12.06.2024 Gollanma389

Mugallymçylygyň asylly ýörelgeleri


Eziz Watanymyzyň geljegi bolan bilimli-terbiýeli, edepli-ekramly, ýokary hünärli şahsyýetleri, ýaş nesilleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň — her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Ýaş nesiller biziň çagalarymyzdyr, biziň ýaşlarymyzdyr, geljekde ýurdy dolandyryjylardyr. Terbiýe bermek we okatmak işi dürli nesilleriň hem-de ykballaryň iňňän çylşyrymly baglanyşygydyr. Mugallymçylyk işi hakynda dürli döwürlerde alymlaryň we danalaryň aýdan paýhasly jümlelerini bellemek ýerliklidir:

Mugallymçylyk diýmek, hiç haçan solmajak bagyň tohumyny ekmekdir.

Edil Gün şöhlesiniň Ýer şaryny ýagtylydyşy ýaly, mugallym hem jemgyýeti ýagtyldýandyr.

Mugallym okuwçylaryň bilim-terbiýesiniň, döredijilikli işiniň ýolbaşçysy bolup, ene-atadan soň ikinji adam hökmünde çykyş etmelidir.

Könä ýüzlenip, täze zady açyp bilýän adam mugallym bolmaga mynasypdyr.

Adamlaryň ýerine ýetirýän işleriniň arasynda mugallymyň işi iň çylşyrymlysydyr.

Mugallymlar öz işinde nesilleri mynasyp terbiýeläp, watansöýüjiligi wagyz etmelidir.

Mugallym hakyky mugallym bolmaga çalyşmaly. Owal-ahyr mugallymçylyk durmuşda iň hormatly kär ahyryn. Mugallymyň sözi mekdepde-de, maşgalada-da kanun bolup ýaňlanýar. Munuň şeýledigine halypa şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň şu setirlerinden hem göz ýetirmek bolýar:

Mugallymyň sözi Watanyň sözi,
Ol sözde ýerleşýär dünýä dek mazmun.
Mugallymyň sözi kanun mekdepde,
Mugallymyň sözi öýde-de kanun.

Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly romanynda mugallymçylyk käri barada, hususan hem, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew barada täsirli maglumatlary beýan edýär

Bir gün Berdimuhamet agalara myhman gelýär. Myhman saglyk-amanlyk soraşandan soňra Berdimuhamediň ejesi myhmandan özüni tanatmagy we kim bolup işleýändigini soraýar. Şonda myhman: «Maňa Muhammetguly Atabaýew (1885–1916-njy ýyllarda belli türkmen magaryfçysy) diýýärler. Meniň esasy kärim — çaga okatmak, men — mugallym» diýýär. Şonda myhmanyň «Men — mugallym» diýenden, Berdimuhamediň ýüregi jigläp gidýär we ol: «Bir gün menem şeýle sözleri ynam bilen aýdyp bilermikäm?» diýip, içini gepledip, arzuw edipdir

Ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew mekdeplerde okuw we terbiýeçilik işini guramakda täze usulyýetleriň ornaşdyrylyş tejribesini ele alypdyr. Munuň özi oňa halk magaryfynyň, okuw-usulyýet işleriniň dürli sowallaryna jogap tapmaga, meýilnamalary, okuw kitaplaryny, aýryaýry mugallymlaryň sapaklaryny seljermäge we mekdepde okuwy guramagyň has gowy usullaryny tapmaga kömek edipdir.

Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçdi. Umumy sapakda Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimiz barada giňişleýin gürrüň etdi. Ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakynda durup geçdi. Has takygy, alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň görnüşleri barada nygtady.

Terbiýäniň bu görnüşleri durmuşa täze gadam basan ýaş nesiller üçin geçmişi, häzirki döwri hemde geljegi özünde jemleýän nusgalyk mekdepdir. Şoňa görä-de, biz — mugallymlar bilimlerimiziň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmalydyrys. Özümizde hemişe bilim almaga höwesi hem-de erki terbiýelemelidiris. Munuň özi jemgyýetimiziň ösüşini, Watanymyzyň, halkymyzyň ykbalyny, bagtyýar geljegimizi kesgitleýän möhüm şertlerdir. Pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen kemala gelen kämil ahlak gymmatlyklarynesillerimiz üçin mizemez mekdepdir.

Goý, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary,
podpolkownik.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 12.06.2024

Tmpedagog