24.06.2024 Gollanma85

Durdy Gylyjyň ýoly bilen


Ýaşan döwründe halky bilen ýürekdeş bolup, tebigy zehini, ruhubelentligi, belent adamkärçilik sypatlary bilen halkyň ýüreginde orun tutmagy başaran, ilkinjileriň hatarynda «Türkmenistanyň halk şahyry» diýen adyň eýesi bolan Durdy Gylyç barada Halyl Kulyýew:

Otly ony kem saýsa-da özünden,
Men-ä aty hasaba-da alamok.
Eşeklije Durdy Gylyjyň yzyndan
Köpler «Wolga» münüp ýetip bilenok —

diýip belleýär.

Halk şahyry Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda dogulýar. Çagalygyndan mama keseline ýolugyp, gözleri görmekden mahrum bolýar. Emma onuň aşa zehinliligi, ýatkeşligi, durmuşa, Watanyna bolan çäksiz söýgüsi halk arasynda belent adyň eýesi bolmagyna ýol açypdyr. Durdy Gylyç diňe bir şahyrçylyk bilen meşgullanman, eýsem, döwrüniň ezber sazandasy hökmünde hem tanalypdyr.

Döredijiligi bilen halkyň ruhy dünýäsini ýagtyltmagy başaran Durdy Gylyjy XX asyryň ýazyjy-şahyrlarynyň ählisi özleriniň halypasy hasaplapdyrlar.

Onuň «Bökdemäň meni» atly şygry 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen ýigitleriniň söweşjeň ukybyny, batyrlyk, gaýduwsyzlyk häsiýetlerini hasam artdyrypdyr. Elbetde, batyl adamyň urşa gidip, söweşip bilmejegi hemmä mälim ýagdaý. Ýöne bu ýerde maksat basymrak ýeňiş gazanmak, Watany ýowuz duşmandan halas etmek.

Durdy Gylyç şahyryň doglup, eşeklije seýil eden topragy bolan Görogly (ozalky Tagta) etrabynda ençeme ýazyjy-şahyrlar dünýä inip, halypa şahyryň ýoluny dowam etdirdiler. Olardan Türkmenistanyň halk ýazyjylary Beki Seýtäkow, Hangeldi Garabaýew, ýazyjy Nury Atlyýew, şahyr Sapar Öräýew, Hojanepes Meläýew, ýazyjy Gazakbaý Ýollyýew, Amannepes Mätgylyjow, Rejep Pirjanow, Gurbannazar Orazgulyýew dagynyň atlaryny görkezmek bolar. Ýokardaky sanawymyza döwürleýin neşirlerde, gazet-žurnallarda öz goşgudyr hekaýalary, makalalary bilen yzygiderli çykyş edip gelýän ýaş ýazyjy-şahyrlarymyzdan hem birnäçesini goşmak bolar. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, şahyr Halyl Kulyýew aýtmyşlaýyn, bu mukaddes toprakda «Eşeklije Durdy Gylyjyň yzyndan» ençeme zehinli ýazyjy-şahyrlaryň topary kemala gelip, halypanyň ýollaryny dowam etdirýärler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman

Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik şahsyýetlerimiziň adyny halk hakydasynda ebedi ýaşadýan halypa-şägirtlik mekdebiniň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Yhlas MAHMUDOW,
Görogly etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 15.12.2023

Tmpedagog