň usulyýetini kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.

5. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň romanlarynyň, ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň many-mazmunyny okuw-terbiýeçilik işlerinde ýaş nesliň aňyna siňdirmekde mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.

6. Umumybilim berýän mekdeplerde «Türkmenistanyň bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň Milli maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylmaly terbiýeçilik işlerini guramagyň iş tejribesinden.

7. Umumybilim berýän mekdeplerde işjeň psihologik ýagdaýy döretmekde, okuwçylaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň psihologik-pedagogik taýdan öňüni almakda mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.

8. Umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary tarapyndan terbiýeçilik işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalardaky talaplaryň ýerine ýetirilişi.

9. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda ýaş nesle ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy we sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermegiň iş tejribesinden.

10. Synp ýolbaşçylarynyň synpdan we mekdepden daşary terbiýeçilik çärelerini utgaşykly guramagyny gazanmakda mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.

11. Synp sagatlarynyň, synpdan we mekdepden daşary guralýan çäreleriň öwrediji hem-de terbiýeleýji häsiýetli bolmagyny gazanmagyň ýollary.

12. Okuwçylary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, kärhanalar, edaralar, jemgyýetçilik guramalary, döredijilik birleşikleri, kitaphanalar bilen hyzmatdaşlyk aragatnaşyklarynyň ýola goýluşy.


IV. MEKDEPDEN DAŞARY WE GOŞMAÇA BILIM EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY, USULÇYLARY WE GURNAK ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri.

2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri.

3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny gurnak işlerinde peýdalanmagyň iş tejribesinden.

5. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýaş nesle öwretmek boýunça mekdepden daşary çagalar edaralarynda alnyp barylmaly usuly işler.

6. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şahsyýeti sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň döredijilik ukyplaryny açmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň wezipeleri.

7. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, çagalaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, akyl, ahlak we beden taýdan kämilleşmegine bolan şahsy isleglerini kanagatlandyrmaga, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, saglygyny berkitmäge, şeýle hem boş wagtlaryny netijeli guramaga gönükdirilen işleri guramagyň iş tejribesinden.

8. Mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalary esasynda çagalaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmegiň, olarda medeni-estetiki garaýyşlary kemala getirmegiň, döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, tebigy, ylmy, tehniki bilimlerini, bedenterbiýä we sporta bolan höwesini artdyrmagyň iş tejribesinden.

9. «Türkmenistanda mekdepden daşary bilimiň döwlet standartlaryny» okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmakda mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik işgärleriniň, mekdebiň, maşgalanyň we ylmy edaralaryň özara hyzmatdaşlygyny sazlaşykly guramagyň iş tejribesinden.

10. Okuwçylaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, mekdepden daşary goşmaça bilim edaralarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň innowasion usullaryny peýdalanmagyň ýollary.

11. Mekdepden daşary çagalar edaralarynda gurnaklarda okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmekde, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmekde kommunikatiw, interaktiw, innowasion bilim tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň ýollary.

12. Mekdepden daşary çagalar edaralarynda çagalaryň has irki döwürden tehniki dünýägaraýşyny giňeltmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmegiň, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň, okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň iş tejribesinden.


V. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN:

1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» boýunça öňde durýan wezipeler.

2. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň ýollary.

3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň wezipeleri.

4. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk eserlerini peýdalanmak arkaly okuw-terbiýeçilik işiniň hilini ýokarlandyrmak.

5. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine ýolbaşçylyk etmek we körpelere berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary.

6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini körpe nesle düşündirmegiň ýollary we usullary.

7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň, dünýä tejribesi esasynda kämilleşdirmegiň usullary.

8. Çagalaryň tebigy zehinini ýüze çykarmakda, ösdürmekde we olary durmuşa taýýarlamakda çeper döredijiligi ösdüriji gurnaklaryň işini netijeli guramagyň ýollary.

9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, pedagogik geňeşiň, usuly sagatlaryň işiniň netijeliligini döwrüň we jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmak.

10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleri dogry iýmitlendirmek boýunça alnyp barylýan işlere we arassaçylyk kadalarynyň dogry berjaý edilişine içki gözegçiligiň guralyşy.

11. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda okuw-terbiýeçilik we saglygy dikeldiş işleriniň utgaşykly alnyp barlyşyna gözegçiligiň guralyşy.

12. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň dili dil düzediş toparlarynda okuw-terbiýeçilik işiniň dünýä tejribesine laýyklykda guralyşy.



VI. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇI-USULYÝETÇILERI ÜÇIN:

1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerinden, Döwlet we Milli Maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýollary.

2. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» boýunça alnyp barylýan işler we öňde durýan wezipeler.

3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserlerini okuw-terbiýeçilik işinde ýerlikli peýdalanmagyň usullary.

5. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nesil terbiýesiniň mizemez hazynasydyr.

6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesilde gözel tebigata söýgi döretmegiň usullary.

7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işiniň hilini ýokarlandyrmakda halk döredijiliginiň orny.

8. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmek.

9. Körpeleriň tebigy zehinini ýüze çykarmakda we ösdürmekde çeper döredijiligi ösdüriji gurnaklaryň ähmiýeti.

10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda öňdebaryjy iş tejribe, halypa we şägirt işini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmagyň usullary.

11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesine laýyklykda guramagyň usullary.

12. Mekdebe çenli çagalaryň hereketlerini, gepleşik sözleýşini, durmuş endiklerini, logiki pikirlenişini ösdürmekde we olary mekdebe taýýarlamakda many-mazmunly oýunlaryň ähmiýeti.


VII. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇILERI, MUGALLYMLARY WE ŞEPAGAT UÝALARY ÜÇIN:

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmeleri, döwlet bilim resminamalary, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» boýunça öňde durýan wezipeler.

2. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» boýunça alnyp barylýan işleri dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmagyň usullary.

3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), Döwlet bilim standartyna laýyklykda okuw-terbiýeçilik işlerini dogry guramak, çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek.

4. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly nusgalyk eserleri milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmekde, türkmen taryhyny öwretmekde ygtybarly çeşmedir.

5. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklary.

6. Körpelerde tebigata bolan söýgini ösdürmekde, ekologiýa terbiýesini bermekde gezelençleriň, bäsleşikleriň we gyzyklanma çäreleriniň dogry guralmagynyň ähmiýeti.

7. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işleriň guralyşy.

8. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, adamzadyň medeni gymmatlyklarynyň altyn gaznasyna giren edebi mirasy körpelere watançylyk, akyl terbiýesini bermekde ygtybarly çeşmedir.

9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň aýdym-saz mugallymlarynyň sapaga, baýramçylyk säherliklerine taýýarlygyny, degişli resminamalarynyň döwrebap ýöredilmegini kämilleşdirmegiň usullary.

10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleri dogry iýmitlendirmek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek.

11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine içki gözegçiligiň guralyşy.

12. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary tarapyndan tagamnamalaryň düzülişi we resmi iş kagyzlarynyň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barlyşy.


VIII. BAŞLANGYÇ SYNP MUGALLYMLARY ÜÇIN:

1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler.

2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» maksadynyň we wezipeleriniň esasynda, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmekde, şahsyýete gönükdirilen okuwy kemala getirmekde innowasion çemeleşmelerden peýdalanmagyň ähmiýeti.

3. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň many-mazmunyny I-IV synplaryň okuwçylaryna öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.

4. Başlangyç synplarda okuwçylaryň arassa we dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary.

5. I synp okuwçylaryna milli türkmen elipbiýini kämil öwretmekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda dünýä tejribesinden, okatmagyň başarjaňlyk çemeleşmesinden we sanly serişdelerden peýdalanmagyň ähmiýeti.

6. Başlangyç synplaryň ene dili, türkmen dili sapaklarynda okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmekde, okuwçylaryň bilim derejelerini barlamakda, berkitmekde barlagnamalardan (testden) peýdalanmagyň iş tejribesinden.

7. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berjaý etmegi öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary.

8. Mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň arabaglanyşygyny üpjün etmegiň ýollary.

9. Tebigaty öwreniş dersinde başlangyç synp okuwçylarynyň daşky dünýäniň giňişligini synlamak, umumylaşdyrmak, häsiýetlendirmek, pikir ýöretmek, seljermek başarnyklaryny ösdürmekde sanly serişdelerden peýdalanmagyň ähmiýeti.

10. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň çäklerinde, başlangyç synplaryň usuly birleşmeleriniň işini döwrebap ýola goýmakda dersara baglanyşygyndan, sanly serişdelerden peýdalanmagyň ähmiýeti.

11. Başlangyç synplarda daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary.

12. Başlangyç synplaryň okuwçylarynyň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny öwrenmekde maşgala terbiýesinden we pedagogik çemeleşmelerden peýdalanmagyň ähmiýeti.


IX. TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝAT DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

2. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň many-mazmunyny we ähmiýetini mekdep okuwçylaryna düşündirmekde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň wezipeleri.

3. Türkmen dili we edebiýat derslerini okatmakda sanly tehnologiýany peýdalanmagyň iş tejribesinden.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň many-mazmunynyň esasynda watansöýüjiligi kemala getirmegiň tärleri.

5. Türkmen dili we edebiýat sapaklarynda okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklaryny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň iş tejribesinden.

6. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň üsti bilen okuwçylarda milli we umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemegiň häzirki zaman usullary.

7. Türkmen dili we edebiýat derslerinden saýlama okuwlaryny guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.

8. Rus dilinde okadylýan synplarda türkmen dilini okatmagyň usulyýet aýratynlyklary.

9. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuwçylaryň ýazuw we sözleýiş dilini kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.

10. Türkmen dili we edebiýat dersleriniň üsti bilen okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmegiň iş tejribesinden.

11. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça okuwçylaryň dünýägaraýşyny kemala getirmegiň we hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň usullary.

12. Türkmen dili we edebiýat mugallymynyň hünär ussatlygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary.


X. ДЛЯ УЧИТЕЛЕЙ РУССКОГО ЯЗЫКА:

1.«Концепция совершенствования методики (обучения по общеобразовательным программам в Туркменистане до 2028 года» — важнeйший этап) модернизации системы образования.

2. Роль современных технологий в обучении русскому языку.

3. Типы и структура уроков русского языка.

4. Нравственно-патриотическое воспитание учащихся на уроках русского языка.

5. Организация и проведение различных видов и форм внеклассной работы.

6. Красота родной природы в творчестве Махтумкули Фраги на уроках русского языка.

7. «Мой Пушкин» – из опыта проведения юбилейных школьных мероприятий по приобщению учащихся к высокой поэзии.

8. Воспитание любви к Родине, Президенту на уроках русского языка.

9. Использование книг Героя Аркадага Гурбангулы Бердымухамедова на уроках русского языка.

10. Использование игровых моментов на уроках русского языка.

11. Диалог – средство организации учебно-речевой деятельности на уроках русского языка.

12. Методика учебной работы с художественным текстом на уроках русского языка.


XI. DAŞARY ÝURT DILLERIni okadýan MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda daşary ýurt dili mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

2. Türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerini daşary ýurt dilleri sapaklarynda ulanmagyň ýollary.

3. Daşary ýurt dillerini okatmakda sanly tehnologiýany peýdalanmagyň iş tejribesinden.

4. Daşary ýurt dilleri boýunça saýlama okuwlary guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.

5. Daşary ýurt dillerini okatmakda okuwçylarda akyl ýetirijilik başarnyklaryny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň iş tejribesinden.

