31.05.2024 Gollanma163

«Söý sen, Sähraýüzlim...»


Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasow daýhançylyk käri, daýhanlaryň häsiýetleri, oba durmuşy barada ýazmakda meşhurlyk gazanan şahyrdyr. Onuň ýüregi oba adamlary bilen deň gopýar. Daýhançylyk käriniň ata-baba miras bolup galany üçinmi ýa «Topragy söýmek — Watany söýmek» diýen pikire uýanlygy üçinmi, ol ähli goşgularyny ýer, daýhan, suw, halal zähmet, hasyl ýygnamak bagty ýaly düşünjeler bilen baglapdyr. Şahyryň «Söýgi» goşgusynda liriki gahryman aşyk ýigit, magşugy bolsa ene toprak:

Aýt, özüm bilerin bar galanyny,
Ýakdyňmy kä depäň, kä dabanyňy.

Diýmek, hakyky dost Günüň howrunda zähmet çekýän, zähmetde taplanan adam bolmaly. Şahyryň giň sähralara, ýaşyl öwüsýän baglara, tebigata söýgüsi has çuňdan. Çünki ol aýalyna-da «ezizim» ýa-da «janym» diýäýmändir, «Sähraýüzlim» diýipdir:

Sähraýüzlim, gondur meniň başyma
Kuwwat berýän söýgi atly nur guşy.
Şirinim sen, köýüň bilen dag ýaryp,
Perhatlarça söýüp ýörün durmuşy.

Onuň «Diýýän-le», «Şonuň üçin», «Ne derdim bar», «Bir täsin» ýaly goşgularynda hem aýalyna bolan söýgüsi topraga, Zemine bolan söýgi bilen utgaşyp gidýär:

Çyn jomart ekeni, jomart ekeni,
Maňa unan ykbal sen gülälegi.
Husnuň toprak bilen baglady meni,
Al köýnegiň — sähranyň bir bölegi.

Seniň kamatyňdan uzakda güller,
Sen kemal berýärsiň güle nur çaýyp.
Sensiz bigörk galar bu atyz-peller,
Sen juda ajaýyp, juda ajaýyp.

«Sensiz bigörk galar bu atyz-peller». Edebiýat meýdanynda hiç kimiňkä meňzemeýän täzelik — durmuş hakykaty bu. Daýhan ýigidiň ýary diňe bir öýde däl, eýsem, atyz-çilde hem onuň hemdemi, ýardamçysy, güýjüne güýç, hasylyna bereket goşýan höwri.

«Meniň söýgim» atly goşgusynda şahyr öz söýgüsini giden bir ummana deňeýär, ony dünýäde hiç bir zadyň gozgap, kemip bilmejekdigini ýazýar. Ýöne ýarynyň ýekeje gezek çytylmasy ýa öýkelemesi bilen, şol ummanda gaý-harasatyň turýandygyny, ýüreginiň edil gomlaryň gujagyna düşen sal ýaly urunýandygyny, bu harasaty köşeşdirmäge özüniň ejizdigini, diňe aýalynyň öýkeden ýazylmagy, ýekeje sapar gülmegi bilen ýüregini halas edip biljekdigini ýazýar.

Adatça, gelin-gyzlary öýkeden açmagyň iň ýörgünli usuly gül sowgat bermek, emma Kakabaý Ylýasowyň goşgularyny okaňsoň, gül ýolmak gödeklik ýaly, tebigata zeper ýetirmek ýaly duýlup dur:

Ýok, saňa güldesse alyp gelmedim,
Ýolmaga dözmedim sähraň güllerin.
Seniň deý ezizdir bu sähra maňa,
Näzik tene dözmez meniň ellerim.

Hawa, gül ýaly ezizläp, apalap söýýän sähra ýüzli ýaryna bagyşlap ýazan «Aýalyma» atly goşgusynda şahyr şeýle diýýär:

Bile gadam basyp durmuş ýoluna,
Gül ýar, söýgimize ganat bereli.
Topragyň üstünde dirikäk häli
Ykbalda nä bolsa, bile göreli.

Kakabaý Ylýasow öz saýlan ýaryna duşurandygy üçin «Bir täsin» atly goşgusynda ykbala sahy, jomart diýip buýsanýan bolsa, «Erkim elden gidip» goşgusynda:

Duýdansyz duşuşyp kalbyma sütem
Berseň-de, dünýäde belentdir başym.
Bu ajap ykbala hemişe gurban,
Sen meniň, men bolsa seniň ýoldaşyň —

diýmek bilen, ykbala ýene hoşallygyny mälim edýär.

Öz ýanýoldaşyndan göwnühoşluk, oňa minnetdarlyk öz-özünden döreýän zat däl, elbetde. Aýalynyň myhmansöýerligi, güler ýüzlüligi, öýüniň arassalykdan ýaňa gül ysyny ýaýradyp durmagy, gap-gaçlaryň tämizligi, goş-golamlaryň serenjamlylygy, çagalarynyň enäniň göreldesine eýerip, özlerini tertipli alyp barmaklary şahyryň özüni dünýädäki iň bagtly adam saýmagyna getirýär. Bu öwgüler diňe bir oba adamlarynyň dilinden eşidilmän, eýsem, ýurdumyzda tanalýan atly bagşydyr ýazyjy-şahyrlaryň hem ýatlamalarynda bar bolan zatlar. Tutuş ömrüni diýen ýaly Boldumsaz etrap medeniýet öýüniň müdiri wezipesinde işläp geçiren Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowyň öýüne Gurbannazar Ezizow, Gowşut Şamyýew, Atamyrat Atabaýew, Berdinazar Hudaýnazarow ýaly söz ussatlarynyň ençemesiniň gelendigini çagalary uly buýsanç bilen ýatlaýarlar. Şeýle uly hormata mynasyp myhmanlaryny güler ýüz bilen garşylap, süýji-süýji tagamlar bilen hezzetläp alkyş baryny alan Bibi ejä şahyr Kakabaý Ylýasow ýürekden buýsanýandygyny «Eý, jan!» goşgusynda şeýle tekrarlaýar:

Baş egýärin öz bagtymyň öňünde,
Sen neneň mähriban, eý, halal ojak!
Nähili güýç barka mapraç gelinde,
Lowurdap dur eli degen gap-gajak.

Ýaýlada gezýän dek duýýan özümi,
Müşki-anbar ysyn saçýan otagda.
Men tapyp bilemok diýjek sözümi,
Sözler gözellikden ejiz bu çagda.

«Bu zatlar, bu zatlar» goşgusynda şahyr «hemme zat wagtlaýyn, bahar, tomus gutaryp, güýz geler, ýapraklar önüp-ösen şahalaryny terk eder, gülgün öwsüp, bark urýan toprak uka gider, emma bu zatlar ömrümizde näçe ýyllar gaýtalansa-da, kalbymyzyň söýgüden boşap galmagyna sebäp bolup bilmez» diýýär. Goşgyny şeýle setirler bilen jemleýär:

Ýapraklar gaýyp dur...
Ýaplar kesilýär...
Bu zatlar, bu zatlar bolmaly zatdyr.
Söý sen, Sähraýüzlim, teý-ahyrynda,
Garasaý, bu ömür bize-de ýatdyr.

Ýaz göwünli şahyr Kakabaý Ylýasowyň we onuň ýanýoldaşy Bibi gelnejäniň agzybirlikde, sylag-söýgi bilen ýaşaşan ömür ýoly soňky nesiller üçin maşgala mukaddesliginiň nusgasy hökmünde görelde mekdebidir.

Aýgül NAZAROWA,
Boldumsaz etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 31.05.2024

Tmpedagog