22.05.2024 Gollanma69

Aşgabat — parahatçylygyň we dostlugyň şäheri


«Ýurt paýtagtyndan tanalar» diýen aýtgy asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Çünki öňden-ahyra paýtagty ýurduň ýüzi, halkyň medeni derejesiniň görkezijisi hasaplapdyrlar. Haýsydyr bir ýurtdan ýat ile baran adam, ilki bilen, paýtagt şäheri synlapdyr. Şonda gören zatlary boýunça-da şol ýurda, onuň halkyna baha beripdir. Paýhasly pederlerimiziň «Myhman az oturar, köp synlar» diýişleri ýaly, bu häzirki döwürde-de şeýle. Bir tapawudy, tehnologiýa ösüp, «demirler asmanda ganat baglap uçýan» döwründe çet ýurtly myhman heniz şähere gadam goýmanka, ýagny uçardaka onuň aýnajygyndan paýtagt şäheri içgin synlap başlaýar. Şonda onuň özi duýmazdan, aňynda paýtagt hem onuň halky baradaky ilkinji garaýyşlary şineleýär.

Paýtagt şäher baradaky şeýle garaýyşlaryň uçar pessaýlap ugran halaty kellelerini onuň tegelejik aýnajygyndan çykaraýjak bolup Aşgabady synlaýan daşary ýurtly myhmanlarda hem döreýändigi bellidir. Ýöne şonda Gün nuruna ýalbyrap görünýän süýt reňkli mermer paýtagtymyzyň öz aklygyndan islendik myhmanyň kalbyna nur çaýýandygy hem şübhesiz. Bu bolsa, turuwbaşdan, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat şäheri barada her kimde ýakymly duýgulary oýarýar. Şeýle diýip ynamly aýtmagymyza paýtagtymyza gelýän çet ýurtly alymlardyr işewürler, syýasatçylardyr syýahatçylar bilen söhbetdeş bolanymyzda, olaryň uly hoşallyk bilen zybana getirýän buýsançly kelamlary doly esas berýär.

Özüniň gözelligi, kamys deýin aklygy, halkyň niýeti kimin päkligi bilen hemmeleriň ýüreginde ýakymly duýgulary oýarýan döwletimiziň paýtagty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýylsaýyn däl, aýsaýyn görklenýär hem-de çägi giňelýär. Netijede, bu günki gün kaşaň köşkler toplumlary, ak mermerden belent ymaratlary, göni we giň köçeleri, ajaýyp seýilgähleri, ýaşyl baglarydyr al-elwan gülleri, täsin suw çüwdürimleri, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, döwrebap estakadalary... bilen hemmeleri haýrana goýýan Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolup, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryna goşuldy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk taslamalary netijesinde, paýtagtymyzda giň gerimli dizaýnerçilik çözgütleri ornaşdyrylyp, göreniň nazaryny egleýän ençeme binalar peýda boldy. Özi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan Aşgabadyň aýry-aýry binalarydyr desgalarynyň hem birnäçesi dünýäde taýy bolmadyk täsinlikler hökmünde bu kitaba girizildi. Olara mysal hökmünde öz döwründe dünýäniň iň beýik flagştogy hökmünde jahana ýaň salan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütünini, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri oturdylan suw çüwdürimler toplumyny, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezini, «Älem» medeni-dynç alyş merkezini, Aşgabadyň Halkara howa menzilini, Olimpiýa şäherçesindäki Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbini, Olimpiýa suw sport toplumyny görkezmek bolar.

Dogrusy, gözel paýtagtymyz Aşgabatda bulardan başga-da Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizmäge mynasyp binalardyr desgalar barmak büküp sanardan kän. Täsin binagärlik gurluşy bilen haýrana goýýan «Bagt köşgi», «Welosiped» binasy, «Garagum» myhmanhanasy, dünýäde şahyryň hormatyna gurlan iň beýik heýkel hökmünde at aljak Magtymguly Pyragynyň şu ýylyň 17-nji maýynda dabaraly açylan 60 metrlik belent heýkeli we başga-da birnäçe gözellikler özüniň dizaýnerçilik aýratynlygy bilen bu kitaba girizilmäge mynasyp täsinliklerdir.

2014-nji ýylda paýtagtymyzyň merkezinde gurlan, beýikligi 25 metre barabar bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly bina hem diňe bir dizaýnerçilik aýratynlygy taýdan däl, eýsem, mazmun taýdan-da üns bererlikdir. Çünki onuň ýokarsyndaky Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary Aşgabadyň bitarap döwletiň paýtagtydygyny, parahatçylyk merkezidigini bütin Zemine äşgär edýär. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: «Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi». 2021-nji ýyldan bäri, her ýylyň 25-nji maýynda ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinde «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň gününiň» bellenilmegi hem şol ykrarnamanyň netijesidir.

