31.05.2024 Gollanma84

Halypa


Ömrüni dil bilimine bagyşlan, dilçi alym Haýdar Muhyýewiň ylmy döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan kärdeşlerimiziň biriniň aýdanlary mende örän üýtgeşik täsir galdyrdy. Haýdar mugallymyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň sözlügi» atly kitabyny elimde gören kärdeşim bilen gürrüňimiz dilçi, edebiýatçy alymlar barada dowam etdi. Şonda ol Haýdar Muhyýewiň uzak ýyllaryň dowamynda metbugatda çap edilen makalalaryny, neşir edilen kitaplaryny okap çykandygyny, olaryň ählisinde Magtymguly Pyragynyň adynyň hökman getirilýändigini aýtdy.

Men bu sözleriň täsiri bilen ýene-de Haýdar Muhyýewiň taýýarlan sözlüginiň sahypalaryny agdaryşdyryp ugradym. Şondan soň awtoryň Magtymguly Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azada: «Halypanyň halypasy» diýip ýüzlenişi-de üýtgeşik göründi. Awtoryň okyjynyň öňüne düşüp, Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň dünýäsine ýolbeletlik edişi-de başgaça täsir etdi. Ussadyň eserleriniň diline düşünmekde özi gidensoňam kömek edip ýörjek kitaby bize ýadygärlik galdyryp gidendigi üçin halypa öz ýanymdan hoşallyk bildirip oturyşyma, Haýdar mugallymyň Aman Kekilow, Hydyr Derýaýew, Nurberdi Pomma, Ata Salyh, Berdi Kerbabaýew, Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew ýaly dil-edebiýat äleminiň ägirtleri bilen geçilen söhbetli menzillerini göz öňüme getirjek boldum. Ýöne ol menziller göz ýetirerden has alys göründi. Olara göz ýetirmek üçin ylymlar dünýäsine has içgin aralaşmalydygyma düşündim.

Haýdar Muhyýewiň kitaplaryndan ilkinji gezek elime düşeni «Iki gudrat» atly kitap bolupdy. Onda Magtymguly Pyragy hem-de Magtymguly Garlyýew baradaky iki sany hekaýa ýerleşdirilendi. Kitapdaky «Hoşlaşyk» atly hekaýany okanymda, awtoryň Magtymguly Pyragynyň dünýäsine şeýle beletlik bilen aralaşyşyny öz ýanymdan belläpdim. Soň görüp otursam, bu eser awtoryň akyldar şahyryň dünýäsine çeper edebiýatyň üsti bilen ilkinji gezek aralaşmaga synanyşygy ekeni. Hekaýany gaýtadan okap çykdym. Soňam: «Haýdar aga Magtymguly Pyragy barada has uly eserleri näme üçin ýazmadyka? Ol şeýle edenliginde nesillere uly ýadygärlik galdyrardy» diýip pikir etdim. Sebäbi uzak ýyllaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýäsinde ýaşan ynsanyň beýan edişiniň üýtgeşik boljagy görnüp dur.

Halypa düşünjesi halkymyzda örän belent saýylýar. Edil sungat adamlarynda bolşy ýaly, haýsydyr bir ussady özüňe gaýybana halypa saýmak mugallymçylyk käriniň eýelerinde-de ir wagtlardan bäri ýörgünli bolupdyr. Häzirem biz ussadyň ýazan eserlerinden, ylmy işlerinden sapak almagymyzy dowam etdirýäris. Haýdar Muhyýew ýaly meşhur dilçileriň Magtymguly Pyraga hemişe ylym ussady, halypasy hökmünde garandygy baradaky gürrüňlere, ýazgylara kän gabat gelipdik. Görüp otursak, olaryň şeýle etmegi geljekki nesiller üçinem halypa hormat goýmagyň mekdebi ekeni. Özleriniň halypalary saýmak bilen ýazyjy-şahyrlar dana Pyragyny döwürler içre ýaşadyp gelipdirler. Şeýdibem biziň günlerimize setirleriniň şol ilkibaşlangyç terligi bilen getirmegi başarypdyrlar. Şonuň üçinem Haýdar Muhyýew ýaly ussatlaryň atlary bu toprakda hemişe ýatlanar. Ussadyň kitaplaryndaky ylmy dilde berýän sapaklaryndan başga-da, ol barada okaýan zatlarymyzdan öwrenýänlerimizem biz üçin mekdep. Onuň iň uly mekdepleriniň biri-de Magtymguly Pyragynyň, onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň pähim hazynasyny ýüregimizde ýaşadyp, ol baýlygyň geljekki nesillere ýetirilmegine goşant goşmalydygymyz baradaky ylmy dildäki sargytlarydyr.

Bahargül ANNAGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
7-nji orta mekdebiň türkmen dili we
edebiýaty mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 31.05.2024

Tmpedagog