6. Daşary ýurt dilleri sapaklarynda okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmegiň innowasion usullary.

7. Daşary ýurt dilleri sapaklarynyň üsti bilen okuwçylary hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň ýollary.

8. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt dili mugallymlarynyň döredijilik başarnyklaryny hem-de hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň ýollary.

9. Ikinji daşary ýurt dilini okatmagyň hem-de meýilleşdirmegiň aýratynlyklary.

10. Daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullary we olary okuw işinde netijeli ulanmagyň ýollary.

11. Okuwçylary daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşiklere taýýarlamagyň iş tejribesinden.

12. Daşary ýurt dilleri sapaklarynda okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny kemala getirmegiň we ösdürmegiň ýollary.


XII. MATEMATIKA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde matematika mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

2. «Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdirijä» laýyklykda sapak ýazgylarynyň taýýarlanylyşy.

3. Matematika sapaklarynda okuwçylary hünärlere ugrukdyrmagyň ýollary.

4. Matematika mugallymlarynyň hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary.

5. Matematika sapaklarynda täze tehnologiýalary peýdalanmagyň iş tejribesi.

6. Matematikadan zehinli okuwçylaryň ýüze çykarylyşy, olar bilen bäsleşiklere taýýarlyk işleriniň guralyşy.

7. Matematika sapaklarynda okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ulanylyşy.

8. Okuwçylaryň matematika bolan ukyplaryny ýüze çykarmagyň we ösdürmegiň usullary.

9. 2023 — 2024-nji okuw ýylynda umumybilim berýän mekdeplerde algebra we analiziň başlangyçlary dersinden geçirilen jemleýji döwlet synagynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak.

10. Geometriýadan gurmaga degişli meseleleri çözmegiň usullary.

11. Okuwçylarda matematikany öwrenmäge gyzyklanmany döretmegiň usullary.

12. Matematika sapaklarynda didaktiki oýunlaryň ulanylyşy.


XIII. FIZIKA WE ASTRONOMIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde fizikanyň we astronomiýanyň ähmiýeti.

2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde fizika hem-de astronomiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

3. Fizika we astronomiýa sapaklarynda innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň usullary.

4. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň okuwçylara döwrebap terbiýe bermekdäki hem-de olarda fizika we astronomiýa derslerine höwes döretmekdäki ähmiýeti.

5. Fizika we astronomiýa sapaklarynda kitabyň okuwçylary özbaşdak işlemäge höweslendirmekdäki we okuw-terbiýeçilik işlerindäki ähmiýeti.

6. Fizikadan we astronomiýadan şekilli ýumuşlaryň sapagy berkitmekdäki ähmiýeti.

7. Fizika we astronomiýa derslerinden sapak ýazgylaryny taýýarlamagyň iş tejribesinden.

8. Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişi we onuň ýurduň ykdysadyýetini hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ähmiýeti.

9. Fizika we astronomiýa sapaklarynda elektron okuw kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalary peýdalanmagyň ähmiýeti.

10. Okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde fizika we astronomiýa sapaklarynyň ähmiýeti.

11. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň okuwçylara takyk ylmy ugurly okuw derslerini okatmakdaky ähmiýeti.

12. Fizika we astronomiýa dersleri boýunça usuly birleşmäniň işiniň meýilleşdirilişiniň iş tejribesinden.


XIV. INFORMATIKA, MODELIRLEME WE GRAFIKA, INFORMASIÝA-KOMMUNIKASIÝA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň häzirki zaman sanly tehnologiýalary.

2. Sapagyň netijeliligini artdyrmakda sanly ulgamlaryň mümkinçilikleri.

3. Okuwçylary döredijilik bäsleşiklere taýýarlamagyň häzirki zaman çemeleşmeleri.

4. Bilimiň hilini üpjün etmegiň şertleriniň bahalandyrmasy.

5. Bilim edarasyny sanlylaşdyrmagyň wezipeleri.

6. Häzirki zaman programmirleme tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri.

7. Bilimi dolandyryş meseleleri üçin maglumatlar bazalaryny dolandyryş ulgamlaryň mümkinçilikleri.

8. Umumybilim maksatnamalary boýunça okuw-terbiýeçilik işlerinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň gerimini giňeltmegiň ýollary.

9. Okuwçylaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin sanly ulgamdan peýdalanmagy döwrebaplaşdyrmagyň wajyplygy.

10. Umumybilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde sanly didaktikanyň şertleri.

11. Bilim edaralarynda sanly okuwy hem-de uzak aralykdan bilim tehnologiýalary peýdalanmagyň şertleri.

12. Takyk ylymlar ugruna degişli dersleriň häzirki zaman sanly tehnologiýalary.


XV. BIOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony durmuşa ornaşdyrmakda biologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

2. Biologiýa sapaklarynda okuwçylara «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» maglumatlaryny öwretmegiň usullary.

3. Biologiýa sapaklaryny okuwçylara Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehinlerinden dörän kitaplarynda öňe sürülýän pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň tärleri.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmek babatda alyp barýan işlerini biologiýa sapaklarynda öwretmegiň usullary.

5. Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasaty baradaky bilimleriň biologiýa sapaklarynda öwredilişi.

6. Umumybilim berýän mekdeplerde biologiýa dersi boýunça saýlama okuwlary guramagyň we geçirmegiň usulyýeti.

7. Işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biologiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmek (iş tejribesinden).

8. Biologiýa sapaklaryny maddy we ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyryp, işjeň usullar arkaly okatmagyň tärleri (iş tejribesinden).