Ak mermere beslenen Aşgabadyň diýseň täsin, hersi biri-birinden tapawutly, milli öwüşginli binalarydyr desgalary bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi hem onuň aýdyň güwäsidir. Şeýle buýsançly ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyzyň abadan, rahat hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdiren döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijesidir.

Häli ýatlap geçişimiz ýaly, Köpetdagyň gözel gerşinde dünýä akyldary — türkmen danasynyň belent heýkeliniň hem-de şol ýerde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, ýaşyl bagly, owadan suw çüwdürimli seýilgähde dünýäniň meşhur akyldarlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň 24 sanysynyň heýkeliniň oturdylmagy giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken taryhy waka boldy. Çünki Gündogaryň we Ýewropanyň meşhur şahsyýetleriniň türkmen topragynda bir supranyň başyna jemlenmegi Magtymguly atamyzyň bütin adamzadyň parahatçylykda birek-biregi bilen il bolup ýaşamak baradaky pikirleriniň, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň dabaralanmasydyr. Paýtagt şäherimiziň dizaýnerçilik keşbine özboluşly gözellik çaýýan bu toplum indi öz watandaşlarymyzyň hem-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler.

Bulardan başga-da, durky düýpli täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň hem-de Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesi bilen Atamyrat Nyýazow şaýolunyň aralygyndaky suw çüwdürimler toplumynyň paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşjakdygy bellidir. Edil şonuň ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýakyn günlerinde Aşgabatda açylmagy meýilleşdirilýän «Dokmaçylar» medeni merkezi, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, «Parahat-7» ýaşaýyş toplumyndaky 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga we beýlekiler hem merjen şäherimizi, hem-de raýatlarymyzyň göwünlerini gülleder.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, ylym-bilim edaralary, lukmançylyk merkezleri, sport we medeni-durmuş ähmiýetli desgalar yzygiderli gurulýar. Bina edilýän desgalarda ata-babalarymyzdan gelýän milli usullary dünýä ylmynyň we binagärliginiň iň soňky gazananlary bilen utgaşdyrmak arkaly ajaýyp sazlaşyk emele getirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» tutuş ýurdumyz bilen birlikde, gözel paýtagtymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Merjen şäherimizde gurulýan binalardyr desgalar diňe bir daşky aýratynlygy bilen däl, eýsem, ýokary hil derejesi we gurluşyk kadalarynyň ähli talaplaryna laýyk gelýändigi bilen-de tapawutlanýar. Olaryň ýanaşyk çäkleriniň arassalygyna, amatly gurşawa eýe bolmagyna hem uly üns berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şähergurluşyk işlerini daşky gurşawyň abadançylygy bilen utgaşdyrmak arkaly häzirki zaman sazlaşygyny özünde jemleýän ajaýyp şähere öwrüldi. Soňky ýyllarda Aşgabatda we onuň töwereginde ekologiýa taýdan daşky gurşawa zyýansyz senagat kärhanalarynyň, dürli maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy netijesinde, paýtagtymyz ösüşiň täze sepgitlerine eýe boldy we sebitiň möhüm syýasy, ykdysady, medeni, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Baş şäherimiziň töweregini gurşap alan tokaý zolaklary, täze gurlup ulanmaga berilýän seýilgähler, ak mermere beslenen binalaryň töwereginde, ýollaryň, ýanýodalaryň eteginde dürli baglara, al-elwan güllere beslenen zolaklar arassa howa gurşawyny emele getirmek bilen birlikde, adamlara ruhy lezzet eçilýär.

Her ýylyň ýaz we güýz paslynda köpçülikleýin bag oturtmak dabaralary geçirilip, mermer paýtagtymyzyň töwereklerinde aňyrsyna göz ýetmez tokaý zolaklary döredildi. Bu bolsa baglar şäheri paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygyny, amatly howa gurşawyny emele getirip, ilatyň saglygyna-da, ýaşyl baglyga bürenen Aşgabadyň owadanlygyna-da, arassalygyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamany bermegi hem gözel paýtagtymyzyň baglar şäheridiginiň halkara giňişliginde ykrar edilmesidir.

Ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde gözel paýtagtymyz Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen güni bolan 25-nji maý her ýyl halkymyz tarapyndan Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisi guralýar. Ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri, dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri bütin aýdyňlygy bilen beýan edýän ol sergi halkara hyzmatdaşlygyny has ösdürip, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrýar.

Paýtagt şäherimiziň güni mynasybetli dabaralaryň giň gerim alan mahaly türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, ýurdumyzyň ýüregi gözel Aşgabadymyz mundan beýläk-de gülläp ösüp, parahatçylygyň we dostlugyň merkezi hökmündäki bütindünýä şöhraty has-da belende galsyn!

Döwran GELDIÝEW,
Aşgabat şäheri.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 22.05.2024

Tmpedagog