06.06.2024 Gollanma63

Ýazyjyly ýatlamalar


Ömür menzilimde ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň birnäçesi bilen didarlaşmak, söhbetdeş bolmak, olaryň gyzykly gürrüňlerini diňlemek miýesser etdi. Şeýle pursatlar hiç wagt ýatdan çykmaýan eken. Olaryň ýadygärlik ýazgy ýazyp beren kitaplaryny bolsa gymmatbahaly sowgat hökmünde aýap saklaýaryn.

* * *

1982-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça mugallymlaryň iki hepdelik okuwy guraldy. Şol okuwyň ýolbaşçysy Gözel Rahmanowa okuwa gelen bilim işgärleri bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kerim Gurbannepesowyň duşuşygynyň boljakdygyny mälim etdi. Bellenen güni şahyr duşuşyga geldi. Kerim aga bilen alşylan sorag-jogap has-da gyzykly boldy. Şonda mugallymlaryň biri şahyra şeýle sowal berdi:

— Kerim aga, siziň «Ýazmasy agyr düşen goşgy» diýen örän meşhur eseriňiz bar. Şondaky beýan edilýän waka, hakykatdanam, durmuşda bolan wakamy ýa döredijilik toslamasymy?

Şahyr:

— Hakykatdanam, durmuşda bolan waka — diýip, oňa gysgaça hem kesgitli jogap berdi. Oturanlar: «Mümkin bolsa, şol goşgyňyzy okap beräýseňiz» diýişdiler.

Kerim aga:

— Adamlar, «Ýazmasy agyr düşen goşgynyň» okamasam agyr — diýdi-de, köpüň haýyşy boýunça ony hiç kimiňkä çalym etmeýän labyzly, owazly sesi bilen okap berdi. Goşgyny şahyryň özi okanda, diýseň üýtgeşik bolýan eken.

Duşuşykdan soňra meşhur şahyrymyz bilen üýşüp düşen suratymyzy mahal-mahal synlanymda, Kerim aganyň labyzly sesi gulagymda ýaňlanyp giden ýaly bolýar.

* * *

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew bilen ilkinji gezek 1983-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirilen ýaş

ýazyjylaryň maslahatynda ýüzbe-ýüz bolmak miýesser etdi. Şahyr bilen 1990-njy ýylyň dekabrynda Maryda geçirilen ýaş ýazyjylaryň maslahatynda ikinji gezek duşuşdym. Myhmanhanada bile bolduk. Okyjylar bilen gündizki duşuşyklardan soň, agşam meniň bolýan otagyma halypa ýazyjy-şahyrlar, ýaş şahyrlar ýygnandylar. Olardan Atamyrat Atabaýewiň, Kakabaý Gurbanmyradowyň, Anna Paýtygyň beren gyzykly gürrüňleri, okan goşgulary ýatdan çykar ýaly bolmady. A. Atabaýewiň «Uçup gitdi Horasanyň durnasy» atly goşgusyny joşup okaýşy oturanlara uly täsir etdi.

2017-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çärelere şahyr bilen bile gatnaşdyk. Şahyrlaryň biri ýadygärlik surata düşmegi teklip etdi. Birdenkä, Atamyrat aganyň dakynyp gelen äýneginiň bir gözüniň ýokdugyna gözümiz düşdi. Gaçyp galanyndan habary ýok bolmaly. Oglanlaryň biri:

— Şahyr aga, äýnegiňiziň bir gözi ýok-la — diýdi. Olam:

— Aý, oglanlar, bir kirişli dutar bilen a:t alan bagşy-da bar. Näme bir göz bilen başymyzy çarap bilmez öýdýäňizmi? — diýip ýylgyrdy. Görüp otursak, gözüne ýara çykansoň, äýnek dakynan eken.

Ol şol gezek özüniň gülküli, degişmeli gürrüňleri bilen hezil beripdi.

* * *

Zehinli şahyr Gurbanýaz Daşgynow 1981-nji ýylyň 22-nji maýynda Garadepe obamyza myhmançylyga geldi. Şahyr bilen tanşanymyzdan soňra, sözümiz alşyp gitdi. Ol maňa:

— Meniň adymyň içinde-de Gurban sözi bar. Seniň adyňda hem şol söz bar eken. Şonuň üçinem men saňa atdaş diýäýeýin — diýdi-de, obanyň gündogaryndaky depeleri görkezip, sözüni dowam etdi. — Atdaş, baharyň jana tenekar howasynda şol depeleriň üstünde biraz oturaly.

Şahyryň islegini ýerine ýetirdim. Hazar deňzi tarapdan öwüsýän salkynjak şemal jana lezzet berýärdi. Görnükli şahyrymyz töweregini nebsewürlik bilen synlap durşuna ýene maňa ýüzlenip:

— Atdaş, edebi döredijilik bilen meşgullanýan ekeniň. Hany, goşgy okasana! — diýdi.

Men degişme bilen:

— «Myhman — ataňdan uly» diýipdirler — diýdim.

Şahyr oba gelende, «Hazaryň salkyn şemaly» atly goşgusyny döredendigini aýdyp, ony uly joşgun bilen okap berdi. Menem öz gezegimde bir goşgy bilen 2-3 bent aýdyp berdim. Onuň aýdan goşgusyny ýazyp almandygyma soň ökündim. Ol maňa goşgy ýazmak üçin köp okamalydygyny, irginsiz öwrenmelidigini, ýogsam döredijilikden ýüz tapaýmagyň kyndygyny öwran-öwran ýaňzytdy. «Ussada» diýen goşgusyny okap berdi:

Goşgynyň iline düşeniň bilen,
Ýüz tapaýmak kyn ekeni goşgudan.
Ozallaram az bolmandyr bu ilde,
Goşgy öýne giribilmän boş giden.

«Menem boş gitjekleň biri bormukam?!»
Ine, meniň ýüregimiň sanjysy.
Näme gamçy ursaň özüň ur, ussat,
Degmez ýaly soňra iliň gamçysy.

Men döredijilige täzeräk başlandygymy aýtdym. Ol:

— Ruhdan düşmeli däl. Gaýtam sen 7-8 sany goşgyňy ber. Men «Sowet edebiýaty» žurnalynda işleýärin. Goşgularyňy alyp gideýin. Belki, çap ediler. Ýöne žurnalyň şygryýet bölümine şahyr Mämmet Seýidow ýolbaşçylyk edýär. Onuň goşgulary hiňlenip okaýmasy bar. Hiňlenmä gabat gelmese, eliniň tersi bilen zyňaýmasam bar — diýdi.

Goşgularymdan 7-8 sanysyny bersem-de, uly alada galdym. Bolsa-da şolardan «Sähram» atly ýekeje goşgym žurnalyň 1982-nji ýylyň 5-nji sanynda çap edildi. «Näme-de bolsa, bir goşgym ussat şahyra ýarapdyr-ow» diýip şükür etdim.

Gurbanmämmet Söýünjow,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 06.06.2024

Tmpedagog