20.06.2024 Gollanma74

Ömürleriň ebedilik şamçyragy


Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen «Magtymguly» atly kitapda akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilipdir. Bu kitap şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, watançylyk bilen bagly şygyrlaryny öz içine alýar.

agtymguly Pyragy halklaryň arasyndaky synmaz köpri bolup durýar. Dana Pyragynyň «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Äleme belgilidir» atly goşgulary bilen başlanýan kitap bizi geçmişimize hem-de şu günümiziň üsti bilen geljegimize sary alyp gidýär. Magtymguly taryh, edebiýat boýunça beýik mugallym hökmünde öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meseleleri barada sapak berýär. Akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşlary, türkmen tebigatyny beýan edýän umman ýaly giň, dür ýaly gymmatly, merjen düzümi deý çeper şygyrlary her okyjyny çuňňur oýlandyrýar.

Dana Pyragy Gündogaryň iň meşhur akyldarlarynyň biridir we türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Akyldaryň şygyrlarynda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly üýtgewsiz umumadamzat gymmatlyklary beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijilik we filosofik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlygydyr, şol bir wagtyň özünde-de dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Akyldaryň şygyrlary dünýä edebiýatynda mynasyp orun aldy. Dana Pyragy «Unudar ol ýoluny» atly şygrynda: «Magtymguly, adyň seniň külli äleme dolup» diýip, özüniň şöhrat-şanynyň şeýle belent derejelere ýetjekdigini welilik bilen aýdypdyr.

«Magtymguly» atly täze kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda beýik söz ussadynyň baý edebi mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy.

Bütin ömrüni halka bagyşlan Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyryň türkmen durmuşy, taryhy, syýasy wakalar, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr.

Şahyryň döredijiliginde önüp-ösen ýeriniň tebigy gözelligini wasp edýän «Soňudagy», «Gürgeniň» ýaly goşgular hem bar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen bagly ylham beriji duýgulara ýugrulandyr. Muny akyldaryň «Türkmeniň», «Türkmen binasy» atly şygyrlarynda aýdyň görmek bolýar. Dana Pyragynyň «Magtymguly» atly täze kitaby ömrümize baky şamçyragdyr.

Gülşat SAPAROWA,
Aşgabat şäherindäki 65-nji orta mekdebiň müdiri.

"Arkadag" gazeti, 20.06.2024

Tmpedagog