25.01.2023 Gollanma64 .

Maşgala


Maşgala – her bir adamyň dünýäde iň eziz we mukaddes görýän ýeri bolan öýi – ojagy. Şeýle-de, maşgala adamyň şahsyýetiniň, medeniýetiniň, işjeňliginiň ýüze çykýan, kemala gelýän ýeri bolup durýar. Maşgala geljekki nesliň edep-terbiýe, görüm-görelde gözbaşydyr.

Maşgalanyň görnüşleri:
1. Döwletli maşgala;
2. Adaty doly hojalyk;
3. Agzala maşgala;
4. Doly däl maşgala.

... aşakda görkezilenlerden ugur almak zerur:
 – maşgala durmuşyndaky gaýtalanyp durýan birsyhly düzgünlere täze, oňaýly üýtgeşiklikleri girizmeli;
 – maşgala bolup dag çeşmelerine, tebigatyň gözel ýerlerine ýa-da göwnüňi göterýän ýerlere, teatrlara gitmek ýaly dynç alyşlary gurnamaly; ruhy lezzeti baýlaşdyrmaga çalyşmaly; ruhy göýdükligi ýeňmeli;
 – birek-biregiň islegine dogry düşünmeklige çalyşmaly;
 – birek-birege bolan sylag-hormaty unutmazlyga endik etmeli;
 – birek-birege kämilleşmäge, erkinligini duýmaga ýol bermeli;
 – birek-biregiň halyndan habar alyp durmaly, ruhy goldaw bermeli:
 – birek-birege täze-täze ukyplaryňy we başarnyklaryňy görkezmeli, birek-birege gerekdigiňi duýup, maşgalada wagtyňy hoş geçirmeklige çalyşmaly.

Maşgalanyň ýykgyn edýän kesp-käri boýunça görnüşleri:
* Ylym-bilim bilen höweslenýän;
* Sport bilen höweslenýän;
* Aýdym-saz bilen höweslenýän;
* Tehnika bilen höweslenýän;
* Çeperçilik bilen höweslenýän;
* Harby iş bilen höweslenýän;
* Medisina, biologiýa bilen höweslenýän;
* ...

«Maşgala psihologiýasy»
Aşgabat - 2011



Tmpedagog