9. Biologiýadan «Bionikanyň öwrenýän meseleleri» diýen temanyň okuwçylara öwredilişi (iş tejribesinden).

10. Biologiýa dersini başarjaňlyk çemeleşmesinden peýdalanyp okatmagyň usullary.

11. Hünär ugurly dersler okadylanda, biologiýa dersi bilen dersara baglanyşyklaryň guralyşy.

12. Biologiýadan okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.


XVI. ÝAŞAÝYŞ-DURMUŞ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmekde ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak babatda alyp barýan işlerini ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda öwretmegiň usullary.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlaryň ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda öwredilişi.

4. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça sapaklary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehinlerinden dörän kitaplarynda öňe sürülýän pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň tärleri.

5. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde «Türkmeniň milli däpleriniň ýetginjekleriň ahlaklylygyna we saglygyna edýän oňaýly täsiri» diýen temanyň öwredilişi (iş tejribesinden).

6. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden sapaklary döwrebap guramakda täze tehnologiýalaryň orny.

7. Işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça sapaklaryň okadylyşyny kämilleşdirmegiň ýollary.

8. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde «Sagdyn ýaşlar jemgyýetiň durmuş-ykdysady abadançylygynyň esasydyr» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.

9. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň döwrebap usullary.

10. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde «Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň umumy düzgünleri» diýen temanyň öwredilişi (iş tejribesinden).

11. Ýaşaýyş-durmuş esaslary okuw dersini başarjaňlyk çemeleşmesinden peýdalanyp okatmagyň tärleri.

12. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde dersara baglanyşyklaryň guralyşy.


XVII. HIMIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony durmuşa ornaşdyrmakda himiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

2. Himiýa sapaklarynda okuwçylara «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» maglumatlaryny öwretmegiň usullary.

3. Himiýa sapaklaryny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehinlerinden dörän kitaplarynda öňe sürülýän pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň tärleri.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlaryň himiýa sapaklarynda öwredilişi.

5. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa ylmynyň we senagatynyň ösüş ýollary baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň usullary.

6. Işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, himiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmek (iş tejribesinden).

7. Himiýadan okuwçylara mysal we meseleleri çözmegiň netijeli usullaryny öwretmegiň iş tejribesinden.

8. Himiýa dersini başarjaňlyk çemeleşmesinden peýdalanyp okatmagyň tärleri.

9. Hünär ugurly dersler okadylanda, himiýa dersi bilen dersara baglanyşyklaryň guralyşy.

10. Himiýa dersinden okuwçylaryň arasyndan tebigy zehinlileri hem-de has ukyplylary ýüze çykarmagyň tärleri.

11. Himiýadan okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.

12. Himiýa dersini okadýan mugallymlaryň hünärlerini özbaşdak, üznüksiz kämilleşdirmegiň döwrebap usullary.


XVIII. EKOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony durmuşa ornaşdyrmakda ekologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

2. Ekologiýa sapaklarynda okuwçylara «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» maglumatlaryny öwretmegiň usullary.

3. Ekologiýa sapaklaryny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehinlerinden dörän kitaplarynda öňe sürülýän pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň tärleri.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlaryň ekologiýa sapaklarynda öwredilişi.

5. Ekologiýa sapaklarynda älem möçberinde howanyň üýtgemeginiň janly organizmlere ýetirýän täsiri baradaky maglumatlaryň okuwçylara öwredilişi.

6. Häzirki zaman usullaryndan we sanly serişdelerden peýdalanyp, ekologiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmegiň tärleri (iş tejribesinden).

7. Ekologiýa sapaklarynda «Adamzadyň energetika howpsuzlygy we onuň üpjün edilişi» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.

8. Ekologiýa sapaklarynda okuwçylarda Watana, tebigata, zähmete, gözellige söýgi döretmegiň ýollary.

9. Ekologiýa dersini başarjaňlyk çemeleşmesinden peýdalanyp okatmagyň tärleri.

10. Hünär ugurly dersler okadylanda, ekologiýa dersi bilen dersara baglanyşyklaryň guralyşy.

11. Ekologiýa dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek esasynda okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň ugurlary.

12. Ekologiýa dersini okadýan mugallymlaryň hünärlerini özbaşdak, üznüksiz kämilleşdirmegiň netijeli usullary.


XIX. GEOGRAFIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde geografiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

2. Sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda taýýarlanylyşy we ulanylyşy.

3. Geografiýa sapaklarynda okuwçylarda daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi, ekologiýa medeniýetini terbiýelemegiň usullary.

4. Okuwçylaryň geografiýadan ukyplaryny ýüze çykarmagyň we ösdürmegiň usullary.

5. Geografiýa sapaklarynda okuwçylary hünärlere ugrukdyrmagyň ýollary.

6. Geografiýa mugallymlarynyň hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary.

7. Geografiýa sapaklarynda täze tehnologiýalary peýdalanmagyň iş tejribesi.

8. Geografiýa sapaklarynda okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ulanylyşy.

9. Geografiýadan zehinli okuwçylaryň ýüze çykarylyşy, olar bilen bäsleşiklere taýýarlyk işleriniň guralyşy.

10. Okuwçylarda geografiýany öwrenmäge gyzyklanmany döretmegiň usullary.

11. Geografiýa sapaklarynda didaktiki oýunlaryň ulanylyşy.

12. Geografiýa sapaklarynda klimatyň üýtgemegi baradaky maglumatlaryň okuwçylara öwredilişi.


XX. YKDYSADYÝETIŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny ykdysadyýetiň esaslary sapagynda peýdalanmagyň usullary.

2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) kesgitlenen talaplara laýyklykda, «Ykdysadyýetiň esaslary» dersini okadýan mugallymlaryň hünär başarnyklaryny we endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary.

3. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda milli ykdysadyýetiň ösüşi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň usullary.

4. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda okuwçylara döwrebap bilimleriň öwredilişi.

5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

6. Ykdysadyýetiň esaslary dersini okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmegiň, onuň döwrüň talaplaryna laýyklygyny üpjün etmegiň ýollary.

7. Ykdysadyýetiň esaslary dersi boýunça okuw-usulyýet toplumlaryny taýýarlamagyň hem-de dersara baglanyşygy guramagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.

8. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan degişli Gözükdirijileriň talaplaryna laýyklykda, «Ykdysadyýetiň esaslary» dersinden we degişlilikde saýlama derslerinden sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň taýýarlanylyşy.

9. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde okuwçylaryň ylmy-gözleg başarnyklaryny kemala getirmek üçin maglumat çeşmeleri (okuw kitaby) bilen özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmegiň hem-de okuwçylarda şahsy pikirlenmegi ösdürmekde okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmagyň usullary.

10. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary (watançylyk terbiýesi, döredijilik we zehin terbiýesi, akyl we pikir terbiýesi, ylym terbiýesi, medeni aň-düşünje terbiýesi, kär-hünär terbiýesi, sungat terbiýesi, syýasy terbiýe, maliýe-ykdysady terbiýe, jemgyýetçilik terbiýesi, dil terbiýesi, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi) boýunça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.

11. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek bilen, olarda medeni-estetiki garaýyşlary kemala getirmäge, döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, jemgyýetçilik bilimlerine höwesini artdyrmaga ýardam berýän mekdepden daşary we goşmaça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.

12. Ykdysadyýetiň esaslary dersi boýunça usuly birleşmäniň işiniň döwrüň talaplaryna laýyk guralyşy.


ХХI. TARYH, JEMGYÝETI ÖWRENIŞ, TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE HUKUK ESASLARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» maksady we wezipeleri.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýaşlary tebiýelemekdäki ähmiýeti.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi kemala getirmegiň ýollary.

4. Ynsanperwer-durmuş bilimleri ugry derslerinde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda ýaş nesle ruhy-ahlak we raýat-watançylyk terbiýesini bermegiň iş tejribesinden.

5. Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary dersinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda (rejelenen görnüşi) bilim hukugy barada okuwçylara öwretmegiň iş tejribesinden.

6. Okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, zehinini açmak, olary ylmy-barlaglary geçirmäge höweslendirmek maksady bilen, okuw sapaklarynda tejribelik işini geçirmegiň we saýlama okuwlaryny alyp barmagyň ähmiýeti.

7. Ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli derslerde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden we innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.

8. Ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli derslerde okatmagyň milli we dünýä tejribesiniň häzirki zaman usullaryny peýdalanmagyň ýollary.

9. Ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli derslerde tanyşdyrylyşlary, audio-wideo we grafiki ýumuşlary, tablisalary, diagrammalary taýýarlamagyň iş tejribesinden.

10. Ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli derslerde okuw kitaplary bilen işlemegiň iş tejribesinden.

11. Ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli dersleri ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde okatmagyň iş tejribesinden.

12. Pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmegiň döwrebap ýollary.


XXII. TÜRKMENISTANYŇ MEDENI MIRASY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň halkymyzyň baý medeniýetini, milli mirasyny, däp-dessurlaryny okuwçylara öwretmekdäki ähmiýeti.

2. Bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» meýilnamasyny ýerine ýetirmekde öňde durýan wezipeler.

3. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň hataryna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly maglumatlary okuwçylara düşündirmegiň usullary.

4. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary.

5. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň many-mazmunyny we ähmiýetini mekdep okuwçylaryna öwretmegiň usullary.

6. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde okatmagyň öňdebaryjy we has kämil, ýokary netijeli usullaryny giňden peýdalanyp, okuwçylarda türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep-kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjy we söýgini kemala getirmegiň tärleri.

7. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okatmagyň häzirki zaman işjeň usullaryny peýdalanmagyň we dersara baglanyşygy üpjün etmegiň iş tejribesinden.

8. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinden sanly tanyşdyrylyşlary, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamagyň we olary peýdalanmagyň iş tejribesinden.

9. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinden saýlama okuwlary guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.

10. Okuwçylaryň amaly başarnyklaryny we endiklerini ösdürmegiň, olarda häzirki zaman nazary we amaly bilimleri, ylmy garaýyşlary kemala getirmegiň tärleri.

11. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okadýan mugallymlar bilen halypa-şägirt gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we onuň işini talabalaýyk guramagyň usullary.

12. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okadýan mugallymlaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaklarynyň we pedagogik ussatlyklaryny kämilleşdirmekleriniň döwrebap ýollary.


XXIII. DÜNÝÄ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynda beýan edýän türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşandy baradaky maglumatlary ýaş nesle öwretmegiň ähmiýeti.

2. Bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» meýilnamasyny ýerine ýetirmekde öňde durýan wezipeler.

3. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de doglan gününiň 300 ýyllygy 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň hataryna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky maglumatlary okuwçylara düşündirmegiň döwrebap usullary.

4. Dünýä medeniýeti dersinde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşi tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary.

5. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň many-mazmunyny we ähmiýetini mekdep okuwçylaryna öwretmegiň usullary.

6. Dünýä medeniýeti dersi boýunça okuwçylara berilýän bilimleriň hilini ýokarlandyrmakda okatmagyň häzirki zaman usullaryny peýdalanmagyň iş tejribesinden.

7. Dünýä medeniýeti dersi boýunça sanly tanyşdyrylyşlary, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamagyň we olary peýdalanmagyň iş tejribesinden.

