13.06.2024 Gollanma120

Türkmensähra täsirleri



Dünýä belli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etmek arzuwym amala aşanynda men özümi dünýäde iň bagtly ynsan saýdym. Döwletmämmet Azadynyň, pähimli Magtymguly Pyragynyň aramgähine täze gurlan beýik monumenti görneninden şahyryň üç ýüz ýyllyk toýuny toýlamaga dünýäniň çar künjünden gelen türkmenleriň kowçum-kowçum bolup üýşüp durmagy bizi guwandyrsa-da, birbada darykdyrdy. Ýöne: «Munça giden mähelleden geçip, arzyly atamyzyň aramgähini alnymyza togap edip bilermikäk” diýip howpurgamagymyz ýerliksiz ekeni. Mukaddes ýaşyl Baýdagymyzy gören märeke Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, erkana Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy hormatlap, giň ýol açyp, bizi öňe goýberdi welin, depämiz gök diredi. Magtymguly Pyragynyň, Döwletmämmet Azadynyň ter gül desseleri bilen bezelip, adamboýy ak mermere zerlenip ýazylan adyny, bir bent şygryny sypalap- -sypalap mährimizi siňdirip, ylham alasymyz geldi. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew aýat okap, doga-dileg edeninde, garagörnümdäki oturanlara çenli dym-dyrslyk bolup, bir adam ýaly el göterildi. Aramgähiň gapdalyndaky jaýda şahyrlar Bazar Şalyýew, Döwletmyrat Annamyradow, Didarberdi Allaberdiýew, Baýram Akgadow dagy şygyr okasa, kyssaçylar Şöhrat Abdyýew, Baýram Taganow, Bäşim Şadurdyýew dagy täsirli söhbet etdiler.

Zyýarat dagynyň täsin tokaýlygyny, Gorgan galasynyň iki ýüz kilometre uzap gidýän gadymy diwaryny synlap barşymyza Gürgen-Azatşähr-Kelala-Kümmethowuz gara ýolunyň ugrunda, sag egniňde akyldaryň hormatyna täze açylan Magtymguly Pyragy mähellesini — uly obany görüp ýüzümiz nurlanyp gitdi. Eýranly doganymyz Kaýum Abdyrahym ogly Pyragynyň “Türkmeniň”, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgularyny üýtgeşik bir labyz, mähirli owaz bilen ýatdan joşgunly okady welin, ählimiz ör turup, dowamly el çarpyp minnetdarlyk bildirdik. Bu obanyň esasy köçesinde Magtymguly Pyragynyň mirashanasyny açmaga görülýän taýýarlyk bilen tanyş bolanymyzda, Garaşsyz ýurdumyzyň gözel tebigatynyň, ak paýtagtymyz Aşgabadyň, ajaýyp Arkadag şäherimiziň täsin binalarynyň suratyny, mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryny ýadygärlik sowgat gowşurdyk. Kitaplary alnyna togap eden eýranly doganlarymyzy synlap, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýip, öz halkyny baky bagta ýetiren Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly türkmendigimize buýsanyp, alkyş okadyk. “Öz topragyň üstünde ýaýnap ýaşap, gaýnap-joşup gezmegiň höziri bir başgadyr” diýip, goňşy ýurtly kowumdaşlarymyz bize ak ýol arzuwladylar.

Gürgen-Kümmethowuz gara ýolunyň ugrunda Magtymguly Pyragy adyndaky uly obanyň gabadyndaky Sufýan obasyna golaýlanymyzda gezime çykarylan atlary görüp, duşaklanana döndük. Görmäge göz, waspyny etmäge söz gerek owadan atlary gözigidijilik bilen seretdik. Atlara seredip durkak, atçylygyň bir işgäri ilki parsylap, yzyndan garyşyk dilde bu atlaryň isledigiçe iýmlenip, talabalaýyk seýislense-de näme üçindir ahalteke atlaryndan gaýra tesýändigini agzady. Aşgabatly atşynas Bäşim Şadurdyýew: «Aty at edýänçä eýesi it bolýar”. Atlary iýmläp, gezdireniň ýeterlik däl. Günüň dörtden üç bölegini, başarsaň baryny atyň ýanynda geçirmeli. Ula goýberilende ozanynda boýnuny egreldip, guýrugyny dikgerdip, oýnaklap tans edýän, yza galsa namys edip, üç-dört günläp ot-iýmini almaýan ahalteke bedewine diňe bir mähriňi däl, eýsem, türkmeniň dogumlylygyny, gaýduwsylygyny, gaýratlylygyny, namysjaňlygyny hem siňdirmeli. Türkmen aga aty bilen itine gaty hamrakdyr. “Ony perzendi kimin eý görýändir” diýeninde: “Eýesiniň göwni bilen deň gopýan behişdi bedewim, adyň äleme çawdyr. Sizi sarpalaýanyň ömri uzak, jany sag bolsun” diýip alkyş okadyk...

... Gadym döwürlerem uzak ülkäniň täsin tebigatyndan täsirlenip, inerleriniň düňküni düňňürdedip, maýalaryň jaňyny jyňňyrdadyp, ata Watanyň ak alaňyndan inilensoň, takyr alanyň erňeginde çök düşüp, gezen ýerlerinde paýhasly ýurt Baştutanynyň saýasynda saýalap, adyny penalap, ýurt gezenlerine, sag-aman, başlary abat ýurda dolananlarynyň hatyrasyna alkyş okap topraga tagzym edip, gül Diýaryň tenekar şemalyndan ýedi öwre gursagyňy dolduryp dem almak däbi bar eken. Bizem şol däbe eýerdik. Türkmen ata-baba däp-dessuryny wepaly ýöredýän watandar milletdir.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.
Garagum etrabyndaky
14-nji orta mekdebiň mugallymy,
TDP-niň işjeň agzasy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 13.06.2024

Tmpedagog