20.06.2024 Gollanma86

Söz ussady we dünýä alymlary


Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasy, edebiýaty, medeniýeti we sungaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Her bir ynsany, tutuş adamzady ruhy kämillige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen diňe öz halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem belent sarpasyna mynasyp bolan Magtymguly Pyragynyň Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun alan, pähim-paýhasa ýugrulan şahyrana-pelsepewi edebi mirasy her bir türkmeniň dilinde, kalbynda aýdym bolup ýaňlanýar we dünýäde meşhurlyga eýe bolýar.

Akyldar şahyryň edebi mirasyny düýpli öwrenen we edebi döredijilikde özüne nusga, halypa saýanlaryň biri hem iňlis ýazyjysy we şahyry Braýan Oldiss hasaplanýar. Dünýä edebiýatynda meşhurlyga eýe bolmagy başaran Braýan Oldiss dünýäniň boluş-gelşinden habarly, jemgyýetiň, durmuşyň, adamlaryň ýagşy-ýamanyna düşünýän, adamzadyň gazanan dünýewi we ylahy ylymlaryny çuňňur özleşdiren, taplanmagyň ruhy basgançaklaryny geçen Magtymgulynyň döredijilik pelsepesine uly hormat goýýandygyny öz makalalarynda we söhbetdeşliklerinde nygtaýar. Onuň «Orta Aziýa çöllerinden aşan aýdymlar» atly kitaby Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň 40-a golaýynyň terjimesini özünde jemleýär. Braýan Oldiss: «Magtymguly dünýäniň dört künji, Ýer togalagynyň ähli emer-damary hakynda pikir ýöredip bilen örän üýtgeşik ynsandyr. Men henize çenli gaýtalanmajak beýle üýtgeşik zehine gabat gelemok» diýip, akyldar şahyryň pähim-parasadyna uly sarpa goýýandygyny nygtaýar.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bilen ilkinji gyzyklananlaryň biri hem wenger alymy Armeniý Wamberidir. Ol öz kitabynda: «Agşamlaryna, aýratynam, gyş aýlarynda olar (türkmenler) jadyly ertekileri we dürli hekaýatlary diňlemäni gowy görýärler, aýratynam, bagşy dutaryň sazyna goşup, Göroglynyň ýa-da olaryň keramata öwrülen şahyry Magtymgulynyň goşgularyny aýdym edip aýdanda, olaryň keýpi has hem göterilýär» diýip belläpdir.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görülýän günlerde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de ajaýyp senäniň 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma we belent hormata eýedigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Sähra ÖWEZOWA,
Daşoguz şäherindäki 4-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 20.06.2024

Tmpedagog