13.06.2024 Gollanma83

Dogry söz — ýüzüň tuwagy


«Ynsanlyk mertebesi» diýlende çykmasy kyn, emma düşmesi aňsat bolan belentlik göz öňüňe gelýär. Halallygy, dogry sözlüligi, edepliligi we beýleki ýagşy gylyk-häsiýetlerdir amallary ruhy-ahlak ýörelgesine öwren her bir ynsan şol belentlik boýunça ýokary göterilýär.

Halkymyzda söz ýüzüň tuwagyna deňelýär. Özüni dogry sözlüligi, abraý-mertebesi bilen tanadan ynsanlaryň aýdan-diýeni il içinde alga alynýar, hergiz sözi ýele gitmeýär. Pederlerimiz ýalan sözläp, iliň gözünden düşen adamlar hakynda: «Ýalançy çynyny diýmez, diýse-de il ynanmaz» diýen pähimi döredipdirler. Halk şahyry Molladurdynyň «Hojaguly» atly meşhur goşgusynda hem durmuşda gabat gelýän bu halat has çeper suratlandyrylýar. Halkymyzda «Dogry söz — daşy deşer» diýen hikmetli söz hem bar. Pederlerimiz diňe bir dogryňy sözlemegi däl, hak sözüň tarapyny çalmagy hem zerur hasaplapdyrlar. «Magtymguly, dogry söze ten bergil» diýýän türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem dogry sözlülik hakyndaky pikir-garaýyşlar giňişleýin beýanyny tapýar.

Reýhan Horezminiň «Mertebeler we kemlikler» atly kitabynda hem bu häsiýet hakynda täsirli rowaýat beýan edilýär: «Rowaýatlara görä, Jebraýyl alaýhyssalam akyly, utanjy we dogruçyllygy alyp, Adam atanyň ýanyna gelipdir. Ol Adam ata ýüzlenip: «Haýsysyny halaýan bolsaň saýla!» diýipdir. Adam ata akyldan haýyrly zady görmänsoň, şony saýlap alypdyr. Jebraýyl perişde utanç bilen dogruçyllyga bakyp: «Siz yzyňyza dolanyberiň!» diýende, olar: «Ýok. Bize akyl nirede bolsa, şonuň ýanynda bolmaklyk buýruldy» diýipdirler». Ömür ýollarynda ybrat alarlyk bu rowaýatyň hikmetine görä, ynsana mahsus ähli gylyk-häsiýetleriň bir-biriniň üstüni dolup, abraý-mertebä ýetirýändigine göz ýetirmek mümkin.

Her gezek perzentlerime, agtyklaryma dogry sözlülik hakynda öwüt berenimde «Dogruçyl oglan» hakyndaky halk ertekisinden mysal getirýärin. Onda enesiniň: «Her jüre ýagdaýda-da, başyňa muşakgat injegini duýsaň-da dogryňy sözlegin!» diýen pendine eýeren oglanjyk hakynda gürrüň edilýär. Alys illere argyşa ugran oglanjygyň goşulan kerweniniň ýoluny galtamanlar kesende ol ýalan sözlemezlik üçin donunyň içligine tikilen barja tyllasyny çykaryp berýär. Onuň dogruçyllygyna haýran galan galtamanlar pälinden gaýdyp, kerwenden alan ähli oljasyny yzyna gaýtaryp berýärler. Dogry sözlüligi sebäpli oglanjyk hem maksat-myradyna ýetýär.

Buýtar-suýtar gürrüňi, ýalan-ýaşryk sözi halamaýan pederlerimiz «Egri oturyp, dogry sözleşmegi» göwne makul görüpdirler. Bu durmuş ýörelgesi ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň milli özboluşlygyna, ruhyýetine siňipdir.

Gözel JUMAÝEWA,
Akdepe etrabyndaky
3-nji orta mekdebiň müdiri,
zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 13.06.2024

Tmpedagog