22.05.2024 Gollanma97

Türkmen halysy — gözelligiň nusgasy


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza, gadymdan gelýän medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle ajaýyp gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halysy ene-mamalarymyzyň döredijilik zehininden, irginsiz zähmetinden kemala gelendir. Bu ajaýyp gözellik dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis sungatdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli medeniýetimiz ösdürilýär we dünýäde giňden wagyz edilýär. Häzirki döwürde halkymyzyň döreden gymmatlygy dünýä ýaýylýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi nepis halylarymyzyň dünýäde uly gyzyklanma eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Şonuň üçin hem bu ajaýyp sungata biziň her birimiz buýsanýarys, ýaş nesle bu miras hakynda düşünje berýäris, milli ruhda terbiýeleýäris.

Türkmen halysy özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köpasyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada irki asyrlarda alymlaryň, syýahatçylaryň ýatlamalarynda, golýazma kitaplarynda duş gelmek bolýar. Bu ýazgylar ýa-da kitaplardaky ýatlamalar türkmen halysynyň irki döwürlerden bäri dünýä halklarynyň üns merkezinde saklanyp galandygyny aňladýan hakykatdyr.

Türkmen halylarynyň reňki hakynda aýdanyňda, olary köp ýyllaryň synagy hem solduryp bilmändir. Dogrudan-da, halyçylar haly dokamak üçin ýüň saýlanlarynda, egrenlerinde inçelik bilen zähmet çekipdirler. Bu bolsa halynyň nepisligini üpjün edipdir. Çitim ýüplükleri, esasan, ýerli ösümliklerden taýýarlanylan boýaglar bilen reňklenipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary halkymyzyň medeni mirasynda halyçylyk sungatynyň özboluşlylygynyň ösüşini dünýä derejesine çykardy. Bu kitaplar özünde nepisligiň, owadanlygyň milli häsiýetini jemleýär. Nepisligi, owadanlygy özünde jemleýän türkmen sungaty baý hem köpdürlüdir. Olar halydyr haly önümleriniň dürli görnüşlerini öz içine alýar. Halk sungatynyň içinde has baýlaşany we öseni halyçylyk senedidir. Ol irki döwürlerden bäri dünýä meşhur bolmak bilen, öz şöhratyny häzire çenli saklap gelýär. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmen zenany hiç bir akademiýadan ders alman, öz paýhasyna, zehinine daýanyp, sungat döretmegiň ussadyny ykrar etdirýär. Ile nusga galdyrýar. Özi-de şol nusgalary asyrlarboýy kämilleşdirip gelmegiň özüniň borjudygyna kemsiz ynanýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, türkmen zenanynyň zähmetiniň netijesinde ajaýyp we nepis gözellik emele gelýär. Bu sungat halkymyzyň milli medeniýetinde hem, gadymdan gelýän mirasynda hem aýratyn orny eýeleýär.

Türkmen halysy hakynda ençeme rowaýatlar döredilipdir, şahyrlar goşgular düzüpdir. Şeýle ajaýyp gözelligiň waspy dilden dile, ilden ile ýetirilipdir. Hala salnan nagyşlar ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň duýgularynyň beýany, yhlasynyň miweleridir. Bu nagyşlar gelin-gyzlarymyzyň özboluşly, owadan dünýäsiniň şöhlelenmesidir. Ussat zenanlar dokan halylarynyň nagyşlary hökmünde ata Watanymyzyň gözel tebigatyny, ajaýyp ösümlikdir haýwanat dünýäsini, öz yrym-ynançlaryny ussatlyk bilen suratlandyrypdyr. Eli çeper gelin-gyzlaryň päk arzuw-hyýallary, söýgüsi, yhlasy siňen nepis halylar özboluşly gözellik dünýäsiniň beýanydyr.

Halyçylaryň gürrüň bermegine görä, gadymy türkmen halylarynyň dokalyş hem-de ýüplükleriniň taýýarlanyş usuly, hemişe bolşy ýaly, häzirki wagtda-da köpler üçin elýetmez bolmagynda galýar. Häzirki döwürde-de özleri egrip, boýap, haly dokaýan maşgalalar az däl. Olar ilki ýüňi arassalap, soň ony saýgylaýarlar, darakdan geçirip, pişge edýärler, pişge edilen ýüňleri ik bilen egrip, ýüplük taýýarlaýarlar. Şol ýüplüklerden kelep taýýarlap, ony boýaýarlar. Şeýlelikde, bir halyny dokamak üçin uly işler alnyp barylýar, yhlas siňdirilýär. Bu bolsa halynyň gözel hem-de nepis bolmagynda aýratyn orun tutýar.

Halkymyzyň milli guwanjy bolan halylar milli medeniýetimizi öwrenmekde, milli mirasymyzy wagyz etmekde ajaýyp gymmatlyk bolup durýar. Bu ajaýyp we nepis sungatda türkmen halkynyň milli mirasyny görmek bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu milli medeniýetimizi öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli medeniýetimizi öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň
okuw işleri boýunça orunbasary.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 22.05.2024

Tmpedagog