27.06.2024 Gollanma117

Gün şöhlesiniň saglyga täsiri


Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Ol ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär, keýpiňi göterýär, saglygyňy kadalaşdyrýar. Günüň çogy edil beden maşklary ýaly peýdalydyr. Gün şöhlesi ýüregiň myşsalarynyň işjeňligini ýokarlandyryp, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Gan basyşy pes adamlara güneş täsir edip, ony kadaly ýagdaýa getirýär. Ýöne Günüň astynda aşa köp durulmagynyň zyýanlydygyny hem unutmaly däldir. Jöwzaly tomus günlerinde adamy Gün urup bilýär. Gün urmasy howanyň gaty gyzmagynyň we Gün şöhleleriniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde döreýär.

Gün uranda kelle gyzyp, näsag ilki ýadawlyk, gowşaklyk, aýaklarynda, arkasynda agyry duýýar, kellagyry, başaýlanma döräp bilýär. Bu alamatlara soňra göz öňüniň garaňkyramagy, dem alşyň we ýüregiň urşunyň çaltlanmagy hem goşulýar. Şeýle ýagdaýda näsaga öz wagtynda kömek bermeli. Günüň astynda bolmagy dowam etdirýän näsagyň ýagdaýy beterleşip, ýüzüniň reňki gögümtil bolýar, bedeni has gowşaýar, dem alşy, damar urşy peselýär. Gün uran näsag huşuny ýitirýär, samrap, sandyrap, gyzdyryp, kähalatlarda burny ganaýar, gan basyşy bolsa peselýär.

Gün urmasynyň ýeňil görnüşinde näsagy kölegä geçirip ýatyrmaly. Onuň daşky eşiklerini çykarmaly, kellesine sowuk ýapgy goýmaly, suw içirmeli. Gün uranyň agyz boşlugynda del jisim bolsa, kellesini bir gapdala öwrüp, ony arassalamaly. Agyr ýagdaýdaky näsagy garaňkyradylan salkyn jaýa geçirmeli we eşiklerini ýeňledip, maňlaýyna, ýeňsesine, dyz astyna sowuklyk goýmaly. Bu ýagdaýda haýal etmän, «Tiz kömek» gullugyna ýüz tutmaly.

Gündelik durmuşda Gün urmasyndan goranmagyň iň ýönekeýje usulyny-da peýdalanyp bolar. Biziň howa şertlerimizde Gün wannalaryny irden sagat 09:00-a çenli, öýlän 18:00-dan soň amatly wagtda kabul etmeli. Ir säher bilen çyg otluk meýdandan ýa-da çägeli ýerden ýöräp geçmek bedeniň immun ulgamyna berkidiji täsir edýär, dabanyň köp sanly işjeň nokatlaryny hereketlendirýär. Jöwzaly tomusda daşarda kelleýalaňaç gezilende Gün urýar. Günüň astynda uzak wagtlap durulmagy ýa-da gezelenç edilmegi burnuň nemli bardasyna we ownuk damarlara ýaramaz täsir edýär-de, burnuň ganamagyna getirýär. Bularyň öňüni almak üçin, daşary çykylanda ýeňil, açyk reňkli, nah matadan tikilen egin-eşik, başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňynmaly, saýawanly gezmeli, kölegeräk ýerlerde gezelenç etmeli.

Gün — saglygyň tebigy çeşmesi. Onuň şöhlesiniň täsiri bilen, bedende D witamini işlenip çykarylýar. Bu witaminiň ýeterlik bolmagyny üpjün etmek üçin bedeni Gün şöhlelerine taplamagyň hem peýdasy uludyr. Gün şöhlesiniň azlyk etmegi çagada igleme keseline getirip bilýär, emma onuň ýiti şöhlesiniň aşagynda adamlara, ylaýta-da, çagalara uzak durmak, gezmek, oýnamak howpludyr. Gün şöhlesi bilen çaganyň bedeni taplanylanda, ol hökman ýeňiljek başgaply, ýeňil egin-eşik geýdirilen bolmalydyr. Bir ýaşamadyk çagany ýiti Gün şöhlesine çykarmak maslahat berilmeýär. Bäbekleri ir säher bilen hem-de öýlän, Gün agandan soňra daşary alyp çykmaly. Çagalar güneşli howada gezdirilende, olaryň bedeni Güne ýanmaly däldir.

Gün şöhlesi gözüň we gabagyň gijilewüginiň, sowuklamasynyň dermanydyr, ýöne tomusda gara, Günüň şöhlesinden goraýjy äýnek dakynmaly. Güne hiç mahal siňe seretmeli däl.

Gün şöhlesiniň täsiri astynda deride durnukly menekli tegmilleri döredýän, düzüminde efir ýaglary bolan gözellik (kosmetika) serişdelerini, hoşboý ysly önümleri (atyr, dezodorant) suwa düşülýän ýerlerde peýdalanmakdan saklanmaly. Yssyda daşarda uzak wagtlap gezmek ýürek-damar, göz, çiş kesellerinden ejir çekýänlere-de zyýanlydyr. Günüň zyýanly täsirini ýeňmäge kömek edýän C, PP witaminlerine baý nygmatlara üns bermelidir.

Günüň dowamynda 2,5-3 litr suw içmeli. Çig, arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy yzygiderli içmek bedeni gandyryp, onuň guramagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da, limon atylan suw, miwe şiresi, dürli ir-iýmişlerden gaýnadylan kompot, çaý, mineral suw, çal, aýran hem peýdalydyr. Çaý dürli dermanlyk otlar bilen garylyp demlense, peýdasy has uludyr.

Täzegül ÖDÄÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.

"Türkmenistan" gazeti, 26.06.2024

Tmpedagog