22.01.2023 Gollanma110

«Gaş wesmeden suw içer»


Tebigatyň melhemlik häsiýetli ösümlikleriniň biri bolan wesme dünýäniň dürli künjeklerinde duş gelýär. Ondan alynýan önümi gadymy döwürlerde gelin-gyzlarymyz owadanlyk üçin gaşlaryna we kirpiklerine çalypdyrlar. Ondan halk lukmançylygynda ençeme kesellere derman hökmünde hem peýdalanylypdyr. Gündogar halklarynda wesmäniň suwy bilen ösümlik ýagy gaýnadylyp alynýan melhem babasyl we göniiçege kesellerini bejermekde ulanylypdyr. Wesmäniň dänesi hem peýdalydyr. Tebipler göz damarlarynyň sowuklap, gözüň ýaşarmagynda wesmäniň dänesiniň bal bilen garyşdyrylmagyndan taýýarlanýan melhemi maslahat beripdirler. Mundan başga-da, wesmäniň suwy bilen arpa ununyň garyndysy sarylama keseline duçar bolanlaryň ýüzündäki gyzyl düwürtikleri aýyrmakda peýdalanylypdyr. Lukman Hekim «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda wesmäniň adam saglygyna peýdasyny giňişleýin beýan edipdir. Wesmäniň düzümindäki peýdaly maddalar deridäki öýjükleriň işjeňligini kadalaşdyrýar. Wesme gaş-kirpikleriň dökülmeginiň öňüni alýar. Oňa halkarasynda «niloty» hem diýilýär. Sebäbi ondan nil, ýagny gök reňk hem alnypdyr. Abu Reýhan Birunynyň eserlerinde «wesme» sözüniň «gözellik», «owadanlyk» diýen manysynyň bardygy hakynda aýdylýar.

Duşambaý ZIÝATOW,
Şabat etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 19.01.2023

Tmpedagog