8. Okuwçylarda ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini ele almagyň, höweslerini we gyzyklanmalaryny ýüze çykarmagyň, ýokary ahlakly dünýägaraýşy, gözellik duýgusyny we durmuşda öz ornuňy tapmak ukyplaryny, şahsyýetara hem-de milletara gatnaşyklaryň ýokary medeniýetini ösdürmegiň we geljekki hünärini oýlanyşykly saýlap bilmek başarnygyny emele getirmegiň hem-de yzygiderli ösdürmegini gazanmagyň ýollary.

9. Dünýä medeniýeti dersinde okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklaryny, öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini we umumadamzat gymmatlyklaryna bolan garaýyşlaryny ösdürmegiň tärleri.

10. Dünýä medeniýeti dersi boýunça usuly birleşmeleriň işini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda alyp barmagyň iş tejribesinden.

11. Dünýä medeniýeti dersini okadýan mugallymlar bilen halypa-şägirt gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we onuň işini talabalaýyk guramagyň döwrebap usullary.

12. Dünýä medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň hünär derejeleriniň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrmaklarynyň we pedagogik ussatlyklaryny kämilleşdirmekleriniň häzirki zaman usullary.


XXIV. ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň alyp barmaly usuly işleri.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny sapaklarda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň iş tejribesinden.

5. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-filosofik döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýaş nesle öwretmekde özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde alnyp barylmaly usuly işler.

6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynda bellenilen wezipelere laýyklykda, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň, bilim işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmagyň usullary.

7. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini okuwçylara öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.

8. TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, akyldar şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň döwrebap usullary.

9. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaşlarda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hormat goýmagy terbiýelemekde mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

10. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň esasynda okuwçylara döwletimiziň kada-kanunlaryna hormat goýmagyň we olary berjaý etmegiň medeniýetini öwretmekde dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usullary.

11. Türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna esaslanyp, ýaşlarda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy we sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermegiň iş tejribesinden.

12. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde okatmagyň işjeň usullaryndan peýdalanyp, okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmekde, döredijilik-taslama we ders bäsleşiklerine taýýarlamakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.


XXV. AÝDYM-SAZ DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde aýdym-saz dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde aýdym-saz dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, okuwçylaryň sungat boýunça zehinini we başarnygyny ýüze çykarmakda hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekde aýdym-saz mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndaky aýdym-saza degişli gymmatly maglumatlary sapaklarda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň iş tejribesinden.

5. Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky tagallalaryny öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.

6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň Döwlet standartynyň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň ýollary.

7. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, aýdym-saz sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň hem-de olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.

8. Aýdym-saz dersi boýunça sapakda we sapakdan daşary işlerde okuwçylara ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungatyny, «Küştdepdi» aýdym we tans dessuryny, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny okuwçylara öwretmegiň usulyýet tärleri.

9. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa... », «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaplarynyň okuwçylary terbiýelemekde peýdalanylyşynyň iş tejribesinden.

10. Okuwçylar bilen terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guramagyň we geçirmegiň, olary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.

11. Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartynyň talaplaryna laýyklykda, aýdym-saz dersi sapaklarynda okuwçylara raýat-watançylyk, ruhy-ahlak, durmuş, medeni-taryhy terbiýesini bermegiň, ruhubelent, maksada okgunly şahsyýetleri kemala getirmegiň iş tejribesinden.

12. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylary baýramçylyk çärelerinde we dabaralarda çykyş etmäge taýýarlamak arkaly okuwçylaryň bilesigelijilik we döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary (iş tejribesinden).


XXVI. ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde şekillendiriş sungaty dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde şekillendiriş sungaty dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, okuwçylaryň sungat boýunça zehinini we başarnygyny ýüze çykarmakda hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekde şekillendiriş sungaty dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndaky şekillendiriş sungatyna degişli gymmatly maglumatlardan sapaklarda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň iş tejribesinden.

5. Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen milli şekillendiriş sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky tagallalaryny öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.

6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň Döwlet standartynyň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň ýollary.

7. Hormatly Prezidentimiziň ugur görkezmelerinden we gymmatly tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, mekdep okuwçylarynda sungata söýgi döretmek işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň ýollary.

8. Türkmen halkynyň baý taryhyny we milli medeni mirasyny okuwçylara öwretmekde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň iş tejribesinden.

9. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sungat ugurly derslerde sanly serişdeleri peýdalanmagyň usullary.

10. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, şekillendiriş sungaty: surat dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde özara işjeňlik usullaryndan peýdalanylyşy we dersara baglanyşygyň ýola goýluşy.

11. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, şekillendiriş sungaty: surat dersi boýunça sapaklary netijeli guramakda sanly tehnologiýalardan we internet maglumatlaryndan peýdalanmagyň ýollary.

12. Şekillendiriş sungaty: surat dersi boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilen sapaklary we synpdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerini guramak arkaly okuwçylaryň döredijilik, çeperçilik ukyplaryny ösdürmegiň, zehinlerini ýüze çykarmagyň, dürli derejelerdäki bäsleşiklere taýýarlamagyň we hünärlere ugrukdyrmagyň usullary.


XXVII. DURMUŞ ZÄHMETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagyň, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmegiň usullaryny öwretmegiň ýollary.

2. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda we beýleki eserlerinde halyçylyk sungaty boýunça beýan edilýän ylmy işleriniň many-mazmunyny halyçylygy we el işlerini öwrediji hünär ugurly derslerde peýdalanmagyň usullary.

3. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi baradaky gymmatly maglumatlaryny okuwçylara durmuş zähmeti sapaklarynda öwretmegiň usullary.

4. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerinden peýdalanyp, okuwçylara zähmetsöýerligi öwretmegiň usullary.

