28.06.2024 Gollanma115

Türkmen alabaý itlerine dakylýan atlar


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahr man Arkadagymyz özüniň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Ata-babalarymyz türkmen alabaýyny eýesine wepadar, goýna hüşgär edip ýetişdirmek üçin yhlas baryny siňdiripdirler” diýip, juda jaýdar belläp geçýär.

Adamzadyň müň ýyllyklaryň dowamynda eldekileşdiren jandarlarynyň içinde ata-babalarymyzyň terbiýeläp ýetişdiren, häzirki wagtda özüniň batyrlygy, mertligi, hüşgärligi, duýgurlygy, düşbüligi, çalasynlygy, eýesine wepalylyk bilen gulagasyjylygy, ýatkeşligi taýdan dünýä çawy ýaýran alabaý itlerimize taý geljegi ýok bolsa gerek. “It geldi, gut (bagt) geldi”, “Itim—gutum (bagtym)” diýip, itini bagty hasaplaýan pederlerimiz olary özleriniň iň wepadar dosty, goýun sürüleriniň esasy goragçysy hasaplapdyrlar. Olara güjük wagty at dakypdyrlar, oýlanyşykly dakylan şol ady aýdyp, ýanlaryna çagyrypdyrlar, buýruk beripdirler. Daşky sypa tyna görä: Akbaş, Akbaý, Akdiş, Akbars, Ak aýy, Ak soltan, Akbilek, Boýnak (Boýny ak), Gara baş, Goňur, Gara kelle, Garagöz, Garahan, Garagulak, Garadag, Gökje, Garabaý, Dörtgöz, Sakar ýaly atlar dakypdyrlar. Mundan başga-da, alabaý it leriniň güýçli, duýgur, çalasyn, sak bolmagyny, ýeri gelende özünden güýçli ýyrtyjylar bilen garpyşmagy başarýan, garadan gaýtmaz bolmagyny isläp: Aždar, Alaman, Alar, Algyr, Arlaň (arlap ses edýär diýen manyda), Basar, Bürgüt, Bars, Bezzat, Çakgan, Gaplaň, Gurbat, Guduz, Gudrat, Goýunçy, Geçigaplaň, Dönmez, Pälwan, Peleň, Tupan, Wepaly, Ýolbars ýaly atlary dakypdyrlar. Şonuň ýaly-da, türkmen alabaý itleriniň: Akturan, Duşman, Garatöhmet, Meşhur, Mahmal, Solmaz, Soltan, Sowgat, Wezir, Ýyldyzhan, Ýekemen (Ýeke emen) ýaly atlandyrylyşy hem gabat gelýär.

Berkarar döwletiň täze eýýa mynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda türkmen alabaý itlerine bolan ünsüň güýçlendirilýän häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda itşynaslaryň sanynyň artyp başlamagy guwandyryjy ýagdaý. Pederlerimiziň asyrlar boýy terbiýeläp ýetişdiren, gözüniň guwanjy, kalbynyň daýanjy, wepaly dosty hasaplaýan itlerine dakan hiç hili düşündiriş talap etmeýän atlary alabaý itlerimiziň şanyna şan goşýar.

Ahmet ABDYLLA ÝEW,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, mirasgär.

"Täze oba" žurnaly, №11 - 2023

Tmpedagog