20.06.2024 Gollanma95

Sarymsak — serim sag


“Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alyp, halkymyzyň saglygy ugrunda alada edýän lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyny okap oturşyma, dünýäniň ähli ýurtlarynda belli bolan bu dermanlyk ekiniň adamzadyň taryhynda iň ýokary üns merkezinde bolanlygyny, ulanylanlygyny, ekilip köpeldilendigini aňymda aýladym.

Türkmen ilimde “Sarymsak — serim sag” diýlip, örän jaýdar aýdylypdyr.

Sarymsagyň taryhyna ser salsaň, Gadymy Müsürde Tutanhamonyň patyşalyk süren döwürlerinde-de sarymsagy her naharyň gapdalyndan işdäçar hökmünde iýlendikleri barasynda aýdylýar.

Tibet monahlary häzirki günlerde-de sarymsagy gündelik durmuşda giňden ulanýarlar. Olar sarymsagyň bir dişini 3-4 bölege bölüp, şol durşuna dürli derman gerdejiklerini içişimiz ýaly, adaty dury suw bilen içýärler. Şeýle ýagdaýda sarymsagyň ysy gelmeýän eken we ol biziň ulanýan dürli derman gerdejiklerimiziň ýerini tutýar diýlip hasaplanylýar. Tibetlilerde bu ýagdaý asyrlarboýy dowam edip gelýär.

Sarymsak adam bedenine içki energiýa, güýç berýär we dürli mikroblary dessine öldürýär. Sarymsagy ýer şarynyň sowuk ýurtlarynda dişleriniň etine çalýandyklaryny, onuň sowuklamadan we dişleriň dökülmeginden goraýanlygyny aýtmalydyrys.

Lukman hekimiň ýazgylaryndan çen tutsaň, sarymsak ýürek agyry keseliniň bire-bir emi hasaplanylýar.

Dermanlyk iýmit bolan sarymsagy köpeltmek, ýaýratmak, durmuşda ulanmak her birimiz üçin bähbitlidir.

Saparmyrat HOMMODOW,
Murgap etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň
rus dili mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 20.06.2024

Tmpedagog