5. Durmuş zähmeti sapaklarynda tikinleriň görnüşlerini we olaryň ulanylyş aýratynlyklaryny öwretmegiň usullary.

6. Durmuş zähmeti sapaklarynda agaçlaryň gatylygynyň ýa-da ýumşaklygynyň anyklanylyşyny öwretmegiň usullary.

7. Durmuş zähmeti sapaklarynda okuwçylara tagamly we ýokumlylygy ýokary naharlary taýýarlamagy öwretmegiň usullary.

8. Durmuş zähmeti sapaklarynda miweli baglaryň hasylyny ýygnamagyň möhletlerini we aýratynlyklaryny öwretmegiň usullary.

9. Durmuş zähmeti sapaklarynda çüýleri we hyrly çüýleri ölçegleri boýunça tapawutlandyryp, saýlap almagy öwretmegiň ýollary.

10. Durmuş zähmeti sapaklarynda gara metallaryň (demir, polat, çoýun) poslamagy, poslamakdan goralyşyny öwretmegiň usullary.

11. Durmuş zähmeti sapaklarynda «Egrem», «Okgözi», «Tegbent», «Gülýaýdy» nagyşlarynyň ýerine ýetirilişini öwretmegiň usullary.

12. Durmuş zähmeti sapaklarynda okuwçylary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.


XXVIII. PROÝEKTIRLEMEGIŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagy, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmegiň usullaryny öwretmegiň ýollary.

2. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynda beýan edilýän ata Watana söýgi, durmuş terbiýesi we zähmetsöýerlik baradaky taglymatlarynyň esasynda okuwçylara bilim we terbiýe bermegiň ýollary.

3. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda çyzgylaryň ýerine ýetirilişiniň «Kompas-3D» ulgamynda häzirki zaman usullary.

4. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda «Kompas-3D» ulgamyndaky resminamalaryň görnüşlerini öwretmegiň usullary.

5. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda bir, iki we üç proýeksiýa tekizliginde jisimleri şekillendirmegiň usullary.

6. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda ýönekeý şaýlaryň çyzgylaryny asyl nusgadan ýerine ýetirmegiň usullary.

7. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda tehniki suraty ýerine ýetirmegiň usullaryny öwretmek.

8. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda el çyzgylaryny (eskizi) ýerine ýetirmek üçin ulanylýan materiallar we ölçeg gurallaryny ulanmagyň usullary.

9. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda gurluşyk çyzgylarynda gyzdyryjy gurluşlary, sanitar-tehniki enjamlaryň çyzgylaryny okamagy öwretmegiň ýollary.

10. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda önümleriň gurnaýyş çyzgylary barada umumy maglumatlary öwretmegiň usullary.

11. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda gurluşyk çyzgylary we ony okamagy öwrenmegiň usullary.

12. Proýektirlemegiň esaslary dersiniň üsti bilen okuwçylarda «Çyzgyçy» hünäre bolan höwesi artdyrmak boýunça düşündiriş we maslahat beriş işlerini geçirmegiň ýollary.


XXIX. DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALARYŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanyp, mekdep okuwçylaryna ýokary hilli bilim we terbiýe bermegiň ýollary.

2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.

3. Okatmagyň innowasion usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň we olardan işjeň peýdalanmagyň ýollary.

4. Döwrebap okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamagyň we olary okuw-terbiýeçilik işlerinde netijeli peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.

5. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi okadylanda, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmagyň, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň usullary.

6. Ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary (ruhy-ahlak terbiýesi, raýat-watançylyk terbiýesi, harby-watançylyk terbiýesi, durmuş terbiýesi, medeni-taryhy terbiýe, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýesi) boýunça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.

7. Mekdep okuwçylaryny taslama we döredijilik işleri boýunça bäsleşiklere taýýarlamagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.

8. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi boýunça okuw maksatnamasynyň özleşdirilişiniň üpjün edilişi.

9. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi boýunça ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde öňdebaryjy iş tejribeleriniň ulanylyşy.

10. Sanly serişdelerden peýdalanyp, okuwçylara berilýän bilimiň ýokary hilini üpjün etmegiň, mazmunyny baýlaşdyrmagyň ýollary.

11. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okatmagyň öňdebaryjy iş tejribelerinden.

12. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň hünär derejesini özbaşdak, yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň we mugallymçylyk ussatlyklaryny kämilleşdirilmeginiň netijeli usullary.


XXX. HÜNÄR UGURLY OKUWLAR BOÝUNÇA HÜNÄR ÖWREDIJI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň ugurlary, sapaklarda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmegiň ýollary.

2. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunyny hünär ugurly okuwlar boýunça hünär öwrediji sapaklarda peýdalanmagyň usullary.

3. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň many-mazmunyny, halyçylygy we el işlerini öwrediji sapaklarda we terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň ýollary.

4. «Halyçy» we «Keşdeçi» hünär öwrediji derslerinde halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň taryhyny we geljegini öwretmegiň usullary.

5. Bagban — nahal oturdyjy hünärini öwrediji sapaklarda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek işleriniň taglymatlarynyň esasynda okuwçylara bilim we terbiýe bermegiň ýollary.

6. Sanly ykdysadyýetiň esaslary hünärini öwrediji okuw dersi öwredilende, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerini, ugurlaryny we ony ösdürmegiň tapgyrlaryny öwretmegiň usullary.

7. Halyçylyk, egirmeçi-dokmaçy, el örüm işleri, keşdeçi hünär öwrediji derslerinde tebigy boýaglaryň alnyşyny we ulanylyşyny öwretmegiň usullary.

8. Kompýuter sowatlylygyň esaslary hünär ugurly dersler öwredilende, okuwçylara sanly serişdelerden, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän tehnikalardan we tehnologiýalaryndan peýdalanmagy öwretmegiň usullary.

