31.05.2024 Gollanma302

Bagtyýarlyk gujagynda


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen sözleri ajaýyp zamanamyzyň beýanydyr. Çünki bu günki gün Garaşsyz Diýarymyz her bir ynsanyň çagalykdan başlap ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýä ýüzünde bellidir. Munuň özi ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän işleriň datly miwesidir.

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda çagalaryň bilimli, edepli-ekramly, ynsanperwer, watansöýüji, hünär taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döredijilik ukyplarynyň açylyp görkezilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çaganyň hukuk gatnaşyklaryny sazlaýan düzgünler «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Maşgala Kodeksinde we beýleki hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) agzasy bolan Türkmenistanda bagtyýar nesillerimiziň tomusky dynç alşyny deň-duşlary bilen sport çäreleriniň, aýdym-sazyň, ylym-bilimiň dünýäsinden daşlaşman, täsirli geçirmekleri üçin Gökderede, Awazada, welaýat, etrap merkezlerimizde gurlan Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýokary derejeli şertler döredilendir.

Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.

Bagtyýar çagalarymyzyň durmuşynda emele gelen özgerişlikleriň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny hem buýsanç bilen ýatlaýarys. Bu gazna dürli sebäplere görä ene-atadan mahrum bolan çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna, durmuşda öz ornuny tapmagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäç çagalaryň aýaga galmagyna gönükdirilen haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi hem howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek babatdaky işleriň ilerlemegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Bu bolsa ata-babalarymyzdan gelýän sahawatlylyk ýolunyň täze röwüşde rowaçlanýandygyny görkezýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni has-da özboluşly röwşe eýe bolar. Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde guralan «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşigiň jemi jemleniler. Bu bolsa göwni sungata höwesli çagalaryň ençemesiniň arzuwlarynyň hasyl bolýan menzillerine tarap ýetmäge täze güýç berjek ylham ganatyny edinjekdigini aňladýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamynda ilkinji gezek geçirilýän şeýle bäsleşikleriň geljekde-de sanynyň köp boljakdygyna biz, mugallymlar bolup, tüýs ýürekden ynanýarys. Çünki çagajyklarymyzyň dünýäniň çar künjünde geçirilýän sport, sungat, ylym-bilim... bäsleşiklerinden getirýän hoş habarlary olaryň özleri barada yzygiderli edilýän alada-goldawlardan ruhlanýandygynyň miwesidir.

Çagalarymyzyň her gününi şatlyk-şowhuna besleýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Täzegül ÖWEZALYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 31.05.2024

Tmpedagog