9. Çyzgyçy hünärini öwrediji okuw dersi öwredilende, çyzgy ylmynyň ösüş taryhy, çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy ylmynyň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygyny öwretmegiň ýollary.

10. Dizaýner-gülçi hünärini öwrediji okuw dersinde ösümlikleriň klassifikasiýasyny, olaryň esasy toparlarynyň häsiýetnamalaryny, dürli görnüşleriniň biologik aýratynlyklaryny öwretmegiň usullary.

11. Suratkeş hünärini öwrediji okuw dersinde küýze, alma, gül bilen baglanyşykly natýurmort çekilende ýagtyny, kölegäni seljermegi hem-de şekillere göwrüm bermegi öwretmegiň usullary.

12. Tikinçi hünärini öwrediji okuw dersinde üstünden goýlup tikilýän jübüleriň bezegli görnüşleriniň işlenip bejerilişini öwretmegiň usullary.


XXXI. BEDENTERBIÝE DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, çagalaryň akyl, ahlak we beden taýdan kämilleşmegine bolan şahsy isleglerini kanagatlandyrmakda, olaryň sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, saglygyny berkitmekde we boş wagtlaryny netijeli guramaklaryny gazanmakda bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermekde bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany» durmuşa geçirmekde mekdep okuwçylarynyň we ýetginjekleriň arasynda spartakiadalary, krosslary, marafonlary we pyýada syýahat ýörişlerini guramagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.

5. Bedenterbiýe okuw dersi boýunça hereket edýän usuly birleşmeleriň işini täzeçe guramagyň iş tejribesinden.

6. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmegiň, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegini we ösmegini gazanmagyň iş tejribesinden.

7. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bedenterbiýe mugallymlarynyň işlerini ýola goýmagyň iş tejribesinden.

8. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň Döwlet standartynyň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň ýollary.

9. Bedenterbiýe sapaklarynda we sport ýaryşlary geçirilende okuwçylaryň ýaş aýratynlygyny we ýerli howa ýagdaýlaryny hasaba almagyň düzgünleri.

10. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitaplarynyň many-mazmuny esasynda ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrylyşy.

11. Bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylara şahsy gigiýenany, howpsuzlyk düzgünlerini öwretmegiň we olaryň bedenini berkitmegiň hem-de okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.

12. Bedenterbiýe dersi boýunça sapakdan daşary çäreleri guramagyň we geçirmegiň hem-de okuwçylary dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary.


XXXII. SYNP ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN:

1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde synp ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeler.

2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde synp ýolbaşçylaryň amala aşyrmaly işleri.

3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermekde synp ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndaky şekillendiriş sungatyna degişli gymmatly maglumatlardan sapaklarda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň ýollary.

5. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň many-mazmunyny we ähmiýetini mekdep okuwçylaryna öwretmekde synp ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.

6. Synp sagatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryny, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny okuw-terbiýeçilik işlerinde döredijilikli peýdalanmagyň usullary.

7. Synp sagatlarynda okuwçylaryň dünýägaraýşyny kemala getirmegiň we ösdürmegiň ýollary.

8. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, synp ýolbaşçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmegiň ýollary.

9. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, synp ýolbaşçylarynyň ders mugallymlary, ata-eneler, jemgyýetçilik guramalary bilen özara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakdaky orny.

10. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işleriniň üsti bilen okuwçylary ylmy döredijilige ugrukdyrmakda we döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamakda, hünärlere ugrukdyrmakda synp ýolbaşçylarynyň durmuşa geçirmeli işleri.

11. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, tejribeli synp ýolbaşçylary bilen ýaş synp ýolbaşçylarynyň arasynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we onuň işini talabalaýyk guramagyň döwrebap usullary.

12. Okuwçylar bilen terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guramagyň we geçirmegiň, okuwçylary ylmy döredijilige ugrukdyrmagyň, döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň we hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.


XXXIII. MEKDEP KITAPHANAÇYLARY ÜÇIN:

1. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) many-mazmunyny, ähmiýetini, ondan gelip çykýan borçlary, wezipeleri okuwçylara we mugallymlara düşündirmegiň ýollary.

2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň wezipeleri.

3. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň öňünde durýan wezipeler.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul eden Kararlary esasynda tassyklanan bilim Konsepsiýalaryny we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň öňünde durýan wezipeler.

5. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň wezipeleri.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunyny okuwçylara düşündirmegiň iş tejribesinden.

7. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we onuň many-mazmunyny, maksadyny, wezipelerini hem-de bu möhüm Kanunda kesgitlenen hukuk düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmekde mekdep kitaphanaçylarynyň öňünde durýan wezipeler.

8. Mekdep kitaphanaçysynyň işini meýilnamalaşdyrmagyň, iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmegiň, kitaphana gaznasyny tükellemegiň we sanlylaşdyrmagyň, kitaphananyň içini talabalaýyk bezemegiň, arassaçylyk we kitaplary abatlaýyş işlerini geçirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.

9. Mekdep kitaphanasynda nusgawy şahyrlaryň we ýazyjylaryň döredijiligine bagyşlap, okyjylar maslahatlaryny, kitap hepdeliklerini we sergilerini guramak arkaly okuwçylary dürli derejelerdäki bäsleşiklere taýýarlamagyň we olary hünärlere ugrukdyrmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.

10. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda okuwçylaryň dünýägaraýşyny kemala getirmegiň we hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň döwrebap usullary.

11. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) esasynda okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.

12. Okuwçylaryň kitap okamaga bolan höwesini we gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek we olarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmek maksady bilen, mekdep kitaphanasynda okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazarlary, ýazyjy-şahyrlar we medeniýet-sungat işgärleri bilen döredijilik duşuşyklaryny guramagyň iş tejribesinden.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.

"Mugallymlar gazeti" gazeti

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog